"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Gö­rog­ly» şadessany — ter­bi­ýe­çi­lik mek­de­bi

«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 Ýe­di-se­kiz ýaş­la­rym­da­ky ça­ga dö­wür­le­rim­de ata­myň ýa­nyn­dan aý­ry­la­mok­dym. Ata­myň bir ada­ty bar­dy, boş wagt ta­pyn­dy­gy agaç san­dy­gyn­dan bir­nä­çe mag­ni­to­fon kas­se­ta­la­ry­ny çy­ka­ryş­dy­ryp, bir dö­wür­ler meş­hur bo­lan «Ro­man­tik» at­ly mag­ni­to­fo­nyn­da gu­la­ga öw­rü­lip, des­san diň­lär­di. Ata­myň ýa­nyn­da bo­la­nym­dan soň­ra me­nem diň­le­me­li bo­lar­dym. Ça­ga bol­sa­mam, des­sa­nyň ma­ny­sy­na o di­ýen dü­şü­nip bar­ma­ýan bol­sa­mam, şol des­san­lar me­niň ün­sü­mi özü­ne çe­ker­di. Atam bol­sa bar dur­ky-düýr­me­gi bi­len ber­lip diň­lär­di. Ara­syn­da ba­şy­ny ýaý­kap-ýaý­kap goý­be­rer­di. Atam des­san diň­le­ýär­kä, on­dan bir zat so­ra­saň, ün­sü­ni böl­seň ha­la­maz­dy. Wag­ty bi­len jo­ga­bam ber­mez­di, nä­gi­le­lik bi­len hü­ňür­där­di.

Gysgajyk kyssalar

«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 Ru­hu­be­lent­lik we sag­lyk

ÇY­KAR

Sar­pa­la öý­lä­ne san­man­ka wag­tyň,Şu gü­nüň er­tä­ge düýş bo­lup çy­kar.Şat­lan, gad­ry bi­lin­me­se ak bag­tyň,Gi­der, göz­den ajy ýaş bo­lup çy­kar. Yn­sa­byň ger­şin­de gül­läp dur Ze­min,Ömür çäk­li, ýö­ne men­zil, gör, ne giň! Gö­rül­män, ulan­man, ýa­ky­lan ze­hinDo­ňar-da, beý­ni­den çiş bo­lup çy­kar.

Duýguly dünýä

KÖŇÜL Köp syry bar, bar syryny                            äşigär etmez köňül,Öz ýoly bar, her göreniň                            ýoluna gitmez köňül,Ogrudan ýa jümrüden hiç                            ätiýaç etmez köňül,Hakdan gelen emri bardyr,                          pos basyp ýatmaz köňül,Hergiz köňül hazynasyn                          bir pula satmaz köňül,Misli Güneş,                    nury birle nirlere ýetmez köňül,Uzak-uzak bu ýollarda çat açmasyn,                                                  synmasyn,Iki dünýe abat bolsun, döwülse,                                           bitmez köňül...

Depder sahypasynyň gyralaryndaky ýazgylar (Dostluk köprüsi)

ÖTGÜR HAŞIMOW (1941 — 2013),Özbegistanyň halk ýazyjysy. AÝ BILEN GÜN

Garaşylmadyk duşuşyk (Hekaýa)

«KIÇIJEK ADAMYŇ GÜRRÜŇLERI» HEKAÝALAR TOPLUMYNDAN Men ony gören dessime begenjimden ýaňa ýüregim agzymdan çykaýjak boldy. Bu şoldy, maňa köp ýagşylyk eden, birwagt elimden tutup, goldan-goran, meniň şu günki ýeten derejäme sebäp bolan adamdy. Men ony köp wagt bäri görmändim, nirededigini, näme iş bilen meşguldygyny, haýsy künjekde ýaşaýandygyny sorap-idäp anyklapdym, emma ýanyna barmaga aýgyt edip bilmeýärdim.

Ylham joşguny

SOWAL Saňa kitap okap bereýinmi?Ýüregimde gopýan gowgalar hakda,Heniz ýazylmadyk romanlar hakda,Maňa görülmedik rowalar hakda,Kitap okap bereýinmi?Ybarat ol bölek-büçek sahypalardanHemem şoňa meňzeş hakydalardan.

Ylham ýaýlasy

Türkmen Bitaraplygy Ynam bilen bakmak ertirki güne —Bu türkmen halkynyň Bitaraplygy.Görk goşmak dünýäniň gözel görküne — Bu türkmen halkynyň Bitaraplygy.

Ömür örki tebigatda

Bu waka 2016-njy ýylda bolupdy. Şol ýyl belli geolog, paleontolog Aman Nigarowyň öz kärdeşi Irina Dubrowo bilen bilelikde ýazan, türkmen, rus, iňlis dillerinde taýýarlan «Türkmenistanyň gadymy pilleri» atly kitaby giň okyjylar köpçüligine gowuşdy. Täze kitap hem-de onuň awtorlarynyň biri, seýrek hünärli alym bilen ýakyndan tanyşmak islegi bizi Aman Nigarow bilen duşurdy. Şol duşuşykda Aman aga bize alyp baran ylmy işleri hakynda gyzykly gürrüň berdi. Onuň täsin gürrüňleri ýurdumyzdaky tebigy ýadygärliklerdir şol ýerlerde ýaşan jandarlary göz öňünde janlandyrýar. Aman Nigarow 1932-nji ýylda Mary welaýatynyň häzirki Mary etrabynyň Mülk üç urug obasynda doglupdyr. Ol ilki obalaryndaky ýediýyllyk mekdebi tamamlaýar, soňra şol döwürde Mary şäherindäki 2-nji mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. 1949 — 1953-nji ýyllar aralygynda şol döwürde Aşgabatdaky ýokary mugallymçylyk institutynyň geologiýa-geografiýa fakultetinde okaýar. Instituty tamamlandan soňra, ol öz okan fakultetinde paleontologiýa mugallymy bolup işe başlaýar.

Ussat ýazyjyny hatyralap...

Ýakynda Kerki etrap häkimliginiň, etrap medeniýet we bilim bölümleriniň bilelikde guramagynda Kerki etrap Medeniýet merkezinde ussat ýazyjy Osman Ödäýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akadow we şahyr Şatlyk Hudaýnazarow, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, şahyrlar Agamyrat Soltanow, Hudaýguly Goçow, Osman Ödäýew adyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy Jemal Abdyllaýewa dagy çykyş edip, ýazyjynyň ömür ýoly, eserleriniň edebi-çeper gymmaty barada gürrüň berdiler. Ýazyjynyň «Altynjan hatyn» romany esasynda dessan döreden Baýram Akadowyň çykyşyndan soň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çary Ýakubowyň bu dessandan bir parça ýerine ýetirmegi has-da täsirli boldy.

Akyldar ahlak barada

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýen setirleriniň aňyrsynda çuň many ýatyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň mizemez ýörelgelerine sarpa goýmak — özüňe sarpa goýmakdyr, ýagny öz geçmişiňe, şu günüňe sarpa goýmakdyr we geljegiňi kämil gurnamak baradaky akylly-başly aladaňdyr. Dana-pähimdarlar öz döredijiligi bilen medeniýeti ösdüripdirler hem baýlaşdyrypdyrlar. Medeniýet bolsa ynsanlaryň özüni alyp barşyny şertlendirýär. Biziň gürrüňini etmek isleýän gymmatlygymyz içki eşretler — ahlak gymmatlygydyr. Meşhur nemes filosofy I.Kant tarapyndan XVIII asyrda ulanylyşa girizilen «gymmatlyk» düşünjesi jemgyýetdäki ahlak gymmatlyklaryny nazara alýar. Onda bagtyýarlyk, uzak ömürlilik, beden we ruhy sagdynlyk, ony gazanmak üçin adamy söýmek, edeplilik, däbe eýermek, alymlyk, parasatlylyk, asyllylyk ýaly häsiýetlere eýe bolunmalydygy hakynda aýdylýar. Asyllylyga ajaýyplyk hökmünde baha berilýär, özüňi alyp barmagyň etiki kadalary estetiki öwüşgine eýe bolýar.

«Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma...»

Gowşutgeldi DAŇATAROW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy: — Magtymguly Pyragy özünden öň ýaşan söz ussatlarynyň döredijiliginiň maňzyny-maýasyny kalbyna siňdirip, pähime eýläp döreden eserleri bilen milli edebiýatymyzda esas goýan şahyrdyr.

