Gözelligiň keşdä salaýyn, deňzim
Baýlyk baryny giň gujagyna dolap ýatan gojaman Hazar deňzim, ýene seniň gül goýnuňa seýrana geldim. Seni güýz paslynda synlamagyňam özboluşly lezzeti bar. Gözel keşbiňi synlap durşuma seniňem edil ynsan ýaly «gylyk-häsiýetleriň» bardygyna haýran galýaryn. Sen düýnem parahatdyň, tolkunlaryň süýdüň ýüzündäki gaýmagy bozmajak ýaly bolup, kenara ýuwaşlyk bilen gelip, ene topragy sypalap-sypalap yzyna dolanyşyny göreniňde, hemişe şeýle ýagdaýda boljak ýaly görünýärdiň. Ine, bu gün welin tolkunlaryň güwläp-güwläp, dolup-daşyp, al-asmana dyzaýar welin, düýnki bolşuňdan nam-nyşan galmandyr. Şu pursatda ak ganatlaryny ýaýyp, dürli owaz bilen gykuwlaşyp, tolkunlaryňa deger-degmez pessaýlap, birdenem asmana sary göterilýän guşlary diýsene! Olaryň ganat-perleri damjalaryň lowurdysy bilen sazlaşýar. Tolkunlaryň hereketi hoşuna gelýän ýaly uçýan ak çarlaklara bolsa howanyň sowuklygy-da kär etmeýän bolarly, olaryň sesi owadan owaz bolup daş-töwerege ýaýraýar. Guşlaryň düwlüp aşak gaýdyşlaryny görüp, olar göýä suwa gark bolaýjak ýaly, süňňüme birhili galpyldy aralaşýar. Oýunçy guşlar — çarlaklar üçin welin bu pasyl iň gyzykly günleri peşgeş berýän ýaly. Depäňdäki mawy giňişlikde erkana uçýan guşlar seniň gözelligiňi artdyrýar, deňzim. Şu pursat şahyryň: