Arkadagyň ulag diplomatiýasy: Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden dünýä ösüşlerine tarap
Hormatly Prezidentimiz ählumumy gün tertibiniň energetika, ulag we suw meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, olary Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bu gün daşary syýasatda ulag, energetika we suw diplomatiýasy boýunça netijeli gepleşikleriň başyny başlap, ýurdumyz özüniň tebigy baýlyklaryny, geosyýasy, geoykdysady mümkinçiliklerini we artykmaçlyklaryny sebit hem-de dünýä ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, bütin adamzadyň hyzmatynda goýýar. sebitde parahatçylyk dörediji we ylalaşdyryjy döwlet hökmündäki ornuny dürli ugurlar boýunça berkidip, iri ulag-logistik merkeze öwrülýär. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýän ulag diplomatiýasynyň baş maksady asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, ýurtlaryňdyr halklaryň hyzmatdaşlyk köprüsine öwrülen gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap ulag ugurlary boýunça gaýtadan dikeltmäge hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir. Häzirki zamanyň howply wehimine öwrülen koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ýurtlaryňdyr halklaryň ýaşaýyş-durmuş we ykdysady derejesiniň kadaly ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmekde ulag ulgamyna wajyp orun degişlidir. Çünki ygtybarly multimodal ulag geçelgeleri we ulag düzümleri bolmazdan, durnukly ösüşiň gazanylmajakdygy öz-özünden düşnüklidir. H