Şygryýet

Atamyrat ATABAÝEW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Seniňdir

Ýagşylar ýagşylykda ýatlanar

Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyç. Türkmenistanyň hallk şahyry Durdy Gylyç hakynda XX asyrda ýazyjy-şahyrlarymyz köp sanly çeper eserleri döredipdirler, edebiýatçy alymlarymyz şahyryň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan içgin öwrenipdirler. Türkmen edebiýatynyň taryhynda Durdy Gylyjyň çeper keşbi dogrusynda söz açylanda, ol barada eserleri döredip, köp sanly ýatlama galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkowyň keşbi ilkinjileriň hatarynda göz öňüne gelýär. Beki Seýtäkowyň «Şahyr» powestini Durdy Gylyç barada döredilen düýpli eserleriň biri hasaplamak bolar. Powestde şahyryň ýaşlygy, maşgala durmuşy, çeper söze — edebiýata bolan söýgüsi, şol döwrüň syýasy-taryhy ýagdaýlary barada söz açylýar. Ussat ýazyjynyň Durdy Gylyç baradaky eserlerini, ýatlamalaryny okanymyzda, onuň şahyr bilen ýakyn aragatnaşyk saklandygyna göz ýetirýäris.

Tokarja bilen garynja (Erteki)

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym wagtlarda Gutly atly bir oglanjyk bar eken. Ol deň-duşlarynyň arasynda iň bir tokarjasy, ekabyrragy bolansoň, hemmeler onuň adyny Tokarja diýip tutupdyrlar. Tokarja hemişe kölüň kenarynda, özi ýaly oglanjyklar bilen oýnar ýörer eken. Olar ikibir-üçbir bolşup kölüň ýalpagrak ýerinde suwa-da düşer ekenler. Hasam kölde ýüzüşip ýören ördekdir gazlary ýakyndan synlamak hezil eken. Olar aram-aram suwa çümüp, gurçukdyr ownuk balyjaklary tutýar ekenler. Olara ulurajyk balyklaram gabat gelipdir. Käte olaryň awlajak awuny niredendir bir ýerlerden peýda bolan garaguşlaryň ýüzugra alyp, asmana göterilen gezeklerem bolupdyr.

Hasyl (Iňlis tymsaly)

Mançesterdäki mugallymlary taýýarlaýan bilim ojaklarynyň birinde ir döwürler şeýleräk wakanyň bolandygyny gürrüň berýärler. Berýän bilimine göwni ýetse-de, talyplaryň derejesini has çuňňur aňlamak maksady bilen mugallym olaryň hersine bir gysym däne beripdir-de, olardan hasyl almagy tabşyrypdyr. Aradan esli wagt geçensoň, mugallym işleriň gidişi bilen tanyşmak üçin olaryň öýlerine aýlanmagy ýüregine düwüpdir. Netijeler dürli-dürli bolupdyr. Ekiş möwsümine çenli tohumy gorap saklap bilmändigini aýdyp, ýüzüni sallap duran birinji talybyna seredip, mugallym başyny ýaýkapdyr-da: «Özüňe ynanylan işi bitirýänçäň, dünýäň manysy şonda jemlenen ýaly bolmasaň, hemişe şular ýaly ýagdaýa düşersiň» diýip, indiki talybynyňka tarap ugrapdyr. Ikinji talybyndan: «Men tohumy örän ir ekipdirin. Şonuň üçinem ony sowuk aldy» diýen jogaby eşiden mugallym: «Wagtyny bilmän edilen iş edilmedik işe barabardyr» diýipdir. Üçünji talyp bolsa tohumy juda giç ekendigini aýdypdyr. «Wagt iň gymmatly zatdyr. Ony bir duşuňdan geçireňsoň, eden işiňden göwnejaý netije alyp bilmersiň. Gury boş azap çekeniň galar». Indiki talyp ösüş alsa-da, şitili birnäçe gezek göçürip guradan ekeni. Mugallym oňa: «Bellibir ýere kök urup ýetişmänkä, ondan-oňa bökdürip ýörseň, işiň miwe getirmän geçer» diýipdir. Wagtynda ideg etmän, suwarman hasyl alyp bilmedik talyp bolsa halypasyndan şeýle sözleri eşidipdir: «Iýmitini, yzgaryny ý

