"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwrebap kärhana ulanmaga berildi

Düýn Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginde diş çotgalaryny öndürýän kärhana açylyp, ulanmaga berildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze saba» hojalyk jemgyýetine degişli bolan täze, döwrebap kärhananyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp işe girizilmegi bagtyýar ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek, hususyýetçileri goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply milli önümleriň möçberini artdyrmak hem-de eksportyň möçberini ýokarlandyrmak, oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek ugrunda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.

«Nurly meýdanyň» berekedi

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda, türkmen telekeçilerine, hususyýetçilerine aýratyn uly ynam bildirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji aprelinde geçirilen mejlisinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň işini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmegi tabşyrmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle mümkinçilikleriň netijesini Balkan welaýatyndaky hususy kärhanalaryň gazanýan üstünliklerinde-de görmek bolýar. Mundan 10 ýyla golaý wagt öň Bereket etrabynyň çäginde döredilen «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň häzirki wagtda 400 gektar çemesi ýeri bolup, şonuň 344 gektara barabary dürli ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanylýar. Şonça meýdanyň 50 gektaryny önümçilik desgalary eýeleýär. Döredilen ilkinji gününden bäri bu daýhan hojalygynyň bölümlerinde hususy hem-de uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna önümçiligi ösdürmäge, öndürilýän önümleriň bahasyny arzanlatmaga, işçi güýjüni tygşytlap, agyr işleri ýeňilleşdirmäge niýetlenen kämil enjamlaryň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ýerde ýylda 75 müň tonna barabar kombinirlenen iým taýýarlaýan ýörite önümhana işleýär.

Islegli harytlaryň hatarynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji günlerinden joşgunly zähmet çekip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň has şöhratlanmagyna goşant goşýan önümçilikleriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Mary şäherinde ýerleşýän, 2017-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän «Kilwan» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Hojaly» hojalyk jemgyýetidir. Döwletimizde döredilen amatly ýeňilliklerden we mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, bazar bolçulygynyň has pugtalandyrylmagyna daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan harytlaryň köp öndürijiligine mynasyp goşant goşýan kärhana öndürýän önümleriniň hil derejesine aýratyn ünsli çemeleşýär. Şonuň üçin hem öz işine yhlasly ýaşlaryň köpsanlysyny özünde jemleýän kärhananyň öndürýän önümleriniň hyrydarlary barha köpelýär.

Te­le­ke­çi­lik işi­niň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy

Ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­lik işi­niň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, «Te­le­ke­çi­lik işi ha­kyn­da», «Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak ha­kyn­da», «Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si ha­kyn­da (re­je­le­nen gör­nü­şi)» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry ka­bul edil­di. «Te­le­ke­çi­lik işi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny III bö­lüm­den we 16 mad­da­dan yba­rat bo­lup, eýe­çi­li­giň äh­li gör­nüş­le­ri­niň deň­lik düz­gü­ni­ni dur­mu­şa ge­çir­mek, ra­ýat­la­ryň öz em­lä­gi­ne öz­le­ri­niň er­kin erk edip, haý­sy ugur­da­ky iş­de iş­le­jek­di­gi­ni öz­le­ri­niň er­kin saý­lap alyp bil­mek­le­ri esa­syn­da, ola­ryň iş bi­ti­ri­ji­li­gi­ni hem-de ugur­ta­py­jy­ly­gy­ny giň­den ýü­ze çy­kar­mak üçin şert dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

«Täç hil» — hiliň kämilligi

Ýurdumyzyň iri pudaklarynyň biri bolan ykdysadyýet toplumy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň aýdyň ösüşli geljegine tarap uly ädimler bilen öňe barýar. Eýsem-de, «Ýurduň ösüşi nämelere baglyka?» diýen sowala ýeke sözde: «Ykdysadyýet» diýäýmek galýar. Sebäbi her bir ýurduň ösüş derejesi onuň ykdysadyýetine bagly bolmak bilen bir hatarda, ol özüne ýekänme-ýekän beýleki ulgamlary-da çekýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimiziň ösüşli menzillerini barha artdyryp, ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da berkitmek ugrunda eýýäm ençeme ägirt uly işler bitirildi. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergi hem ýene bir gezek subut etdi. Eýsem, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek ugrunda haýsy işler amala aşyryldy diýen sowala kiçi bolmadyk şeýleräk bir jogap bilen ýüzlensek, onda örän ýerlikli bolar. Geljegimiziň uly ösüşlerini nazarlap, kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem bellenilişi ýaly, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine öň hem bolşy ýaly, mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldaw bermegi ýola goýmak baradaky kabul edilen çözgütler milli ykdysadyýetimizde hususyýetçiligi ösdürmäge, häzirk

«Altyn gülüň» pomidorlary

«Altyn gül» hususy kärhanasy Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginde ýerleşýär. Bu hususy kärhana Jorakuly Hemraýew ýolbaşçylyk edýär. «Altyn gül» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanasynda häzirki wagtda pomidoryň «Marwelans» sorty ösdürilip ýetişdirilýär. Mundan başga-da, pomidoryň bu sortunyň ýanynda «Çerri» görnüşi hem bar. Bu ýerde otuz sany işgär zähmet çekýär. Olar, esasan, ýyladyşhanada pudama, ýaprak alma, dolama işlerini geçirýärler.

«Toyo­ta Mo­tor» ABŞ-da­ky za­wod­la­ry­na ma­ýa go­ýar

Ýa­po­ni­ýa­nyň «Toyo­ta Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy dört slindr­li he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­niň we gib­rid elekt­rik ulag­la­rynyň önüm­çi­li­gi­ni giňeltmek mak­sa­dy bi­len, ABŞ-da ýer­le­şýän za­wod­la­ry­na ABŞ-nyň 383 mil­lion dol­la­ry möçberinde ma­ýa goý­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ma­ýa­ go­ýu­myň ABŞ-nyň 222 mil­lion dol­la­ryny «Toyo­ta Mo­tor­»-yň ABŞ-nyň Ala­ba­ma şta­ty­nyň Hants­wil şä­he­rin­dä­ki za­wo­dy­na, ABŞ-nyň 16 mil­lion dol­la­ryny Ken­tuk­ki şta­ty­nyň Jorj­taun şä­he­rin­de ýer­le­şýän za­wo­dy­na, ABŞ-nyň 109 mil­lion dol­la­ry Mon­ta­na şta­ty­nyň Tro­ýa şä­he­rin­de ýer­le­şýän za­wo­dy­na, ABŞ-nyň 36 mil­lion dol­la­ry­ny bolsa Ten­ne­si şta­ty­nyň Jek­son şä­he­rin­de ýer­le­şýän za­wo­dy­na harç­lar. Ge­çen birža söw­da­laryn­da «Toyo­ta Mo­tor»-yň paý­na­ma­la­ry 2177 ýe­n­den sa­tyl­dy.

«Audi» il­kin­ji mi­ni­we­ni önüm­çi­li­ge goý­ber­di

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» kon­ser­ni­ne de­giş­li «Audi» kom­pa­ni­ýa­sy aw­tou­la­gyň «Sfe­ra» se­ri­ýa­sy­nyň üçün­ji gör­nü­şi­ni gör­kez­di. Ýag­ny «ur­bansp­he­re» at­ly bu mik­roaw­to­bus «quatt­ro» ýa­ly, ady ki­çi harp bi­len ýa­zyl­ýar. Bu aw­tou­lag mar­ka­synyň ta­ry­hyn­da gör­ke­zi­len iň iri ser­gi aw­tou­la­gy bol­dy. Aw­to­ka­ryň göw­rü­miniň uzyn­ly­gy 5,5 met­re ba­ra­bar­dyr. Ol ho­wa zo­lak­la­ry, iki sa­ny elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri, dört ti­gi­ri he­re­ket­len­di­ri­ji we kuw­wa­ty 120 kWt bo­lan ba­ta­re­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. He­re­ket uzak­ly­gy 750 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Aw­tou­lag dör­dün­ji de­re­je­li aw­to­pi­lot bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr, şo­nuň üçin ol ze­rur bo­lan­da öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýär. Ge­çen birža söw­da­lar­ynda «Volks­wa­gen»-iň paý­na­ma­la­ry 155,10 ýew­ro ba­ra­bar bol­dy.

