«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli möhüm wakalaryň birbada altysynyň geçiriljek güni barha ýakynlaýar. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti hem bar. Adyna üns beriň: dabaraly baýramçylyk konserti. Eýýäm şundan görnüşi ýaly, sebitiň ýurtlary bu uly çärelere doly taýýarlykly barýarlar. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem, sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumynyň hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň milli önümleriniň halkara sergisiniň hem, Merkezi Aziýa halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalynyň hem örän guramaçylykly geçiriljekdigini, netijeli boljakdygyny arkaýyn aýtsa bolar.
Hawa, bu çäreleriň hatarynda bilelikdäki dabaraly baýramçylyk konsertiniň aýratyn ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýär. Diýmek, medeniýetler sözleşende, köňüller birleşýär. Onsoňam, bu bäş döwletiň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň halklary asyrlaryň dowamynda dost hem dogan bolup ýaşaşyp gelendirler. Olary biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşdyrýan çuň kökler bar. Ol kökler köp müňýyllyk taryhy, garyndaşlygy hem goňşuçylygy, ýene iň esasy zat — ruhy birligi, diýmek, ynançlaryň hem garaýyşlaryň, ylymlaryň hem sungatlaryň birligini, eriş-argaçlygyny yzarlap gaýdýandyr. Şu ýyl öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän bu döwletleri ýakyn geçmişdäki ykballaryň birligi, ine, indi bolsa garaşsyz ösüşiň, özgerişiň hatyrasyna özara gyzyklanmalaryň ýakynlygy hem birleşdirýär. Geçmişiň has alyslyklaryndan şu güne ýeten, geljege uzaýan bu ýakynlyklar babatda aýdara şeýle bir zat kän, baryny diýmäge uly-uly ylmy işler, uly-uly kitaplar gerekdir.