Nobatdaky kararnama kabul edildi

19 Aprel 2021
788

Hormatly Prezidentimiziň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Beýleki habarlar