"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şöhratly geçmişiň buýsançly waspy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylymyz ahyrlap barýar. Halkymyz taryhy wakalara, şanly senelere baý bolan bu ýyly zähmet ýeňişlerine beslemek maksady bilen gaýrata galkynýar. Ynha, uly ruhubelentlige, egsilmez joşguna beslenen şu günlerimizde külli ilimize, tutuş dünýä hoş habar ýaýrady. Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda bolýan günlerinde «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny, onuň ilkinji nusgasynyň neşir edilendigini buşlady. Bu eseriň ilkinji nusgasy hormatly Prezidentimize sowgat edildi.

Türkmen sarpalap myhmany, giňden ýazar desserhany

Halkymyzyň gadymdan gelýän ajaýyp däp-dessurlarynda arkama-arka dowam edip gelýän myhmansöýerlik gatnaşyklary aýratyn orny eýeleýär. Myhmansöýerlik barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda şeýle diýýär: «Myhmançylyk däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biridir. Çünki bu däp-dessurlar adamlaryň özara ýakynlaşmagynyň iň ynamly serişdesidir. Bu ýerde ýakynlyk öz bähbidiň däl-de, il-uluslaryň bähbidi babatda umumy wezipeleri seljermäge synanyşyk edilmegindedir». Myhmansöýerlik — hormatyň, ynsan kalbynyň, köňül öýüniň açyklygynyň netijesidir.

Goňşular

Goňşulara barýan ýoly tämizle,Bir gez beýgelersiň kakylsa gapyň. Kalbyňa geňeş sal, päli tämizle,Ýakyn-ýat idemän, ýapylsa gapyň. Gabatlaşsa şam-u-säher goňşular,Hal-ahwalyn sora, ýagdaýyn sora.Saglykmy, işlimi, aladalymy,Sowuklyk hiç mahal düşmesin ara.

Gatnaşyklaryň gerimi giňeýär

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde garaýyşlarynyň gabat gelýändigi bellenildi. Munuň özi abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat bolup durýar. Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň söwda-ykdysady ulgamda möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyzyň ösüşini kesgitleýän gymmatlyk

Şu günler ýurdumyzda dünýäniň iň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesi dürli derejeli toý çärelerine beslenýär. Berkarar Diýarymyzyň bu halkara hukuk derejesi türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň iň ýokary derejede ýüze çykmasydyr. Şol bir wagtda, munuň özi bu ýörelgeleriň möhüm ähmiýetine dünýä döwletleri tarapyndan berlen mynasyp bahadyr. Baky Bitaraplygymyzyň ykrar edilenden bäri geçilen menziller ýurdumyzyň bu hukuk derejesinden gelip çykýan wezipelere gyşarnyksyz eýermegiň nusgasyny görkezýändigini doly tassyklady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligine esaslanýan şeýle tutumlar täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda kämillik belentliklerini nazarlaýar. Netijede, şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň çäklerinde halkymyzyň abadan durmuşynda wajyp bolan daşary syýasy şertleriň binýady has-da pugtalandyrylýar. Munuň özi baky Bitaraplygymyzyň uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup durýandygyna subutnamadyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň wezipelerine hem-de maksatlaryna doly laýyk gelýän aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ol ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi, ykdysady taýdan gülläp ösüşi hem-de ýaşaýyş-durmuşyň ýokarlanmagy

Sungata söýgi bolanda

Gülnäz Oraztaganowa mekdebimiziň göreldeli okuwçylarynyň biri bolup, ol şäher, welaýat, döwlet möçberinde, şeýle-de halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgüsini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşikde ýaş suratkeş gyzyň ýurt derejesinde üçünji orna mynasyp bolup, gymmatbahaly sowgat bilen sylaglanmagy hemmämizi buýsandyrdy, guwandyrdy. Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiň 9-njy synpynda okaýan zehinli gyz şu ýylyň oktýabr aýynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň XVII ýaşlar Delfiý oýunlarynda «Şekillendiriş sungaty» diýen ugur boýunça bäsleşikde ýörite şahadatnama eýe bolmagy hem ony täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrdy.

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Hormatly foruma gatnaşyjylar! Sizi «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Pyragynyň şygyrlary — watansöýüjilik mekdebi

Döwürleriň we köňülleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nusgawy edebiýatymyzyň, asal dilimiziň gymmatly hazynasydyr. Onuň ähmiýeti wagt geçdigiçe barha artmak bilen. Akyldar şahyrymyzyň öňe sürýän pikirlerinden terbiýe meselesi eriş-argaç bolup geçip, adamyň hemişe kämillige ymtylmagy, ylym-bilim öwrenmegi barada pent edilýär. Şoňa görä-de, dana şahyryň edebi mirasy ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegiň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Şahyr hemişe Watan, il-gün hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr, «Gözel ilim, sen diýip sökerem ýollar», «Saba turup, Watan, seni çaglar men» ýaly setirleriniň üsti bilen watansöýüjiligi ündäpdir. Ol «Gürgeniň» atly ajaýyp goşgusynda hem şygyr sungatynyň ýokary çeperçilik tärleri, çeper dil serişdeleri arkaly Watanyň gözel keşbini göz öňüňde janlandyrýar:

Täzelik

Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zerur bolan fosforly dökünler, kükürt kislotasy, hlor heki, şeýle-de oksigumat, kislorod ýaly önümleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 167 million 368 müň 736 manatlyk önüm öndürildi. On aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edilip, 103 göterim ösüş depgini gazanyldy.

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATAN

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bagly bolýar. Häzirki döwrüň ösen täze başlangyçlary diňe adamzadyň howpsuz, asuda ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatlary durmuşa geçirmäge hyzmat etmelidir. Dünýäde parahatçylygy goramagyň, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmegiň gözbaşlary pähim-paýhasa öwrülen çuň manyly jemgyýetçilik ýörelgelerinde jemlenýär».

Melhemler hazynasynyň täze jildi

Saglyk bagta barýan ýollaryň badalgasydyr we ahyrky jemidir. Türkmençilikde hal-ahwal soraşylanda «saglykmy?» diýilmeginiň, hoşlaşylanda: «Saglykda görşeliň!» diýlip arzuw edilmeginiň, il içinde «Sag başym — soltan başym» diýen ýaly ýörgünli pähimiň häli-şindi ulanylmagynyň hikmeti özündedir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diýmek diňe synalaryň abatlygy däl, eýsem, ruhuň we bedeniň sagdynlyk sazlaşygyny, umuman, dogry ýaşamagyň ähli kadalaryny öz içine alýar. Doly bahaly saglyk bolsa tebigat bilen, tebigata ýakynlyk bilen mümkindir. Tebigata söýgi — Watana söýgi. Diňe Watanyny söýýän ynsan onuň ot-çöpleriniň hem diline düşünip biler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň çapdan çykmagy tebigata söýginiň, halka hyzmat etmegiň hakyky nusgasy hem-de hünär baýramçylyklaryny dabaralan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin baýramçylyk sowgady boldy.

Şanly wakalar — batly gadamlar

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän halkymyz toýly günlerde, ýagny Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde birnäçe şatlykly wakanyň şaýady boldy. 9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi.

Merdana nesiller — Watan geljegi

Welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Oňa 3-5-nji synplarda okaýan okuwçy oglanlar gatnaşdylar.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi. ***

Beýik Pyragynyň filosofiýasy — parahatçylygyň we ösüşiň ýol-ýörelgesi

Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen bagly halkara derejede geçirilýän çäreler onuň edebi mirasynyň adamzadyň şu günki durmuşynda tutýan ornuny giňden açyp, bu mirasyň parahatçylygyň we ösüşiň ýol-ýörelgesidigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda eden çykyşynda: «Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadançylyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr» diýip, söz ussadynyň bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandygyny belledi. Bu hakykat foruma gatnaşan dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda-da öz beýanyny tapdy. Beýik akyldaryň edebi mirasynyň döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygynda tutýan ornuny Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda:

Adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, onda adam jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilendir. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli kanunçylygyň we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagynyň döwletimiz tarapyndan kepillendirilýändigini doly tassyklaýar. Onda berkidilen demokratik ýörelgeler adamyň, raýatyň durmuş hem-de ykdysady kepillikleriniň, syýasy hukuklarynyň üpjün edilmegine, erkin ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyňdyr azatlyklarynyň deňligi, milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk, wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, olaryň kanunyň, kazyýetiň öňündäki deňligi, erkekleriň we aýallaryň deňhukuklylygy kepillendirilýär. Bu ýörelgeler öz gözbaşyny Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan alyp gaýdýar.

Ar­ka­dag şä­he­ri — dün­ýä­niň, dur­mu­şyň gör­ki

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny bi­len tas­syk­la­nan «Ar­ka­dag şä­he­ri­ni 2024 — 2052-nji ýyl­lar­da ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» ha­kyn­da söh­bet Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ama­la aşy­ry­lan giň möç­ber­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da­ky üs­tün­lik­le­ri­niň aý­dyň bir ny­şa­ny bo­lup, Ar­ka­dag şä­he­ri hem gül­läp ös­ýär. Onuň gel­je­gi­niň has-da aja­ýyp bol­jak­dy­gy­ny ar­ka­ýyn aý­dyp bo­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny bi­len «Ar­ka­dag şä­he­ri­ni 2024 — 2052-nji ýyl­lar­da ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» tas­syk­lan­ma­gy mu­ňa ýe­ne bir ýo­la gü­wä geç­ýär.

Sportuň hem dostlugyň rowaçlanýan diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň altyn sahypalary ýazylyp, Türkmenistan ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň okgunly ösýän, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýurdy hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, Olimpiýa hereketini, ýokary derejeli sporty ösdürmek, degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Parahatçylygyň ilçisi, dost-doganlygyň ýoly hasaplanýan sporty ösdürmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Kämil sport düzümlerine eýe bolan ýurdumyzda soňky ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlar eziz Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrdy. 11 – 17-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy hem uly üstünlige beslenip, türgenlerde hem, sport muşdaklarynda hem ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Ýaş kalp­la­ryň joş­gu­ny

Eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, beýik geljeginiň eýelerine deňelýän ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden göwünleri galkynýan ýaş nesiller ylym-bilim alyp, sportdur döredijilik bilen meşgullanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli dürli ugurlarda tapawutlanan hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezen ýaşlaryň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanmagy hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň bagtyýarlygy hakynda edilýän köptaraply aladanyň hem-de olaryň zehinine, ukyp-başarnygyna, zähmetine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Hormatly ada mynasyp bolan ildeşlerimiziň hataryndan sport ulgamynyň ösmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýan ýaşlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdik. Daýanç OMIROW, Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy: