"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Paýhas çeşmesinden

■ Manysyz gep bolmaz, dänesiz — çöp. ■ Miwe agajyndan daşa düşmez.

Söýgi deňziniň söhbedi

Aýlaryň talyp bolmagyna Aýdyň sebäp bolupdy. Ýüreginde Aýlara bolan yşky ir körän ýigit gyzyň ýüregine aýdym bolup ýazyldy. Talyplyk babatynda Aýdyňyňky çüwüpdi. Ol heniz, eline orta bilim hakyndaky şahadatnamany alanyna üç aý bolup-bolmanka talyplygyň bosagasyndan ätledi. Ýöne Aýlara welin, her näçe erjel ýapyşsa-da, ara tas tegelek dört ýyl salyp, talyp bolmak nesip etdi. Ýöne her näme-de bolsa, ol durmuşdan hoşaldy. Sebäbi söýýän ýigidi bilen iň bolmanda, bir ýyl talyplygyň gyzykly dünýäsini bile başdan geçirip biljekdi. Uniwersitet durmuşy, hakykatdan-da, gyzyklydy. Aýlar Aýdyňyň öň süýjedip aýdyp berýän gürrüňlerini diňläp, bu ýere gelmegi näler isläpdi. Hut şonuň üçin hem, ol uniwersiteti arzuwlarynyň wysal bolan güzeri diýip bilýärdi. Talyplyga ädilen ilkinji ädimler, şol bir ýokary okuw mekdebinde geçirilýän günler bolsa ony ýigide has-da ýakynlaşdyrýardy.

Magtymguly Pyragynyň heýkeline garap

Beýikler özi üçin ýaşamaýarlar,Ömrüni bagyş edip iliň derdine.Olar hak sözüni orta atýarlar,Beýle mertlik başartmaýar her kime. Olaryň ýüregi naçara mährem, Penasyza saýa, mätäje arka.Olaryň gollary yşkyň dänesin,Harpykdan saýlaýan elek deý halka.

Ömür

Ýazyň gülälegi, gyşyň gary bar, Kanunyňa kaýyldyryn, Biribar,

Diňe ýürek hakynda

Göz — ýüregiň aýnasy. ***

Bazar Öwezli gürrüňlerden

Öwrenäýmeli üç häsiýet Türkmenistanyň halk ýazyjysy Bazar Öwez bilen halypa-şägirt bolup köp ýyllar tirkeşmek miýesser etdi. Halypa ýazyjy ýaş kärdeşleri bilen çaý başyndaky söhbetdeşliklerde degişmeli gürrüňler bilen birlikde öwüt-nesihat häsiýetli sargytlary, maslahatlary hem bererdi. Şeýle söhbetdeşlikleriň birinde Bazar aga şeýle diýipdi:

Halkyň hazynasyndan

Çalşykly çemçe Kerwen bilen Wasa baran iki täjiriň öňünde ýüzi gaýmaklap, aşagy gaýnaklap duran mäşewe goýupdyrlar. Çemçäni dolduryp owurtlan täjir agzyny ýakyp, gözüne ýaş aýlaýar. Dosty “Näme boldy?” diýende, “Gyzgyn eken” diýäýmän: “Gaýdamda yzymda agyr hassam galdy” diýip, çalşykly çemçäni dostuna berýär. Gezeginde çemçäni dolduryp içen beýleki täjirem agzy bişensoň gözüniň ýaşyny sylyp: “Häk, seň şol hassaň ölen bolaýmasa” diýýär.

Hekaýat

Eýsem, yşk näme? Eýsem, söýgi nämekä?! Bu soraga bir söz bilen, hatda bir dessan bilen hem anyk jogap berip bolmaýar. Söýgä her kimiň öz garaýşy, her ýüregiň ony kabul edişi we öz ruhuna siňdirişi bar bolmaly. Eger söýgi söze sygýan bolsa ýa-da aňsatlyk bilen düşündirip bolýan bolsa onda ol söýgi ýa-da yşk bolmazdy. Bu barada şeýleräk bir hekaýat bar.

Size mälimmi?

Täsin maglumatlar Oňurgasyz jandarlaryň içinde Ýer ýüzünde iň ulusy Gigant titanus tomzagydyr. Gigant titanus mör-möjekler maşgalasyna degişli bolup, bedeniniň ölçegi 17-22 santimetr, agramy 22-26 gramdyr. Bu tomzak Amazonka tokaýlygynda giň ýaýran.

Ulus-ilimiň buýsanjy

Täze eýýam şugla saçyp, äleme berýär gelşik,Ýurdumda gurlan binalar bir-birinden üýtgeşik,Miras galan şygyrlaryň gelýär asyrlar aşyp,Ulus-ilimiň buýsanjy Magtymguly Pyragy. Köpetdagdaky heýkelňe bakyp-bakyp doýma ýok,Diwanyň okap başlasaň, hergiz elden goýma ýok,Bu Watany, bu topragy senden belent söýme ýok,Ulus-ilimiň buýsanjy Magtymguly Pyragy.

Awaza gel, Awaza!

Ýurduň merjen dürüdir,Awaza gel, Awaza!Hut bossanyň özüdir,Awaza gel, Awaza! Garşylar guşlaň sesi,Tolkunlaň möwjemesi,Gözellik pelsepesi,Awaza gel, Awaza!

Baky bina

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine (Hekaýa)Ine-de, talyplyk döwri yzda galdy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlan Sapa mähriban şäherine dolanyp gelip, özüniň zähmet ýoluna gadam basdy. Onuň işe başlan gurluşyk edarasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dürli maksatly binalary gurmak bilen meşgullanýardy.

Golýazmalar — milli baýlygymyz

Golýazma ýadygärlikleri türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Golýazmalara diňe bir beýik akyldarlarymyzyň döreden eserleri hökmünde garalman, olara kagyz taýýarlaýjy ussalaryň, hatdatlaryň, suratkeşleriň, zer çaýyjylardyr jiltleýjileriň ellerinden çykan gymmatly miras hökmünde hem baha berilmelidir. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän döwründe TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda önjeýli orny bolan golýazma mirasymyzy toplamak, ylmy taýdan öwrenmegi has-da çuňlaşdyrmak, halkymyzyň ýazuwly ýadygärliginiň altyn hazynasyny düzýän seýrek eserleri — golýazmalary abat saklamak, ylmy taýdan teswirlemek, gadymy taryhymyz, müdimi edebiýatymyz, asal dilimiz bilen baglanyşykly ylmy barlaglary geçirmek, nusgawy şahyrlarymyzyň we halk döredijilik eserlerini ylmy taýdan öwrenip, neşire taýýarlamak işini dowamly alyp barýar. Şu ýylda institutda akyldar şahyrymyzyň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, watançylyk, milli döwlet ýaly pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatynyň gözelligini beýan edýän 271 sany şygryny özünde jemleýän «Magtymguly. Saýlanan eserler» (Aşgabat, TDNG, 519 sah.) atly neşir üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde halk köpçüligine ýetirildi.

Ge­ze­ge­niň gaý­dyp gel­me­gi (He­ka­ýa)

Kakam Köneürgenç düzlügindäki Monjukly kanalynyň boýundan ekin ekmek üçin kärendesine ýer alansoň, ir baharda maşgalamyz bilen şol ýere göçdük. Sary daýym ol ýerde biziň üçin daş-töweregi derekdir söwütlige, igdelige bürenen üç otagly jaýam tapyp goýupdyr. Şol ýyl kakamyň yhlasy bilen, ekinlerimiz bitginli boldy. Güýzde hasyl ýygnalýan wagty kakam harman jaý edip, alan dänelerini haltalara salyp, ýörite ammar jaýymyzda tertipläp goýdy, ýöne soňky günler ammar jaýymyz bilen ekin meýdanlarymyzyň golaýynda üýtgeşik gazylan täze kürenlerem peýda bolup başlady. Asyl, görüp otursak, şol kürenlerde biziň ýygnan dänelerimizi gije-gündiz hinlerine daşaýan gatyguýruk, kör syçan ýaly ýabany gemrijiler ýaşaýan eken.

