"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Önümçilikde — täze önümler

Marynyň öňki gön zawodynyň binýadynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredilen «Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň iş tejribesi ýurdumyzda önümçilik kärhanalaryny hususylaşdyrmaklyga alnan ugruň bähbitlerini aýdyň görkezýär. Paýdarlar jemgyýeti döredilmänkä, bu könelişen önümçilikde 100 çemesi adam zähmet çeken bolsa, häzir işgärler birnäçe esse artdy. Öndürilýän önümleriň görnüşleri we möçberi üznüksiz artyp, hili barha ýokarlanýar. 2020-nji ýylda döredilen bu paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylary Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we «Röwşen aýakgaplary» hususy kärhanasynyň ilkinji günlerden kärhananyň durkuny täzelemäge, önümçiligi giňeltmäge, önümleriň görnüşlerini artdyrmaga we hilini gowulandyrmaga ugur almaklary oňat netije berdi. Üç ýylyň dowamynda kärhananyň çägi uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Önümçiligi dowam etdirmek we giňeltmek bilen bir wagtda dolandyryş, önümçilik hem-de hyzmat ediş binalarynyň hemmesiniň durky täzelenýär, abatlanýar, rejelenýär. Könelişen enjamlaryň abatlanmagynyň we çalşyrylmagynyň hasabyna, kärhananyň esasy önümçilik ugry — gön önümlerini öndürmek boýunça iş orunlarynyň sany artdyryldy. Eýeçiligiň täze görnüşinde işlenen ilkinji ýylda kärhana 14 million inedördül desimetr gön öndürip, köp ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek öz önümçilik kuwwatlylygyna ýakynlaşdy. Soňky iki ýylyň n

Diýarymyzyň bazarlarynda möwsümleýin önümleriň bolçulygy üpjün edilýär

Tomus paslynyň gelmegi bilen, bereketli bazarlarymyzyň gözüňi dokundyryjy görnüşi, möwsümleýin önümleriň bolçulygy göwnüňi galkyndyrýar. Bu görnüşleri synlanyňda, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň çalt depginler bilen ösýän, milli ykdysadyýetimiziň özgerişliklerini şöhlelendirýän pudaklaryň hatarynda uly üstünlikler gazanylýandygy guwandyrýar. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagy bolsa, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, söwda toplumynyň ösdürilmeginde telekeçilik pudagyna aýratyn orun degişlidir. Şunda ýaşlary telekeçilige çekmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

Hususy işewürlik sazlaşykly ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady we durmuş şertleri döredildi. Hormatly Arkadagymyzyň asylly işlerini dowam edýän Arkadagly Serdarymyz telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Döwletimiz tarapyndan senagatçylar we hususy telekeçiler üçin ýeňillikli karzlar, oňaýly salgyt ulgamy ýaly amatly şertler üpjün edilýär. Şeýle çäreleriň netijesinde milli öndürijilerimiz onçakly uzak bolmadyk döwürde ýokary hilli önümler bilen içerki bazary üpjün etmekde hem-de daşary ýurtlara çykarmakda nusgalyk işleri bitirdiler. Türkmen telekeçileri häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalara, şol sanda paýtagtymyzdaky iri söwda merkezleriniň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, Arkadag şäheriniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.

«Sa­pa­ly ja­ýyň» hy­ry­dar­ly ha­ryt­la­ry

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, hususy pudagyň mundan beýläk-de döwre laýyk ösdürilmegi üçin giň ýol açyldy. Hormatly Prezidentimiz: «Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir» diýip jaýdar belleýär. «Sapaly jaý» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri dogrusynda kärhananyň önümçilik sehiniň müdiri Aziz Gabibow bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. — Aziz, söhbedimiziň başyny «Sapaly jaý» hususy kärhanasynyň telekeçilik işine girişmegi baradaky gürrüňlerden hem-de bu ugra ädilen ilkinji ädimlerden başlaýalyň!

Türkmen işewürleriniň kuwwatly önümçiligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen işewürleri täze zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Çünki milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek, işewürleriň her bir başlangyçlaryny goldamak hem-de döwrebap işewürlik düzümini kemala getirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda hususy ulgam ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bazar ulgamynyň döredilmeginiň möhüm bölegi bolan hususy işewürligiň ösdürilmegine uly ýardam berýär. Olaryň innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge gatnaşyklaryny goldaýar. Türkmen işewürlerine goldaw berilmegi we ynam bildirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň bazarlarynda harytlaryň bolçulygyny döredýärler. Milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň günsaýyn gowulanmagyna oňyn täsir edýär.

«Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň önümleri Hytaýyň bazarynda satuwa çykarylar

18-20-nji maý­da «Al­tyn Ýu­nus» hu­su­sy kär­ha­na­sy Şan­haý­da ge­çi­ri­len azyk önüm­le­riň we iç­gi­le­riň «SI­AL Chi­na» at­ly hal­ka­ra ser­gi­si­ne gat­naş­dy. Ýa­kyn wagt­da «Al­tyn Ýu­nus» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň önüm­le­ri Hy­ta­ýyň ba­za­rla­ryn­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Kär­ha­na «SI­AL Chi­na» at­ly hal­ka­ra ser­gi­sin­de bir­nä­çe ýer­li dist­rib­ýu­tor­lar bi­len şert­na­ma­la­ry bag­laş­dy.

Ara­lyk ekin — goş­ma­ça gir­de­ji çeş­me­si

Döw­let­gel­di BAL­LY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň hal­ka­ra hu­su­sy hu­ku­gy ug­ru­nyň ma­gist­ran­ty, te­le­ke­çi. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar ba­bat­da, şol san­da oba ho­ja­ly­gyn­da hem uly öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da bu pu­da­gy döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýer eýe­le­ri­niň tej­ri­be­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, önüm­çi­li­giň tä­ze­çil usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ar­ka­ly, ön­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň muk­da­ry­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Datly önümlere isleg uly

Telekeçiligi ösdürmek we goldamak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli berilýän goldawlaryň netijesinde telekeçilerimiziň öndürýän harytlary diňe bir içerki bazarlary üpjün etmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurduna hem eksport edilýär. «Ak gar» hususy kärhanasynda alnyp barylýan işler hem munuň aýdyň mysalydyr. «Ak gar» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Senagat toplumynda ýerleşýär. Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan önümhanada 100-e golaý hünärmen zähmet çekýär. Hususy kärhanada 2011-nji ýylda diňe gandyň sanaýmaly görnüşiniň önümçiligi ýola goýlan bolsa, bu günki gün onuň 12 görnüşi bilen bir hatarda «Ak gar» haryt nyşanly Gündogar süýjüleriniň 6 görnüşi öndürilýär. Kärhanada şeýle hem 15 görnüşli gaty karamel, 10 görnüşli huruşsyz taýajyk şekilli süýji, 5 görnüşli taýajykly karamel, 12 görnüşli huruşly, çeýnelýän süýji öndürilýär. Nabat, konditer önümçiliginde giňden ulanylýan hamyr gabartmasy, şeker, kakao tozlarydyr wanilli şeker, ýokary hilli limon turşusy, iýmit sodasy, duzlanan pissedir arahisler hem öndürilip, ilata ýetirilýär. Şeýlelikde, hususy kärhananyň häzirki wagtda aýlyk kuwwaty 350 tonna, ýyllyk kuwwaty bolsa 4200 tonna ýetdi. «Maryşeker» kärhanasy «Ak gary» çig mal bilen üpjün edýän kärhanalaryň biridir.

Täsin sungatyň ussady

Sungatyň jadyly dünýäsine aralaşsaň, onuň örän täsin, biri-birini gaýtalamaýan görnüşlerine-de gabat gelýärsiň. Senemiň taýýarlaýan milli lybaslary hem sungatyň üýtgeşik görnüşleriniň biri. Ýörite keşplere (manikenlere) geýdirilen ol lybaslary uzakdan göreniňde, ýüpek sapaklar bilen elde keşdelenendir diýýärsiň. Golaýdan synlasaň bolsa, onuň düýbünden başgaçadygyna göz ýetirýärsiň. Mary welaýatynyň Türkmengala etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa Senemiň öwgüsini ýetirende, onuň reňkler bilen işleşýändigini aýdanam bolsa, inçelik bilen nagyşlanan lybaslary görenimizde, olaryň galamlar (kistler) bilen ýerine ýetirilendigine birbada ynanyp bilmedik. Senem Berdiýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy. Häzirki wagtda etrabyň 2-nji orta mekdebinde surat mugallymy bolup işleýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty. Senemiň çagalygyndan surat çekmäge höwesli bolmagy tötänden däl. Onuň ýüreginde bu sungata söýginiň döremegine kakasy, etrapda belli suratçy Sapargeldi Dolyýew sebäp bolýar. Kakasy sähra çykyp, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny ak kagyzyň ýüzüne jäheklän pursatlary, kiçijik Senemem onuň gapdalynda oturyp, meýdan gülleriniň, guşlaryň suratyny çekerdi. Howlularynda ösüp oturan nar agajy miwe getirende, şahalaryna bezeg berýän gyrmyzy reňkli narlara gözi düşen gyz durup bilmändi. Eline galamyny alyp, tebigatyň bu täsin peşgeşini suratyň ýüzü

«Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy­nyň önüm­çi­li­gi art­ýar

