"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şamçyrag

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Jümle jahan jigeriniň jemalyn,Jowur ak paýtagtyň çyrazyn görüň!Bu gün bagtyň reňki oňa ýar bolup,Şuglasyny berýär gymmatly dürüň.

Täze ýylyň bosagasynda

Gurbannazar EZIZOW Hany, geçiň giň saçagyň başyna!Bäş minut galypdyr onki bolmana.Döz geldik biz ýyllaň tomus, gyşyna,Sarpa goýduk bereketli ummana.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Adamyň ili bilen jebisligi, dosta wepalylygy, mertlige sarpasy bu adamkärçiligiň iň asylly ýörelgeleriniň — watançylygyň beýan edilmesidir. Watançylyk sözüniň manysyny bolsa, ýüregiňdäki telwasly sözler bilen beýan edeniň azlyk eder. Watançylygyň iň esasy şerti adam bolmakdadyr. Bu mert gerçekleriň ömrüniň bize galdyran sapagydyr. Mertler tutuş il-ulsuny özüne dost, ýakyn hemdem bilýär. Köýtendag sebitlerinde Abdyllahan galasy diýen bir köne gala bar. Ol barada okanlarymdan size ýetireýin. Abdyllahan ýaş wagtynda onuň kakasy:

Hoş geldiň, Täze ýyl!

Dünýäniň hoşzyban kelamy bolup,Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!Barlygyň bezemen jemaly bolup,Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara! Uýup beýik Pyragynyň pähmine,Eýlenip zamanaň gyzgyn mährine,Watan gujagyna — tylla tagtynaHoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!

Bagt getirsin Diýara!

Synmaz ynam bilen basyp ädimiň,Täze ýylym bagt getirsin Diýara!Kalbyny keşdeläp her bir adamyň,Täze ýylym bagt getirsin Diýara! Dostluk-doganlyga barýan ýol bile,Tutuş dünýä bilen, ähli il bilen,Tämiz niýet bilen, ýagşy päl bilen,Täze ýylym bagt getirsin Diýara!

Başagaýlyk

Täze ýyl baýramynda maşgala agzalarymyz bolup, naz-nygmatlar bilen bezelen saçagyň başyna jemlendik. Her kim dürli-dümen tagamlardan dadyşdyryp, birek-birege süýji arzuwlaryny ýollaýardy. Kiçi agtygym Maýsajygyň welin, saçak bilenem, daşyndaky myhman-mediwanlar bilenem seri ýokdy. Irgözinden bezenip beslenensoň ol otagda diken arçamyzyň daşynda aýlanyp, çagalar bagynda öwrenen goşgudyr aýdymlaryny zol-zol gaýtalaýardy. Soňabaka ol howlugyp: — Aýazbaba haçan gelerkä? — diýip, kä penjireden jyklap, käte gapynyň ýanyna baryp, diňşirgenip başlady. Men:

«Magtymguly, syrym çohdur...»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegini mähriban halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Umumadamzat gymmatlyklaryna saldamly goşant goşan Magtymguly atamyzyň giň ummana deňelýän döredijiligi islendik okyjyny özüne çekýär. Şahyryň goşgularyny okap, manysyna düşünmekçi bolanyňda, ýekeje setiriň özi hem uly bir mana eýe bolup, onuň aňyrsynda uly bir wakanyň ýa-da täsin rowaýatyň durandygyna göz ýetirýärsiň. Magtymguly atamyzyň «Gul bolgul» atly şygrynda:

Tymsallar

Gözýetim Bilesigeliji ýaş ýigitde gözýetimiň aňyrsynda nämeleriň bardygyny bilmek höwesi döräpdir. Ol şoňa ýetmek üçin ýola düşüpdir. Ýigit öňe ýöredigiçe gözýetim hem ondan daşlaşypdyr. Ol ylgapdyr, ýöne gözýetime golaýlaşmak başartmandyr. Ýigit otla münüp, has çalt hereket edipdir, ýöne ýene-de onuň tagallalary ýerine düşmändir. Soňra ol gämide ýüzüpdir, şonda-da ol gözýetimiň yzyndan ýetip bilmändir. Şol wagtlar gözýetim oňa örän täsin we şu döwre çenli hiç kim tarapyndan üsti açylmadyk syrlara baý ýaly bolup görnüpdir. Ol ýolda paýhasly adamlar bilen gürrüňdeş bolupdyr, köp syrlara akyl ýetiripdir, ýöne gözýetime bir ädimlik hem golaýlaşmandyr.

Beýik taryhyň beýany

Berkarar Diýarymyzda beýik şahyrymyzyň adyny göterýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şatlykly wakalara, şanly senelere, hoş habarlara baý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy barada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda aýdan hoş habary göwünlere ganat bekledi. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy bar. Baý medeni mirasy, taryhy gymmatlyklary özünde jemleýan, milli medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gülläp ösen döwri bolan geçmiş taryhymyz häzirki wagtda dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Asyrlar aşyp, halkymyzyň hakydasynda baky ýaşap gelýän bu hakykatyň Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserinde giň beýan edilmegi diýseň buýsandyrýar. Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän eserler diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä okyjylary üçin hem ähmiýetli gollanma öwrülýär.

Ak gar – bagt nury

(Hekaýa) Ine-de, penjireden bulut bürän tebigaty synlap durun. Hemmeler ýaly meniň üçin hem bu Täze ýyl üýtgeşik duýgulara beslenip geldi. Ejemiň öý işlerine gümra bolup, baýramçylyk saçagy üçin taýýarlaýan tagamlary öýümiziň içini doldurdy. Saçaga gerek zatlar üçin şäheriň bazaryna tarap ýola düşdüm. Öýümize golaý bolansoň bazara pyýada gaýdyşyma, ýol ugruna gyşyň tebigata çeken täsin portretini synladym. Kalbymdaky duýgular meni ýene-de bagtymyň sebäpkärine «sms» ýazdyrdy. Men Aknura hat ýazdym. «Salam Aknur! Täze ýyl baýramyň gutly bolsun! Bu gün agşam Baş arçanyň ýanyna gelersiň-ä?». Aknurdan habar bolmady. Men bazara aýlanyp, ejemiň sargydyny bitirdim. Soňam köňlümiň taryna owaz beren gyza Täze ýyl sowgatlygyny — garjagaza oranyp duran ýürek şekilli ýylanyň keşbini saýladym. Sessiz galan telefonymdaky sagada sereden wagtym Aknurdan gelen habary okadym. Ol öýlerine myhman gelýändigi üçin baýramçylyga baryp bilmejekdigini ýazypdyr. Birhili göwnüm çöken ýaly boldy. Birden oýa batdym.

Aşgabadyň binalary

Dünýä meşhur eziz ady, il-ulusyň göwün şady,Haýran edýär ýakyn-ýady Aşgabadyň binalary.Baky bahar-ýaza eýe, kalba direg, köňle söýe,Ýaraşyk her toýdan-toýa Aşgabadyň binalary. Göz aýlasam ýekän-ýekän, ömre nurdur ata mekan,Polat ýaly berk hem mäkäm Aşgabadyň binalary.Garaşsyzlyk binasyn gör, durşy bilen aýdym-mukam,Buýsanjym, synmaz mertebäm — Aşgabadyň binalary.

Buýsanç

Sungata bolan söýgi juwan ýürek joşumdyr,Şygyrlaryň giň jahanyň şugla saçýan çyragy.Beýik halkyň ebedilik şöhraty sen, şany sen,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy!». Türkmeniň däp-dessury, atalaryň messebi,Jemlenipdir şygyrlaňda perzentleriň edebi,Ýaşlara ganat hem nusga, göreldelik mekdebi,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy!».

Watan

Belent şöhrat-şan, mertebe,Bize berlen paýdyr Watan.Külli Oguz han nesline,Ýaradandan serpaý Watan. Guba gazly kölleriň bar,Soňlanmajak sazlaryň bar,Pasly bahar ýazlaryň bar,Halkyma peşgeşdir Watan.

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan

■ Ak zat alnyňa ýagşy. ■ Akyl — aýnamaz, altyn — çüýremez.

Kime näme sowgat bermek isleýärsiňiz?!

Baýramçylyk mynasybetli hemmelere lezzet paýlaýan sowgatlary taýýarlamak örän gyzykly we hysyrdyly meseledir. Hakykatdan-da, her kim öz isleýän zadyny sowgat almak isleýär. Ýöne ol islegleri öňünden nädip bilmeli. Ine, biziň bu çaklaňja ýazgymyz hut şol barada. Ata-eneler üçin sowgat. Biziň, ilkinji nobatda, iň mähriban ynsanlarymyz bolan ata-enemiz üçin sowgat saýlamagymyz gerek. Olaryň näme isleýändigini ýa-da olara näme gerekdigini gündelik durmuşdaky gürrüňler arkaly hem öwrenip bilýäris. Emma ene-atalarymyz bu barada söz açmaýan bolsa, onda biz pikirlenip, sowgat saýlamaly bolarys. Köpleriň pikirine görä, ejeler üçin iň ýakymly Täze ýyl sowgady galyň hem ýyly egne atylýan ýaglyk, maşgala suraty basylan jäç bulgur ýa-da fotoalbom, olara bagyşlanyp aýdylan aýdymlar, çagalarynyň öz elleri bilen çeken maşgala suratlary, gutlaglar bolup biler. Kakalarymyza öýüň ulusy, maşgalanyň başy hökmünde gymmat hem görnükli sagat, owadan boýunbag, iş stolunyň üstünde goýar ýaly bezeg heýkellerini saýlap bileris. Eger olarda balyk tutmaga höwes bar bolsa, onda täze tordur garmaklar, şaşka, küşt, düzzüm oýnaýan bolsa oýun esbaplary, kitaphon bolsa öz döwürdeş ýazyjylarymyzyň ýadygärlik ýazgysy ýazylan islendik bir kitaby, taryhy kinofilmleriň toplumyny sowgat bermek täsirli bolar.

Bosagadaky ýylyň öňüsyrasyndaky oýlar

Tamamlanyp barýan ýyl çuňňur paýhasyň hem almaz akylyň önüminiň ömürboýy öwrenijileri özüne çekýändigini öwretdi. * * *

Täze ýylymyz bagt getirsin!

Gowy sözleri eşitmegem, aýtmagam juda ýakymly. Aýratyn hem gutlag sözlerini. Täze ýyl baýramçylygy birek-birege gowy sözleri, süýji gutlaglary aýtmak üçin iň ajaýyp gün. Bu meselede suhanwer, dilewar adamlaryňky aňsat, olar ýüzbe-ýüz bolanlarynda-da, uzak aralykdan jaň edenlerinde-de biri-birinden owadan, ajaýyp sözler olaryň diline gelip duran ýaly. Aýt-aýt ýygra, utanjaňlaryň ýagdaýyny aýt. Käteler «Baýramyňyz bilen!», «Täze ýylyňyz gutly bolsun!» diýäýmeseler, owadan gürleşmegi başarman ýaýdanyp durandyrlar. Şu mynasybetli ýylan nyşany bilen gelýän Täze ýylyň bosagasyndan ätlejek dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny, ýakynlaryny, tanyşlaryny ýatdan çykmajak, ajaýyp sözler bilen gutlamak isleýän ildeşlerimiz üçin gutlag bukjalaryny taýýarlap, dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. Göwnümizi 2024-nji ýylyň ýakymly ýatlamalaryndan dolduryp, Täze ýyla gadam basýarys. Ýylan ýyly göwnüňizde beslän ähli arzuw-dilegleriňizi hasyl etsin!

Dürli ýurtlaryň baýramçylyk tagamlary

Täze ýyl baýramçylygynda maşgalaň we dostlaryň bilen saçak başynda ýygnanyşmak däbi köp ýurtlarda durmuşa ornaşandyr. Dürli ýurtlarda bu baýramçylykda myhmanlara haýsy tagamlaryň hödürlenilýändigi bolsa ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Geliň, bular barada durup geçeliň! Awstriýada, Wengriýada

Täze ýyl gijesi

Gijäniň çuňlugna çümdi töwerek, Aýdym sesi, gülki sesi kesildi.

Giňdir dünýä, geňdir dünýä

DAŞARY ÝURTLARDA TÄZE ÝYLY ŞEÝLE GARŞYLAÝARLAR Gawanada ýaşaýan adamlar Täze ýyl agşamy küýzä suw guýup ýarygijä çenli goýýarlar. Soňra sagat 12-de ýyl çalşansoň suwy ýere dökýärler.