Pyragy — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimiz

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen ýaşlarynyň döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda amala aşyran işlerine bagyşlap döreden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýurdumyzyň ruhy medeniýetinde şanly waka boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyza serpaý eden ilkinji kitabynda ýaşlar we olaryň geljekki wezipelerini kesgitläp, ata Watanymyzyň has-da belent derejelere ýetmegi üçin kämil nesilleriň birleşen gujur-gaýratynyň uly güýç bolup durýandygyny beýan edýär. Kitabyň sahypalarynda dürli ugurlar bilen bir hatarda, halkymyzyň ruhy seždegähi Magtymguly Pyragynyň umumadamzat nesline miras goýan eserleriniň ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada hem giňden beýan edilýär. Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň köpgyraňly döredijiliginde öwüt-nesihat beriji häsiýetli şygyrlar aýratyn orny eýeleýär. Söz ussady bu ugra ýüzlenende, nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini nazara alypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda aryf-akyldaryň:

Pyragynyň

Aklym ýetmez keramatdyr,Ömre nusga, dowamatdyr.Bakylykdan alamatdyr,Ömri beýik Pyragynyň. Dogry sözüň güwäsidir,Derdiň emi-dogasydyr.Müň sowalyň jogabydyrŞygry beýik Pyragynyň.

Sungat — sazlaşykly dünýä

Garagözelek, hortapdan gelen çeýe oguljygynyň mal yzynda gezse-de, kitapdan, dürli suratlardan ünsüni sowmaýşy Daňatar aga gaty bir ýarap baranokdy, çünki ol ogly Öwezgeldiniň çopançylyk kärine göwün bermegini, «malym-janym» diýlenine eýerenini isleýärdi. Narjemal eje welin, oglunyň isleginiň öňüne böwet bolunmazlygynyň tarapdarydy. Tejenli ýigit Öwezgeldi Ýagmyrow çagalykdan çopançylyk käriniň inçe tilsimlerini birkemsiz özleşdirse-de, jahyl çykansoň, kalbyndaky sungata bolan mizemez söýgüsiniň wysal bolmagy üçin jan edip başlady. Oglunyň mekdepde, etrapda geçirilýän surat bäsleşiklerinde orun alyp, baýrakly, ýeňişli dolanyp gelmegi, ata göwnüni ýumşatdy, onuň geljeginiň uludygyny aňynda saldarlap, has ekezlendi.

Gazak edebiýatynyň ägirt zehini

Türkmen we gazak halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine ýakynda paýtagtymyz Paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan bu heýkel, gündogar edebiýatynyň göwher gaznasy saýylýan eserleriniň ençemesini döreden Abaý şahyra türkmen halkynyň goýýan çäksiz hormatyndan alamatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň çäginde diňe bir milli söz ussatlarymyzyň däl-de, eýsem, goňşy we doganlyk döwletleriň ajaýyp söz ussatlarynyň heýkelleriniň dikilmegi, halkymyzyň dünýä edebiýatyna bolan mizemez sarpasynyň döwletimiziň medeni syýasaty bilen utgaşýandygyny aňladýar. Gazak şahyry, aň-bilim ýaýradyjysy, jemgyýetçilik işgäri, gazaklaryň belli syýasatçylary Çokan Welihanowyň, Ibraý Altynsariniň pikirlerini ösdüriji Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda Gazagystanyň Semipalatinsk welaýatynda dünýä inipdir. Abaýyň kakasy Kunanbaý gazaklaryň tobykdy taýpasynyň kethudasy bolupdyr. Abaýyň ejesine Uljan, enesine bolsa Zere diýer ekenler. Zere enäniň Abaýa gürrüň beren rowaýatlarydyr ertekileri onuň geljekde şahyr bolup ýetişmegine oňyn täsirini ýetiripdir. Abaý Semeý şäherinde Ahmet Ryza mollanyň medresesinde bilim alypdyr, ar

Abaý KUNANBAÝEW, gazak şahyry

Öz ýoluňy saýlap-seçip al! Öz ýoluňy saýlap-seçip al munda,Hem buýsan, zehiniň bar bolsa seniň.Düýbün tutsaň, ynam bilen kerpiç goý,Gurýan diwaryňda galmasyn kemiň.

Mag­tym­gu­ly­ Pyragynyň di­wa­ny dün­ýä dil­le­rin­de

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň akyldaryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Dana Pyragynyň döredijiligindäki nusgalyk ýol-ýörelgeler ýaş türkmenistanlylary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy mirasydyr. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanynyň dünýä dillerine terjime edilendigi bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys. Şeýle şatlykly wakalar halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde örän uly ähmiýete eýedir.