Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da, köpugurly görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. 2009-njy ýylda döredilen bu halkara guramasynyň düzümine Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy girýär. Türki dilli ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökleriň, medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzir bu hoşniýetli däpler täze dowamata hem-de mazmuna eýe bolup, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňyn şertleri döredýär. Onuň binýadynda bolsa hoşniýetli erk, egsilmez mümkinçilikler hem-de öňegidişlige we gülläp ösüşe umumy maksatlar durýar.