"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris. Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir. Ähli üstünliklerimiziň, beýik ösüşlerimiziň aýdyň ýoludyr.

Garaşsyzlyk dilde senam, dessanym, toýuň gutly bolsun, Türkmenistanym!

«Merkezi Aziýa — Germaniýa»: hyzmatdaşlygyň täze sepgidi 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Nygmat bardyr näçe diýseň...

Ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerini beýan edýän sergilerde, oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlary bilen baglanyşykly forumlarda, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerine badalga bermek dabaralary mynasybetli gurulýan sergilerde sergilenýän, ak bazarlarymyzyň, söwda merkezlerimiziň tekjelerini dolduryp duran hasyl ussatlarymyzyň halal zähmetiniň oňyn netijeleri bolan naz-nygmatlary göreniňde, azyk bolçulygyny döredýän zähmetkeş ynsanlara hormatyň hem sarpaň has-da artýar. Çünki bu datly nygmatlar döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, edermen daýhanlarymyzyň netijeli işlemekleri, çekýän zähmetiniň hözirini görmekleri barada edýän aladalarynyň, döredýän mümkinçilikleriniň guwandyryjy netijeleri. Watanymyzda bellenilýän toý-baýramly günlerde, döwletli ak öýlerimizde toýlanýan toýlarda giňden ýazylan saçaklary bezeýän hem-de berekedini artdyrýan naz-nygmatlar bereketli türkmen topragynyň halal zähmetiň miwesidir. Bu bereket bolçulygy diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryny üpjün etmän, eýsem, daşary döwletlere hem eksport edýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýyny artdyrýar.

Gadymy topragyň galkynyşly ýoly

Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde gadymy Ahal topragynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyrylan işler, ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler hakda söhbet açmak biziň üçin örän ýakymly. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem gysga taryhy döwrüň içinde asyrlara barabar işler bitirildi, täze, döwrebap obalardyr şäherçeler guruldy. Etrap merkezleridir obalarymyz gözel keşbe beslenip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpgöter ýokarlandy, sebitiň senagat pudagynyň kuwwaty artdy. Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda welaýatymyzyň çäginde iri taslamalar amala aşyrylyp, durmuşyň dürli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Täze Oba milli maksatnamasyna we beýleki döwlet maksatnamalaryna laýyklykda alnyp barylýan rowaçly işleriň netijesinde Diýarymyzyň bu sebitindäki döwrebap oba-şäherçeleriň hem täzeleri bilen üsti ýetirilýär. Geçen ýyl Gökdepe etrabynda Köpetdagyň ýalkymy, Nurly zaman obalarynyň toý ruhunda açylmagy, häzirki wagtda Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalaryň gurluşyklarynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylmagy-da, şeýle diýmäge esas berýär. Mundan başga-da, welaýaty

Garaşsyzlygyň beren bagty

Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty juda uly. Hormatly Prezidentimiziň nygtap belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr». Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän ýylynda döwlet Garaşsyzlygynyň hem 33 ýyllygy dabara bilen toýlanýar. Mähriban Watanymyzyň baş baýramynyň bosagasynda mukaddes Garaşsyzlygymyz barada söhbet açmak, onuň halkymyza beren datly miweleri hakyndaky buýsançly gürrüňleri eşitmek ýakymly. 1991-nji ýylyň güýzünde Garaşsyzlygyny alan türkmen döwleti geçen 33 ýylyň dowamynda ösüş-özgerişleri bilen dünýäni haýran galdyrdy. Elbetde, ýetilen sepgitler hakynda bir makalanyň çäginde birin-birin gürrüň etmek asla mümkin däl. Şeýle-de bolsa Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyndaky ösüş-özgerişlikleri hakda Mary welaýatynyň mysalynda käbir zatlary okyjylarymyza ýetirmegi zerur hasapladyk. Çünki Mary welaýaty ýurduň beýleki sebitleri ýaly, döwletimiziň ösmegine, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Bu sebitiň toprak bilen iş salyşýan adamlary hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeriň hakyky eýesi boldular. Rysgalyny ene toprakdan gözleýän zähmetsöýer adamlaryň ençemesi tarp ýerlerden 9