Milli harytlaryň «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekili taýýarlanylýar

Ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek üçin «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşan taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 22-nji aprelde geçirilen mejlisinde habar berildi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.  Şoňa görä-de, «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Telekeçilik giň gerimde ösdürilýär

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi netijesinde bazarlarymyz halkyň sarp edýän köp görnüşli önümleri bilen üpjün edilýär. Telekeçiligi höweslendirmek we hemmetaraplaýyn goldamak, kiçi we orta hususyýetçiligi ösdürmäge ýardam etmek döwlet derejesindäki möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ykdysadyýetiň bu ulgamyny ösdürmegiň ünsden düşürilmeýändiginiň alamatydyr.  Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine maliýe we maddy serişdeleri bermek, olara hukuk, ykdysady we gaýry maglumatlaryň, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet mak-satnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýän maýa goýumlary höweslendirmek, täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinden harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyny bäsleşik esasynda amala aşyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini maliýeleşdirmegiň ýörite maksatnamalaryny amala aşyrmak, daşary ykdysady işi, sebitara hyzmatdaşlygyny, şeýle hem olaryň eksport mümkinçiligini ösdürmäge ýar

Döredijilikli işleriň guwandyryjy netijesi

Türkmen işewürleriniň önümleriniň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda birnäçe günläp dowam eden sergisi öz işini tamamlady. Telekeçileriň gazananlarynyň däp bolan gözden geçirilişi ýokary derejede, üstünlikli jemlendi. Hormatly Prezidentimiziň 13-nji aprelde sergide bolup, ol ýerde görkezilýän önümler, hödürlenen taslamalar bilen tanyşmagy, täze harytlar bilen gyzyklanmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň şol günlerde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleriň karz berilmegi, ýagny hormatly Prezidentimiziň hususy işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek baradaky aladasy türkmen telekeçilerini has-da begendirdi.

Ýurduň altyn gaznasy

Türkmen telekeçileri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýarlar. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde kiçi we orta telekeçiligiň paýy artýar, hususy telekeçiler özleri üçin täze bazary, şol sanda daşary ýurt bazaryny özleşdirýärler. Olaryň hödürleýän harytlarynyň we hyzmatlarynyň hili we görnüşleri bazar ykdysadyýetiniň öňdäki orunlaryna ynamly çykýan Watanymyzyň telekeçiliginiň ösüş depginleriniň we mümkinçilikleriniň barha ösýändigine şaýatlyk edýär. Hususy telekeçiler ýurduň ägirt baý tebigy gorlaryny ulanmakda, senagaty ösdürmekde, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde, dokmaçylyk işlerini, mebel önümçiligini, milli senetleriň söwdasyny we beýlekileri ýola goýmakda, öndürýän önümleriniň ýokary hili bilen bäsdeşlige üstünlikli hötde gelýän, özleri üçin täze bolan, şol sanda daşary ýurt bazar ugurlaryny özleşdirmekde ýeterlik tejribe topladylar.Türkmenistanda işewür düzümler yzygiderli kämilleşdirilýär, häzirkizaman söwda toplumlary, dükanlar, dürli hyzmat ediş desgalary gurulýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan tutuş ýurdumyz boýunça durmuş we medeni ähmiýetli desgalaryň ýüzlerçesinde işler alnyp barylýar.

