Ene söýgüsi (Tymsal)
Ojagyny mähir-alada bilen gurşap oturan bir enäniň gol doly maşgalasy, ese-boýa galyp barýan çagalary bar eken. Çagalaryň her biri ejesiniň özüni beýleki doganlaryndan has üýtgeşik, has artyk söýýändir öýder eken. Bir gün olar bu barada öz aralarynda çynlakaý jedele başlapdyrlar. Ahyry dawalaryny çözüp bilmän, ejesiniň ýanyna baryp, haýsysynyň onuň iň söýgüli çagasydygyny sorapdyrlar. Ene bolsa, olaryň soragyna ýylgyryp, mähribanlyk bilen başlaryny sypapdyr-da: — Men siziň hemmäňizi hem deň gowy görýärin. Emma ene ýüregi araňyzda haýsyňyz syrkawlasa, tä gutulýança oňa, haýsy biriňiz ýolda bolsaňyz öýe dolanyp gelýänçäňiz oňa, haýsyňyz aşa ýadaw bolsaňyz, tä dynjyny alýança oňa, haýsy biriňiz tä naharlanyp, doýýança oňa, haýsyňyz aglap duran bolsaňyz, tä köşeşip diňýänçä oňa, iň körpäňize bolsa, tä ulalýança has ünsli, has aladaly, has mähriban bolýaryn. Ýöne men ömrümiň soňky demine çenli siziň hemmäňizi söýýändirin diýipdir.