33-lükleriň durmuşdaky ähmiýeti

Ýagşy niýeti ýaran edinen, hakdan halatly, pähimdar pederlerimiz durmuşda mynasyp ornuňy tapmak üçin ähli zatlara oňyn seredip, gowy netije çykarmagy, gören-eşiden zatlaryňy oňatlyga ýorup, ýagşy gylyk-häsiýeti gursagyňa guýmagy nesillere sargyt edipdirler. Şeýle ynsanperwer ýol-ýörelgelerden ugur alýan halkymyz geljegi ak daňlara, nuranalyga deňäp, ýagşy umyt-arzuwlar bilen, bir başa bakyp, agzybirlikde ýaşaýar, zähmet çekýär, döredýär, gurýar. Ynha, bu gün geçmişde ýetmişden gowrak döwlet guran pederleriniň ýoluny döwrebap dowam etdirýän halkymyz ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuny toýlaýar. Otuz üç ýyl! Eýsem, bu döwür heňňamyň taryhy üçin uzak wagt däl. Muňa garamazdan, şu döwürde halkymyzyň ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri asyrlara barabar diýip aýtmaga doly haklydyrys.

Döwletli maslahat: nurana geljegiň hatyrasyna beýik tutumlar

Türkmen halky üçin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabry taryhy gün bolar. Çünki şol gün mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda, Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi eziz Watanymyzyň, agzybir halkymyzyň geljekki ösüş ýoluny kesgitleýän täze tutumlara badalga berdi, ildeşlerimiziň kalbyny täze döredijilik ylhamy bilen bezedi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipelerine garaldy. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň maksatnamalaýyn çyk

Eşretli ýaşaýşymyz — bagtly geljegimiz

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly möhüm taryhy wakalara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi kalbymyzy buýsançdan doldurdy. Çünki demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde Halk Maslahatynyň işi wajyp ähmiýete eýedir. Sebäbi ol jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy däplerini döwrebap röwüşde dowam etdirýän halkymyzyň bähbitlerine gönükdirýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Döwletiň we raýatyň milli kanunçylyk ulgamyna esaslanýan gatnaşyklarynyň aňly-düşünjeli, döredijilikli, sazlaşykly bolmagy, hukuk kadalarynyň çygrynda düzgünleşdirilmegi, şeýle-de onuň ahlak hem-de umumadamzat gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşlerini häsiýetlendirýän esasy alamatlaryň biri bolup durýar. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şunda ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Berkararlygyň we bagtyýarlygyň baýramy

Binýady berkden gurlan eziz Watanymyzyň milli Garaşsyzlygy türkmen halkyny baky bagta eýe etdi. Şonuň üçin halkymyz şanly Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwletimiziň taryhynda täze sahypa açylyp, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-umytlary hasyl boldy. Şol taryhy senäniň saýasynda, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgy setirlerinde arzuwlanan ajap eýýamyň hözirini görüp ýaşaýarys. Garaşsyz, özbaşdak döwletli bolmak bagty halkymyzyň ykbalyndan ak gün bolup dogdy. Eziz Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüşlere, belent sepgitlere ýetip, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy Garaşsyzlygyň beren ajaýyp miwesidir. Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň her güni-aýy Garaşsyzlyk senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir. Bu gün beýik maksatly ýollardan barýan ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny garşy alýarys. Toý-baýramlaryň zähmet üstünlikleri, dürli derejedäki taryhy wakalar, raýat ruhubelentligi bilen garşylanýan