Hil — kämilligiň gözbaşy

düýn türkmen telekeçileriniň gazananlaryna bagyşlanan sergi öz işini tamamlady Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatyndan, döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan türkmen telekeçileri importuň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenilen önümleri öndürmek işinde uly tejribe topladylar. Geçen hepde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralan sergi hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Ýokary hilli önümleri öndürmekde öňdebaryjy tejribä eýe bolan hususy düzümleriň biri-de TSTB-niň agzasy bolan «Täç hil» hususy kärhanasydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň  14 ýyllygy mynasybetli guralan sergi-ýarmarka

«7/24.tm», № 16 (99), 18.04.2022. DÄBE ÖWRÜLEN SERGI

Täze ýokary okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy hoş habarlara, buýsançly wakalara beslenip geldi. Hormatly Prezidentimiziň şanly sene mynasybetli guralan foruma gatnaşmagy hem-de TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Karara gol çekmegi taryhy ähmiýete eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň çalt depginli ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen gol çekilen Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy. Ýokary okuw mekdebiniň gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Tä­ze­lik, tä­sin­lik gö­reý diý­se­ňiz...

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň şu günler dowam edýän sergisiniň öz täzelikleri, täsinlikleri bilen uly gyzyklanma döredýändigi ol ýere gündelik barýan mähelleden mälim. Ildeşlerimiz serginiň ýakymly täsirleri baradaky pikirlerini biri-birleri bilen paýlaşýarlar. Bu gezekki serginiň öňkülerden has üýtgeşik bolandygyny aýdýarlar. Olary diňläp, işewürlerimiziň yhlasly zähmetine ýene-de bir gezek «Berekella!» diýýärsiň. Sergi zalyndaky pawilýonlaryň birinde ýerleşdirilen gök-bakja ekinleriniň şitilleri, «pawlowniýa» diýlip atlandyrylýan täsin agaç nahallary ünsüňi çekýär. Baharyň ajaýyp keşbini janlandyrýan bu görnüşi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ezber daýhan» daýhan hojalygynyň hünärmenleri döredipdir. Pomidor, hyýar, bulgar burçy... Döwrebap ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän ýaşajyk nahallar — ertirki günüň bol hasyly, ak bazarlarymyzyň, mukaddes saçaklarymyzyň berekedi. Owadan, iri ýaprakly pawlowniýa agajy — gymmatly çig mal, ekologik arassaçylyk hem-de gözellik. Telekeçi Arslan Nurgeldiýew daýhan hojalygyny döredip, bu asylly işleri ýola goýanda, olaryň halkymyza getirjek peýdasyny göz öňünde tutupdy.

Türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň tä­ze önüm­le­ri

Dö­re­di­ji­lik­li işiň ne­ti­je­si şow­lu­ly­ga bar­ýar. Biz mu­ňa türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni syn­la­ny­myz­da-da aý­dyň göz ýe­tir­dik. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 14 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lanyp ge­çi­ril­ýän ser­gi­de täze önüm­le­r bilen tanyşdyk.  Bu ser­gä azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän «Owa­dan ül­ke» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti şu ýyl çy­kan tä­ze önüm­le­ri bi­len öz pa­wil­ýo­ny­ny be­zäp­dir. «Ma­ýo­nez», «Po­mi­dor üw­me­ji», «Hoz­ly De­sert pas­ta­sy», «Ha­zy­na» (mes­ge ýa­gy) söw­da ny­şan­ly täze önüm­ler ýa­kyn gel­jek­de türk­men hal­ky­nyň mu­kad­des sa­ça­gy­nyň naz-nyg­ma­ty bol­mak bi­len çäk­len­män, da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň hem ösen is­le­gi­niň eýe­si bo­lar. 2016-njy ýyl­da dö­re­di­len bu ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti il­kin­ji gezek «Nur» ha­ryt ny­şa­ny bi­len önüm ön­dü­rip baş­lap­dy.

