Milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasy
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirip, nesillere miras galdyran gymmatlyklarynyň hormatyna bagyşlanyp, ýokary derejeli dabaralar, bäsleşikler we maslahatlar Watanymyzyň çar ýanyny gurşap aldy. Düýn paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylmagy hem ildeşlerimiz üçin özboluşly baýramçylyk sowgady bolup, halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimize hem-de wepaly dosty bolan edermen alabaýlarymyza goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyşyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, degişli assosiasiýalaryň wekilleri gatnaşdy. Täze binanyň mejlisler zalynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidenti S.Berdimuhamedow çykyş edip, oň