Garaşsyzlygyň altyn ýoly

Türkmen halky döwlet Garaşsyzlygyny mukaddes gymmatlyk, nesilleriň bagtyýar geljeginiň binýatlaýyn esasy hökmünde kabul edip, milli ösüş ýolunda gazanylan gymmatlyklara mynasyp goşant goşmak üçin yhlas edýär. Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary üstünlikli amala aşyrylyp, Garaşsyz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly syýasy, ykdysady, medeni galkynyşyň, parahatçylygyň, ösuşleriň şöhratly ýolunda belentlikleriň täze sepgitlerine eýe bolýar. Bu gün milli ykdysadyýetde, jemgyýetçilik durmuşynyň hemme ugrunda düýpli özgertmeler geçirilýär, durmuş-ykdysady ösüş üstünlikli üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz Watanymyzyň köpugurly ösüşleri ruhy gymmatlyklar bilen sazlaşykly ösdürilýär. Garaşsyzlygyň ýaş nesilleriň ykbalyndaky gymmaty has-da üýtgeşikdir, ýaşlaryň durmuşy, ösüş mümkinçilikleri döwletde döredilýän durmuş-ykdysady, syýasy şertlere baglydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşleriniň gymmatlygyna uly hormat goýýan, öz mümkinçiliklerini ösdürip, zähmeti bilen milli gymmatlyklara goşant goşmak arzuwynda joşýan, gurýan, döredýän täze nesil kemala gelýär. Türkmen halky ata-babalaryň azat, özbaşdak döwlet baradaky arzuw-hyýallaryny durmuşda amala aşyrmak bilen, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýadyny tutdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün syýasy,

Mukaddes Garaşsyzlygyň belent ruhy

Eziz Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň arşa galýan zamanasynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan bimöçber işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Mukaddes Garaşsyzlyga we hemişelik Bitaraplyga eýe bolan ata Watanymyz Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we halkara hukuk kadalaryna ygrarly ýurt hökmünde giňden tanalyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özüniň şanly Garaşsyzlyk baýramçylygynyň 33 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuw-umytlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Ähli türkmen halky bu ajaýyp baýramçylyga uly ruhubelentlik bilen barýar. Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara beslenip gelýän halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlyk toýy agzybirlik bilen giňden bellenilýär. Baýramçylyk günlerinde ýokary derejede guralýan göwün göteriji dürli medeni çäreler halkymyzyň döwletliliginden we il agzybirliginden nyşandyr. Ýurdumyzda her ýylda ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýan bu baýramçylyk halkyň şu günki ýeten belent derejeleriniň aýdyň beýanydyr. Türkmen halky beýik Garaşsyzlyk baýramyna berkarar

Baky bagtyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi has-da belent derejelere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilimde, gurluşykda, umuman, ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy bellenilýär we bu şanly toýa uly sowgatly barylýar. Uly üstünliklere beslenýän şu günlerimizde hoş habarlar kalbymyzy heýjana getirýär. Şanly baýramçylyga sowgatly barmagy adat edinen ildeşlerimiz döredijilikli zähmet çekip, beýik ösüşlerimize öz goşantlaryny goşýarlar. Şeýle bolansoň, şanly Garaşsyzlygymyzyň şöhraty äleme dolýar. Hormatly Prezidentimiziň il-halky baradaky aladalary netijesinde ýurdumyzyň ösüşi has-da rowaçlanýar. Gurulýan beýik binalary, ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaýlaryny bu günki günde Watanymyzyň ähli künjeginde görmek bolýar. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim ojaklarynyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň, ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygynyň alamatydyr. Şeýle hem ykdysadyýetimiziň ösüşiniň halkymyzyň abadan durmuşyna, asudalygyna, bagtyýarlygyna gönükdirilendigini buýsanç bilen belläsimiz gelýär.

Halkymyzyň milli buýsanjy

Şu günler ähli halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň beýik ösüşleri rowaçlanýar, toý-baýramlara sowgatly barylýar. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Bularyň ählisi şu günki günümizde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Ildeşlerimiz şanly baýram bilen bilelikde jaý toýlaryny toýlaýarlar, bagtyýarlygyň ajaýyp miwesini görýärler. Täze taryhy eýýamyň ruhuna laýyk gelýän şanly seneler göwünleri galkyndyryjy dabaralara beslenip toýlanýar. Ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda bellenilip geçilýän her bir baýramy agzybirlikde, mynasyp üstünlikler bilen garşylamagy asylly däbe öwren halkymyz bu ýörelgä eýerýär hem-de ýurdumyzyň ösüşine buýsanýar. Mukaddes Garaşsyzlyga buýsanmak we ýaş nesillerde watansöýüjiligi kemala getirmek asylly ýörelgämize öwrülýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýaşlarymyz Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy hem Bitaraplygymyzy başlarynyň täjine deňemelidirler». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlarymyz milli ruhda terbiýelenýär, olar milli ýörelgelerimize ygrarly, watansöýüji ýaşlar bolup kemala gelýärler.

Rowaçlygyň ýoly

Ösüşiň röwşen ýoly bilen abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar ýoly geçdi. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň, berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Garaşsyzlyk ýurdumyzy taryhy özgerişlere besledi, parahatçylyk söýüji, agzybir halkymyzy ajaýyp döwre, bagtyýar durmuşa ýetirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylygyň, dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň häzirki döwründe ata Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işleri durmuşa geçirýär, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň durnukly ösmegine aýratyn ähmiýet berýär, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýar.

Garaşsyzlyk — alnymyzyň ak bagty

Taryhda şöhratly yz goýan Garaşsyzlyk döwri 33 ýyly arka atdy. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň batly depginler bilen ösdürilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren döwlet syýasatynyň üstünlikleri we ony ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar Garaşsyz Watanymyzy berkararlyk kuwwatyna eýe edip, ata-babalarymyzyň dünýä taryhynda yz goýan şan-şöhratyna täzeden güýç berdi, janlandyrdy we agzybir halkymyza milli ruhuň küýsegi bolan eşretli durmuşy peşgeş etdi. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz bolsa, parahatçylykly ösüşleri, halkara abadançylygyny we özara ynanyşmakdyr ylalaşygy kepillendirip, dünýä ýüzünde dost-doganlyk ýollaryny gurdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy toýlanýan üstümizdäki ýylda ýurdumyz ähli ugurlarda, şol sanda, ruhy-medeni ulgamda hem ýokary ösüşleri gazandy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we bu mynasybetli hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine hödürlemegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzdaky ajaýyp sowgatlaryň biri boldy. Mukaddes Garaşsyzlyk merdana nesillerimiziň milli ruhunyň synmazlygyna, jebisliginiň berkemegine, ykdysady mümkinçilikleriniň artmagyna ynamly bat berdi hem-de şol baýlykla

El hünäri il gezer

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Saýat şäherindäki «Balsaýat» toý mekanynda etrap häkimliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda el işlerini sünnäläp ýerine ýetirýän gelin-gyzlarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň gatnaşmaklarynda üme çäresi geçirildi. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bu gadymy senet barha ösüşlere eýe bolýar. Bu çäre çeper el işlerini ýerine ýetirmekde kämilleşmek isleýän gelin-gyzlar üçin has peýdaly boldy. Olar gyzykly çäräniň dowamynda tejribeli zenanlardan el işleriniň gadymy we täze nusgalaryny öwrendiler. Uly durmuş tejribesine eýe bolan ene-mamalarymyz milli gymmatlyklarymyzyň aýratynlyklary, olar baradaky gyzykly rowaýatlary aýdyp berdiler. Çärä gatnaşyjylar milli mirasymyzy dikeltmek we dünýä ýaýmak ugrunda ýadawsyz aladalanýandygy hem-de döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Garaşsyzlyk — diller senasy

Garaşsyzlyk bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewüligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny  zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Häzirki wagtda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda, kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki täze, döwrebap obalar, şäherçeler, innowasion tehnologiýaly iri zawoddyr fabrikler, durmuş-medeni maksatly döwrebap binalar, bilim-terbiýe ojaklary, lukmançylyk merkezleri, saglyk, medeniýet öýleri hem-de beýlekiler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miweleridir.        

Aýdym-sazly dabara

Watan Garaşsyzlyk toýuna barýar Golaýda Ýolöten etrap häkimliginiň,etrap medeniýet öýüniň, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrapdaky «Ajaýyp agşam» toý mekanynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Watan Garaşsyzlyk toýuna barýar» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabara

Garaşsyzlyk bagt getirdi Diýara Golaýda Sakarçäge etrabyndaky «Alkyş» toý mekanynda etrap häkimliginiň, etrap medeniýet öýüniň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bagt getirdi Diýara» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabara

Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň guramagynda “Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Bagtyýarlyk ruhuna beslenen bu dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet hem sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.