Bu gün dünýäň nazarynda Awaza
Merkezi Aziýa dünýäniň aýrylmaz bir bölegi bolsa, Türkmenistan ýurdumyz Merkezi Aziýa döwletleriniň ygtybarly we durnukly hyzmatdaşydyr. Muňa ýurdumyzyň iň bir gözel künjekleriniň biri bolan Awazada geçiriljek giň möçberdäki çäreler we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem doly şaýatlyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde Gahryman Arkadagly ýurdumyz, dünýä ähmiýetli duşuşykdyr çäreleriň geçirilýän mesgenine öwrülen Awaza toý donuny geýdi. Hazar deňzi — ykdysady ösüşleriň gözbaşynda durýan, dünýä çykarýan, maksatdyr arzuwlary, ýürekleri bir bolan halklary birleşdirýän we bir saçagyň başynda jem eýleýän deňiz! Mahlasy, baýlyklaryň mekany bolan bu deňiz hakynda aýtmaga hem-de guwanmaga zat diýseň kän!..