«BE­RE­KET­LI» HO­JA­LYK JEM­GY­ÝE­TI­NE 30 ÝYL

Aş­ga­bat­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi zalynda Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 14 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li geçirilýän ser­gi­de öň­de­ba­ry­jy kärhanala­ryň 200-e go­la­ýy­nyň pa­wil­ýon­la­ry gör­ke­zil­ýär. Şo­la­ryň ara­syn­da «Be­re­ket­li» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti-de bar. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň dö­re­dil­me­gi­ne 30 ýyl dol­ýar. Bu ba­ra­da «Be­re­ket­li» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň hü­när­me­ni Gül­mer­jen Ka­za­ko­wa şeý­le gürrüň berdi: — «Be­re­ket­li» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti 1992-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Soň­ky 30 ýy­lyň için­de ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­miz özü­niň ön­dür­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri bi­len ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň we da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň uly yna­my­na my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­dy. Şu gün­ki gün­de bi­ziň za­wo­dy­myz­da hü­när­men­le­riň uly to­pa­ry zäh­met çek­ýär. Iş­le­ýän­le­riň iş we dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ra esas­la­nyp, ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­miz bir­nä­çe iş­le­ri ama­la aşyr­ýar.

«Franchi­se» holdingi sa­tyn al­mak bäs­le­şi­gi­ne go­şul­ýar

«Wi­ta­min Shop­pe» we «Bud­dy's Ho­me Me­bel» ýa­ly bö­lek sa­tuw dü­kan­la­ryň eýe­si «Franchi­se» hol­dingi uni­wer­mag­lar top­lu­my­ny — «Kohl's» korporasiýasyny sa­tyn al­mak me­ýil­na­ma­sy­ny yg­lan et­di. «Franchi­se» her paý­na­ma ABŞ-nyň 69 dol­la­ry­ny tö­lär, ge­le­şi­giň umu­my ba­ha­sy bol­sa ABŞ-nyň, tak­my­nan, 9 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lar. Ýö­ne şeý­le-de bol­sa, «Franchi­se»-iň tek­li­bi iň ýo­ka­ry däl­dir. Gym­mat ba­ha­ly saý­la­ma ha­ryt­la­ry sat­ýan dü­kan­la­ryň ope­ra­to­ry «Hud­son's Bay» kom­pa­ni­ýa­sy «Kohl's»-yň her paý­na­ma­sy­na ABŞ-nyň 70 dol­la­ry­ny tö­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýd­ýar. Ge­çen birža söw­da­laryn­da «Kohl's»-yň paý­na­ma­la­ry 5,35% ös­di we ABŞ-nyň 60,3 dollaryna ba­ra­bar bol­dy.

«Phil­lips 66» kompaniýasynyň baş di­rek­to­ry iş­den gid­ýär

Ame­ri­ka­nyň «Phil­lips 66» köp­mil­let­li ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­syn­da 10 ýyl iş­län Greg Gar­land 2022-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­dan kom­pa­ni­ýa­nyň baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry we­zi­pe­sin­den gid­ýän­di­gi­ni yg­lan et­di. Gar­land di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji baş­ly­gy we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rer, kom­pa­ni­ýa­nyň pre­zi­den­ti we baş iş do­lan­dy­ry­jy­sy Mark La­şer bol­sa, baş di­rek­tor we­zi­pe­si­ni öz üs­tü­ne alar. Kom­pa­ni­ýa­nyň kär­ha­na­la­ryn­da se­na­gat, aw­tou­lag, de­ňiz we awia­si­ýa ýag­la­ry, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy, ýük aw­tou­lag­la­ry we gar aw­tou­lag­la­ry üçin ýag­la­ý­jy ji­sim­le­r ön­dü­ril­ýär. Ge­çen birža söw­da­laryn­da «Phil­lips»-iň paý­na­ma­la­ry 0,63% ös­di we ABŞ-nyň 81,97 dol­la­ry­na deň bol­dy.