"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Ahsan Wagany Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Ahsan Waganyň ýokary şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Şunda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Ahsan Wagany Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Ahsan Waganyň ýokary şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada Siriýa Arap Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Başar Al-Asada tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Siriýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň rowaçlygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, özgertmeleri durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. 8-nji aprelde döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ilkinji hatarara bejergi işlerine girişildi. Sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa ideg işleri, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, pileçi kärendeçiler bilen şertnama baglaşmak, ýerli howa şertlerine laýyklykda, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar.

Durmuş-ykdysady ösüşiň aýdyň ýoly

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek, milli maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek, medeni we ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy. 9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi.

Oba hojalygy: gowaça ekişi dowam edýär

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Dowamata beslenýän asylly däplerimiziň beýanaty

14-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp, ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylýan taýýarlyk barada hasabat berdi.

Halk bähbitli işler rowaçlanýar

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Behişdi bedewlere buýsanç

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Häzirki döwürde ýurdumyzda Watanymyzyň tugrasynda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini mynasyp derejede ösdürmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini we bedewiň şanyna guralýan dabaralaryň guramaçylyk derejesine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär.

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny peşgeş etmegi halkymyzy örän guwandyrdy. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän milli medeniýeti her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Bu buýsanç ajaýyp kitaby okanymyzda has-da artdy. Änewiň şöhratly taryhy onuň bereketli topragy, gadymy medeniýet ojagy bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Biz hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabyny okap, bu topraga togap edýäris, ekerançylyk medeniýetine çuňňur gyzyklanma bilen garaýarys. Esasan hem, bu gymmatlyklary öwrenmekde dünýä alymlarynyň alyp baran işleri bilen tanyşmak aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki olar gadymy topragyň taryhyny, döreden medeniýetini ylmy esasda öwrenmek bilen, uly işleri alyp bardylar. Bu hem olara bolan hormat-sarpamyzy artdyrýar. Kitabyň sahypalarynda türkmen topragynyň iň gözel ýeri bolan Änew we onuň töweregindäki obalaryň atlary, çeşmeler ünsüňi çekýär. Çeşmeden süýji suwuň akyp durmagy bu ýerleriň berekedini has-da artdyrypdyr. Kitapda şunuň bilen bagly birnäçe maglumatlar beýan edilýär hem-de bag-bakjanyň ajaýyplygy aýdylýar. Şonuň üçin hem bu ýerleriň Bagabat diýlip atlandyrylandygy ylmy esasda beýan edilýär.

Köňül kelamy

Gadymy Änew halkymyzyň şöhratly taryhyny saklap gelýär. Bu mekan bilen baglanyşykly taryhy ýazgylar, gymmatly maglumatlar her bir ynsan üçin gyzykly. Taryhy maglumatlar ruhubelentligi, giň dünýägaraýşy, buýsanjy kemala getirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýar. Hut şonuň üçin hem bu gymmatly kitaby ýaş nesle öwretmek bilim işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi. Häzirki wagtda ýaş nesiller okamaga, bilim öwrenmäge uly höwes bilen garaýarlar. Şonuň üçin hem olara milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy, taryhdan gözbaşly nusgawy edebiýatymyzy öwretmek esasy ugurlarymyzyň biridir. Bu günki günde guralýan sapaklarymyzda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby ýakyn gollanmamyz bolup hyzmat edýär. Kitapda Magtymguly Pyragy, Mätäji we edebiýatda, sungatda yz goýan beýleki şahsyýetler hakyndaky beýan edilýän gymmatly maglumatlar has-da täsirlidir. Bu barada gürrüň bermek bilen ýaşlarda ruhy-ahlak, milli terbiýäni kemala getirýäris, olaryň Watana, halkymyza bolan buýsanjyny ösdürýäris.

Gadymy Änew — ak bugdaýyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjymyz bolan şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby, adyndan belli bolşy ýaly, hut şu gadymy medeniýete bagyşlanandyr. Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eser türkmen halkyna ajaýyp sowgat bolmak bilen, bu ugurdaky ylmy maglumatlaryň örüsini has giňeltdi. Änewiň ak bugdaýyň gadymy mekanydygyny tassyklaýan bugdaý we arpa däneleriniň galyndylarynyň ýüze çykarylmagy ýatda galyjy waka boldy. Bu açyş däneli ekinleriň ösdürilip ýetişdirilen dünýädäki ilkinji sebitleriniň biri bolandygyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, Änewiň oturymly ilatynyň ekerançylyk bilen meşgullanandygyny, gadymy ata-babalarymyzyň däneli ekinleri ýetişdirip, bugdaý unundan çörek taýýarlan ilkinji halklaryň biri bolandygyny äşgär edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

A.B.ABDYLLAÝEW hakynda Amanmyrat Berdimyradowiç Abdyllaýewi saglyk ýagdaýy sebäpli, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kakageldi Rejepbaýewiç Haýtekow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. ***

Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady

15-nji aprelde paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar. Forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kakageldi Rejepbaýewiç Haýtekow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. *  *  *

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kakageldi Rejepbaýewiç Haýtekow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. ***

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady

15-nji aprelde paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar. Forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.