Dowamata beslenýän asylly däplerimiziň beýanaty

16 Aprel 2024
164

14-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp, ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylýan taýýarlyk barada hasabat berdi.

«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar