"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Guş — gazna, toprak— tylla

(oçerk) Il­ki­ba­da onuň tu­tu­my­ny oň­la­ma­dyk­lar bol­dy. Tu­tan ýe­ri­ni go­par­ýan ýi­git we­li, di­ýe­nin­den dän­me­di. Ka­ka­sy So­py aga­la­ryň döw­let­ment, he­mi­şe ge­lim-gi­dim­li öýün­de güžžül­de­dip dü­ýe sa­gy­lar­dy, «gäw­miş ýa­ly» di­ýil­ýän sy­gyr­la­ryň her­si ir­den bir bed­re, ag­şam bir bed­re süýt be­rer­di, ke­tek­dä­ki gy­zyl ho­raz­la­ryň se­si şo dö­wür­dä­ki Tag­ta­nyň (hä­zir­ki Gö­rog­ly şä­her­çe­si) beý­le­sin­den eşi­di­ler­di, to­wuk­la­ryň guz­lan ýu­murt­ga­sy ki­çeň­räk ça­ga bed­re­si­ni dol­du­rar­dy. Eli uza­dan ýe­ri­ne ýet­ýä­nem bol­sa, So­py aga zyn­har­lar­dy: «Ýe­di ha­zy­na­nyň bi­ri­dir bu­laň her­si. Bi­lip go­ýuň, ýa­ta­gyň­da mal, ke­te­giň­de to­wuk-jüý­je bol­sa döw­le­tiň do­ly bol­du­gy­dyr».

Telekeçiler — ýurdumyzyň altyn gaznasy

GÖWÜNLERI GALKYNDYRAN PURSATLAR Hormatly Prezidentimiziň golaýda welaýatymyza iş saparynyň çäklerinde Görogly etrabynyň Türkmen ýoly geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyş bolmagy Garaşsyz ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny ösdürmäge berilýän uly ünsüň, azyk bolçulygynyň döredilmegi ugrundaky giň gerimli aladalaryň anyk nyşanyna öwrülip, bu ýerde zähmet çekýän adamlaryň kalbyny joşa getirdi. Bu olaryň ýürek buýsançlarynda, häzirki günlerde öz işlerine has-da yhlasly ýapyşýandyklarynda aýdyň ýüze çykýar.

Şa gadamy şamçyragdyr ýolumyza

Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna baryp, ol ýerde hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew hem-de onuň hünärmeni bilen duşuşyp, söhbetdeş boldy. Şol duşuşygyň özünde galan täsirleri dogrusynda gürrüňdeş bolmak üçin biz hem bu hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew bilen duşuşdyk. — Öremyrat, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmak, didarlaşmak, gör, nähili uly bagt!

Röwşen geljege tarap rowaç gadamlar

Halkyň hatyrasyna beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyz bilen il-günüň bir jan, bir tendigi, berkarar döwletimiziň 30 ýyllyk garaşsyz ösüş ýolunda ýeten sepgitleriniň dünýä ykrarnamasyna eýe bolanlygy we belent maksatlara tarap ynamly gadam urýandygy buýsançly hakykatdyr. Ýurdumyzda türkmen telekeçileriniň, senagatçylarynyň işleri bilen içgin gyzyklanylyp, olaryň armasy ýetirilýär. Muny geçen ýylyň dowamynda durmuşymyzda bolup geçen şanly wakalar hem tassyklaýar.

«Pla­net Labs» hem­ra­lar to­pa­ry ýo­ka­ry ösüş ga­zan­dy

«Pla­net Labs PBC» hem­ra kom­pa­ni­ýa­sy­nyň her bir paý­na­ma­dan alan gir­de­ji­si ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da 13,77% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 6,36 dol­la­ry­na ýet­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 1,47 mil­liard dol­la­ry­na barabar boldy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, «Pla­net Labs»-yň ýyl­lyk gir­de­ji­si ABŞ-nyň 124 mil­lion dol­la­ryn­dan geç­di. «Pla­net Labs»-da hä­zir­ki wagt­da 244 sa­ny «Earth Re­mo­te Sen­sing» hem­ra­sy­ bar­dyr. Olar ow­nuk hem­ra­lar bo­lup, gün­de­lik glo­bal hem­ra su­rat­la­ry­ny 50 santimetr du­ru­lyk­da dü­şür­mä­ge ukyp­ly.

«ShockWave Me­dical»-yň paý­na­ma­la­ry­na gy­zyk­lan­ma art­ýar

Ge­çen hep­de ma­ýa go­ýu­jy­lar luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän «ShockWave Me­dical» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­di­ler. Mu­ňa kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze sa­tyn al­mak me­ýil­na­ma­sy ba­ra­da­ky mag­lu­ma­tyň çap edil­me­gi iter­gi ber­di. Hu­su­san-da, «Bloom­berg News» ne­şi­ri «Pe­numb­ra» luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «ShockWave Me­dical» bi­len bir­leş­me­gi göz öňün­de tut­ýan­dy­gy­ny öňe sür­di. Se­bä­bi kom­pa­ni­ýa­nyň be­je­riş usu­ly­nyň has yg­ty­bar­ly­dy­gy nyg­tal­ýar we en­jam­la­ry­nyň sa­tu­wy­nyň ýyl­da ABŞ-nyň 8 mil­liard dol­la­ryn­dan ge­çip bil­jek­di­gi çak­la­nyl­ýar.

«In­tel» ABŞ-nyň 20 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýar

«In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, tä­ze za­wo­dy­ny gur­ma­ga «Grea­ter Colum­bus» se­bi­ti­ni saý­la­dy. Kom­pa­ni­ýa tä­ze za­wo­dy üçin ABŞ-nyň 20 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýar. Al­ba­ni­ýa­nyň Ko­lum­bus şä­her­çe­sin­de 1291 gek­tar meý­dan­da ýer­leş­jek täze za­wod­da 3000 adam zäh­met çe­ker. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, soň­ky wagt­lar­da «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy gir­de­ji­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ryn­da­ky bir­nä­çe za­wod­la­ry­na ma­ýa goý­ýar.

Gel­je­gi uly hyz­mat­daş­lyk

«Ta­ke-Two In­te­ractive Soft­wa­re» kom­pa­ni­ýa­sy komp­ýu­ter oýun­la­ry­ny dö­red­ýän we paý­la­ýan «Zyn­ga»-ny sa­tyn al­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu şert­na­ma kä­bir ma­ýa­dar­lar ta­ra­pyn­dan oňyn tes­wir­len­ýär. «Ta­ke-Two In­te­ractive Soft­wa­re» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 60 tas­la­ma­sy bo­lup, ýa­kyn gel­jek­de re­kord de­re­je­de ma­li­ýe ne­ti­je­le­ri­ni ga­zan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. «Zyn­ga» 2021-nji ýylyň dört çär­ýegin­de ABŞ-nyň 282 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak nagt gir­de­ji ga­zan­dy. «Ta­ke-Two In­te­ractive Soft­wa­re» hem-de «Zyn­ga» bi­le­lik­de iň uly ma­ha­bat we oýun plat­for­ma­sy­ny dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.

Soň­ky 12 aý­da gir­de­ji­si 55% ýo­kar­lan­dy

Iş aky­my­ny üp­jün edi­ji «Asa­na» kom­pa­ni­ýa­sy bar­ha ös­ýän ba­zar­da ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy ösüş he­re­ket­len­di­ri­ji­si amat­ly iş gur­şa­wy hem-de iş­gär­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­jeli­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýän çöz­güt­ler bo­lup, soň­ky 12 aý­da gir­de­ji­si 55% ýo­kar­lan­dy. Müş­de­ri­ler tas­la­ma me­ýil­na­ma­la­ry­ny dö­ret­mek we to­pa­ryň ag­za­la­ry­na ýu­muş­lar bu­ýur­mak üçin «Asa­na»-nyň çöz­güt­le­ri­ni ulan­ýar­lar. Mag­lu­mat üçin, hä­zir­ki wagt­da «Asa­na» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 2 mil­lion­dan gow­rak tö­leg­li ula­ny­jy­sy bo­lup, ol «Alp­ha­bet», «Zo­om» we «Sa­les­force» ýa­ly teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. 

«Ast­ra­Ze­neca Bio­tech»-iň mil­liard dol­lar­lyk sa­tuw müm­kin­çi­li­gi

«Ast­ra­Ze­neca Bio­tech» bio­teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önüm­le­ri­niň sa­tuw müm­kin­çi­li­gi ABŞ-nyň 1 mil­liard dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­la­nyp bi­ler. Bu bol­sa «Ast­ra­Ze­neca Bio­tech»-iň ýyl­lyk çär­ýek­le­ri­niň je­mi bo­ýun­ça ABŞ-nyň 35 mil­liard dol­la­ryn­dan gow­rak gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na iter­gi be­rer. «Ast­ra­Ze­neca Bio­tech»-iň bäs­deş­le­ri­niň az­ly­gy se­bäp­li, kom­pa­ni­ýa­nyň ösüş müm­kin­çi­li­gi uly. Mag­lu­mat üçin, kom­pa­ni­ýa «Ul­to­mi­ris» önü­mi bi­len 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de ABŞ-nyň 300 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­zan­dy.

Ýedi hazynanyň biri

Öremyrat SOPYÝEW,Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy: — Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna bolan iş sapary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günleriniň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz «Işewür topar» hojalyk jemgyýetimiziň guşçulyk toplumyna gelip, belent adamkärçiligi hem-de ýürekdeşligi bilen kalbymyzy nurlandyrdy, şatlygymyzy goşalandyrdy. Bu ajaýyp pursatlarda hojalyk jemgyýetimiziň hünärmenleriniň guşçulygy ösdürmek, ýerli önümleriň möçberini hem görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda alyp barýan işleri barada döwlet Baştutanymyza gürrüň bermek bagtynyň miýesser edendigine çäksiz begenýärin.

Işler sazlaşykly guralýar

Soňky ýyllarda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň çar künjeginde gysga döwrüň içinde dünýä ölçeglerine doly kybap gelýän häzirki zaman kuwwatly önümçilik kärhanalarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň «Owadandepe» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Türkmen aýna önümleri» döwlet kärhanasyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek baradaky tagallalaryny durmuşa geçirmekde netijeli işleri alyp barýan bu kärhana ýurdumyzda giň möçberde ulanylýan aýna önümlerini öndürmekde möhüm orun degişlidir. Onuň sazlaşykly işi bolsa bu önüme bolan islegiň doly kanagatlandyrylmagynyň esasy şerti bolup durýar. Kärhananyň ýyllyk taslama kuwwaty 4 millimetrlik float usuldaky aýnanyň 7,2 million inedördül metrine ýa-da 72 müň tonnasyna deňdir. Bu önümçilik toplumynda ýylda 3,95 million inedördül metr aýna, 1 million inedördül metr tonirlenen aýna, 100 müň inedördül metr laminirlenen aýna, 300 müň inedördül metr taplanan aýna paketleri öndürmäge mümkinçilik bar.

Telekeçilik ösüş ýolunda

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ýokary depginde ösýän pudaklarynyň biri bolan telekeçilik ulgamy bazar ykdysadyýetine geçiş şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Hususy ulgamda importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmek maksady bilen amala aşyrylýan işleriň netijesinde oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň täze ugurlarynyň birnäçesi üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagtda türkmen işewürleriniň yhlasy bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde kiçi we orta telekeçilik ösdürilýär. Ykdysadyýetiň esasy ulgamlaryna wekilçilik edýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri giň möçberli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga mynasyp goşant goşup, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýärler. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde hem hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Hususy telekeçileriň ýurdumyzyň elektron senagaty we elektrotehnika, gurluşyk we gurluşyk senagaty pudaklarynda, ulag we logistika ulgamynda, himiýa önümçiliginde, obasenagat toplumynda, azyk harytlarynyň we ýeňil senagat önümleriniň önümçiliginde gazanan oňyn netijeleri göwünleri galkyndyrýar. Bu günki gün milli öndürijileriň öndürýän harytlary we ýerine ýetirýän hyzmatlary hil taýdan dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Milli h

Elektrik enjamlary öndürilýär

Türkmenistan dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça baý döwletleriň biri bolmak bilen, diňe içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge ukyply bolman, eýsem, onuň eksportynyň möçberini yzygiderli artdyrýar. Ýurdumyzyň elektroenergetika senagatynda berjaý edilýän işler häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilýär hem-de elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar. Bu pudakda netijeli işleýän, hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda» Kararyna laýyklykda döredilen kärhanalaryň biri-de «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Ol Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär.

Balykçylyk hojalyklary we balyk senagaty: hususyýetçilere döwlet goldawy artýar

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde «Arkadagyň Şa gadamy — berekediň gönezligi» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hususy balykçylyk hojalyklarynyň wekilleri, telekeçiler gatnaşdylar. Maslahatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň çykyşlary diňlendi, sungat ussatlarynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny wasp edýän aýdymlary ýaňlandy.

Arkadag goldawyndan ruhlanyp

Gahryman Arkadagly zamanamyzda tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan her bir ynsana belent sarpa goýulýar. Şanly seneleredir taryhy wakalara baý bolan 2021-nji ýylyň soňky günlerinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşan ildeşlerimiziň ençemesi hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglandy. Şolaryň hatarynda telekeçiligiň birnäçe ugurlarynda üstünlikli iş alyp barýan hususy işewür Toýly Çaryýew hem bar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda Şa serpaýyndan paýly telekeçi bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol biziň sowallarymyza jogap berip, ajaýyp döwrümize buýsanjyny beýan etdi. — Toýly aga, ilki bilen, sizi Şa serpaýyna mynasyp bolmagyňyz bilen gutlaýarys we işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýäris!

Meşhurlaryň durmuş ýolundan

Meş­hur te­le­ke­çi, «Ali­ba­ba Group» kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dy­ran, Hy­ta­ýyň iň baý adamy Jek Ma her bir ada­ma özü­ňe yna­nyp, er­jel­lik bi­len zäh­met çe­ke­niň­de mak­sa­dy­ňa ýe­tip bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň my­sa­ly­dyr. En­çe­me meş­hur adam­la­ryň yk­ba­lyn­da bol­şy ýa­ly, onuň hem ro­waç­ly dur­mu­şa ta­rap ýo­ly çar­kan­dak­ly bo­lup­dyr. Iň­lis di­lin­de gür­leş­mek ba­şar­ny­gy­ny ös­dür­mek on­da ýet­gin­jek ýyl­la­ryn­dan baş­lap­dyr. Jek her gün myh­man­ha­na ba­ryp, ol ýe­re Ame­ri­ka­dan ge­len sy­ýa­hat­çy­la­ry hak al­maz­dan, ge­ze­len­je şä­he­re aý­lar eken. Ol bu — dil öw­ren­mek işi bi­len do­kuz ýyl meş­gul­la­nyp­dyr. Jek Ma mek­de­bi ta­mam­lan­dan soň­ra ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ne sy­na­ny­şyp, iki ýyl gi­riş sy­na­gyn­dan ge­çip bil­me­ýär. Oňa ahy­ry — üçün­ji ýyl tu­tan­ýer­li­lik bi­len taý­ýar­lan­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, mu­gal­lym­çy­lyk ug­ru­na oku­wa gir­mek ba­şar­dyp­dyr.

Ýere daýanan utýar

Ýere eýelik etmek, ondan bol hasyl öndürmek, girdeji gazanmak ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgedir. Bu barada halk arasynda birnäçe nakyllardyr atalar sözi hem döräpdir: «Ýer daýhany dabanyndan tanarmyş», «Ýer görki — galla, adam görki — elde», «Ýere gulluk eden bir ýyldan baý bolar, mala gulluk eden — ýedi ýyldan», «Ýeri baýyň ili baý», «Ýeri eý gör — eklär, maly eý gör — saklar». Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalygyny girdejili pudaga öwürmek ugrunda düýpli işler alnyp barylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiligini herekete getirmek üçin täze, netijeli usullary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak zerurdyr» diýip, belleýär.

Eksport ugurly harytlar

Häzirki zamanyň islegli önümi Okyjy, belki-de, ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup, dürli görnüşli asma potoloklaryň önümçiligini ýola goýan «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti bilen tanyşdyr. Köpimiziň ýaşaýan öýümizi, işleýän edara binamyzy bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän asma potoloklar bezeýändir. Telekeçiler Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik merkezinde ornaşdyrylan iň häzirki zaman, öňdebaryjy enjamlarda her ýylda asma potoloklaryň 4 million inedördül metrini, sinklenen metal önümleriniň hem 7 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik tapýarlar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän bu kärhana hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sanly ulgam syýasatyna eýerýän we müşderiler üçin amatlyklary döredýän onlaýn platformasy bilen hem işleýär. Bu bolsa işewürleriň döwrüň ösen talaplaryna görä iş alyp barýandyklaryny görkezýär. Häzirki wagtda ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply asma potoloklaryň we profil sistemalaryň 36 müň inedördül metre golaýynyň daşary ýurtlara eksport edilmegi olaryň yhlasly zähmetiniň miwesidir.

Döwrebap kärhananyň hyrydarly önümi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ummasyz gorlara daýanýan uglewodorod serişdelerini dünýä ylmynyň gazanan häzirki zaman tehnologiýalary arkaly senagat taýdan gaýtadan işläp, halkara bazarlarda bäsleşige ukyply, sarp edijileriň durnukly artýan isleglerinden peýdalanýan önümleriň önümçiligini ýola goýmaga hemişe uly üns berýär. Bu asylly maksadyň rowaçlyklara beslenmegine ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirýär. «Garabogazkarbamid» zawody hem şeýle tutumlaryň çäklerinde gurlup, ykdysadyýetimiziň gazhimiýa pudagynyň okgunly ösmegine netijeli itergi berdi. Zawodda öndürilýän karbamid döküni, ilkinji nobatda, daşarky bazarlara çykarmaga niýetlenendir. Kärhananyň öndürýän önümine daşarky sarp edijiler uly gyzyklanma bildirýärler. Karbamid dökünine içerki we daşarky bazarlarda durnukly artýan islegler kämil tehnologiýalara, ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan bu senagat kärhanasyna ýubileý ýylyny mynasyp  zähmet görkezijilerine beslemäge mümkinçilik berdi. Netijede, kärhananyň zähmet topary geçen ýylda karbamid döküniniň 989 müň 111 tonna golaýyny öndürmegiň hötdesinden geldi. Agrosenagat toplumynda ýokary islege eýe bolan bu döküni öndürmekde zerur çig mal bolup hyzmat edýän suwuk ammiagyň 570 müň 466 tonnadan gowragy öndürildi. Ýeri gelende aýtsak, häzirki zaman gazhimiýa kärhanasynda öndürilen döküniň 967 müň 886 tonnadan gowragy sarp edijilere ýetirilip, şonuň 455 m