Türki halklaryň umumy hazynasy

«Gorkut ata», «Kitaby dädem Gorkut» diýlip atlandyrylýan şadessan türkmen halkynyň gadymy ýazuw ýadygärlikleriniň biri hasaplanylýar. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2018-nji ýylda Mawrikiý Respublikasynyň Port-Lui şäherinde geçirilen mejlisinde türki dilli döwletleriň umumy tagallalary netijesinde «Gorkut atanyň» ýaýrawy has-da giňedi. Şol mejlisde «Gorkut ata» eposy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Biziň halkymyzda «Gorkut ata» diýlende, diňe bir asyrlardan aşyp gelýän eser däl-de, keramatdan paýly, paýhasly goja göz öňüňe gelýär. Şeýle ýagdaý beýleki türki halklaryň hem käbirinde gabat gelýär. Şonuň üçin-de Gündogaryň alymlary Gorkut atanyň taryhy şahs bolandygy baradaky maglumatlaryň gözleginde bolupdyrlar. Fazlalla Reşideddiniň, Alyşir Nowaýynyň, Salyr baba Gulaly oglunyň, Abulgazy Bahadyr hanyň nesillere miras galdyran kitaplarynda Gorkut ata bilen baglanyşykly maglumatlar getirilýär. Nusaýda ýaşap geçen taryhçy Salyr baba Gulaly oglunyň kitabynyň «Oguz we öwlad we etbag we bari etrak taryhyndan» atly bölüminde Gorkut Garahoja oglunyň örän akylly, dana hem-de keramatly ynsan bolandygy, onuň ýüz togsan bäş ýaşandygy barada maglumatlar getirilýär.

Sazlara siňen altyn güýz

Güýz pasyllaryň iň köpöwüşginlileriniň biri. Güýzi suratlandyranymyzda, ilki bilen, mämişi ýapraklardan altyn mahmal düşelen seýil baglar göz öňüne geler. Şol bir wagtyň özünde-de irginsiz ýagýan ýagyşdan ýaňa töwerek-daşyň hereketi azalýan içgysgynç günlerem ýadyňa düşer. Güýzüň adamlara täsir edişi-de üýtgeşik. Biri üçin ol döredijilik ylhamynyň joş urýan pasly. Ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň arasynda: «Tä güýz tamamlanýança, ylham golaýyma gelenok» diýýänlerem az däldir. Ýöne güýz paslynyň dünýä sungatynda ajaýyp eserleriň ençemesiniň döremegine sebäp bolandygy welin hakykat. Biz hem şeýle saz eserleriniň käbirini ýatlap geçmegi makul bildik. Antonio Wiwaldiniň «Güýz» eseri. Italýan sähralarynda myhman bolan altyn güýzi ussat kompozitor örän şadyýan saz arkaly beýan edipdir. Bu göwün göteriji sazy diňläniňde, italýan ekin meýdanlarynda hasyl ýygnalýan, bereketden göwni galkynan daýhanlaryň şatlanýan pursatlary göz öňünde janlanýar. Wiwaldiniň meşhur «Pasyllar» tapgyrynyň üçünji konsertiniň «Güýz» sonetiniň awtory doly anyk däl. Ýöne köpler ony Wiwaldiniň özüne degişli hasaplaýarlar.

Ussatlaryň edebi gatnaşyklary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmekde alnyp barylýan işler dünýä ylmynyň ösüşine itergi berýär. Bu ugurda amal edilýän işler Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde has-da uly wezipeleri goýýar. Bu işler beýik Pyragynyň edebi däplerine eýerenleriň döredijiligini öwrenmegiň möhümdigini hem kesgitleýär. Ylmy barlaglar Magtymguly Pyragynyň mirasy bilen XVIII asyr türkmen edebiýatynyň taryhynda döredijiliginiň gerimi hem mazmunynyň köpgyraňlylygy babatda tapawutlanan şahyrlar Abdylla Şabendäniň döredijiliginiň özara baglanyşyga eýedigini ýüze çykarýar. Bu hakda alym Gurbandurdy Geldiýew «Abdylla Şabende» diýen işinde ýörite durup geçip, halk rowaýatlaryna salgylanyp, Şabendäniň Magtymguly bilen dostana gatnaşykda bolup, oňa ussady hökmünde garandygyny belläp geçýär.

Osman awçy

(bolan waka) Osman awçy diňe bir özüniň mergenligi üçin däl-de, eýsem, batyrlygy, hüşgärligi, töwekgelligi, ugurtapyjylygy hem-de paýhaslylygy üçin obadaşlary tarapyndan çäksiz sarpalanýardy. Oba adamlarynyň haýyşy bilen, kämahallar ol goşlaryny jemläp, birnäçe günlük daglara giderdi. Iş wagtynda, toýlarda göreş tutulanda ýa-da başga dürli ýagdaýlarda adamlaryň elleriniňdir aýaklarynyň süňkleriniň döwülýän, çat açýan wagtlary bolýardy. Syrkawlara melhem bilen em edýän Durdy tebibe, köplenç, mumyýa gerek bolanda, Osman awça ýüz tutmaly bolýardy. Mumyýa gaýalaryň çür başynda, ýylçyr ýerlerde bolagandy. Elýeterden uzakda, baryp bolmaýan aglaba halatlarda, mumyýany atyp almaly bolýardy.