Mi­we şi­re­le­ri, adat­ça, ys­sy ho­wa­da teş­ne­li­gi­ňi gan­dyrma­sa-­da, ta­gam­la­ryň ýa­ny bi­len içmä­ge örän lez­zet­li­dir. Gök we mi­we önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­niň art­ma­gy, mi­we şi­re­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ne-de öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Pas­la gö­rä her möw­süm­de ýe­tiş­ýän mi­we­le­riň gör­nüşle­ri üýt­ge­ýär. Özü­niň dö­re­ýiş ta­ry­hy­ny Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan alyp gaýdýan «Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy hä­zir­ki wagt­da önüm­le­riň en­çe­me gör­nü­şi­ni ön­dü­rip, ha­ryt­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li­li­gi bi­len ilat ara­syn­da uly ab­ra­ýa eýe bo­lup gel­ýär. Kär­ha­na­nyň dö­re­di­len wag­ty di­ňe gaz­lan­dy­ry­lan mi­ne­ral su­w hem-de gaz­syz agyz su­wu­ny ön­dür­mek ýo­la go­ýul­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­zar bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ry ön­dür­mek ba­ra­da­ky ta­gal­la­la­ryn­dan, şeý­le-de önüm ön­dür­mek üçin dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­rin­den ugur alyp, «Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy soň­ky ýyl­lar­da öz işi­ni kä­mil­leş­di­rip, önüm­le­ri­niň sa­ny­ny, gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga baş­la­dy. Bu kär­ha­na­da mi­we şer­bet­li iç­gi­le­riň, gaz­lan­dy­ry­lan iç­gi­le­riň, so­wuk çaý hem-de ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen mi­we­li iç­gi­le­riň bir­nä­çe gör­nüşi ön­dü­rilýär. Iç­gi­le­riň Go­tu­ra­ta ýe­ras­ty te

Bolelin ýaşaýşyň gözbaşy

Adam bedeniniň kadaly ösüşi, işjeňligiň, dogry pikirlenmegiň, ukyp-başarnygyň sazlaşygy bedene kabul edilýän azyk önümleriniň ýokumlylygy bilen berk baglanyşyklydyr. «Bir günlük ýola çyksaň, üç günlük azyk al», «Gallam bar — tyllam bar», «Garyň känligi — gallaň bollugy», «Gawunyňky ýüz gün, ýüz günden soň üzgün» ýaly atalar sözleridir nakyllar il arasynda şu günlerimizde hem ýörgünlidir. Şeýle pähim-paýhaslara ynanyp ýaşaýan halkymyz azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine öňem, häzirem aýratyn üns berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda şeýle belent maksatlara gönükdirilen işleriň degişli hukuk namalary bilen berkidilendigini bellemek gerek. «Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» bu ugurda ähmiýeti örän uludyr.

Işleri ileri işewürler

Türkmen aslynda maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanyp gelýän halk hökmünde tanalýar. Ata-babalarymyz maldarçylygyň, ekerançylygyň inçe tilsimlerini ele alyp, bu babatda baý tejribe toplapdyrlar. Bu gün şol asylly däpler üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen işewürleri, hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna öz önjeýli goşantlaryny goşýarlar. Olaryň tutanýerli zähmetiniň netijesinde bazarlarymyz dürli azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Islän önümiňi saýlap alybermeli, bahalar-da elýeterli. Maldarçylyk we ekerançylyk önümlerini öndürip, halka hödürlemekde «Nurly meýdan» daýhan hojalygy-da nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Döwlet tarapyndan uzak möhletleýin berlen ýer böleginde maldarçylyk, guşçulyk toplumlary, iým zawody guruldy. Jüýje çykarýan inkubatoryň işi ýola goýuldy. Bölünip berlen 383 gektar meýdanyň bir böleginde iým üçin oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Bir bölegi mallar üçin öri meýdany bolup hyzmat edýär. Bu daýhan hojalygy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýär. Maldarçylyk

«TM Trade» onlaýn-platformasy mahabat bannerlerini ýerleşdirmek hyzmatyny hödürleýär

«TM Trade» bitewi onlaýn söwda platformasy Türkmenistandaky telekeçilere we işewürlere saýtyň baş sahypasynda mahabat bannerlerini ýerleşdirmek hyzmatyny hödürleýär. Internetdäki mahabat banneri kompýuter grafikasy usulynda ýa-da fotosurat kollažy görnüşinde ýerine ýetirilen, animasiýa ýa-da hereketsiz şekildir. Bannerde kärhananyň potensial müşderilere hödürlemäge taýyn önümi ýa-da hyzmaty şekillendirilýär. Mundan başga-da, bannerde, adatça, kompaniýalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary ýerleşdirilýär, oňa basylanda bolsa mahabatçynyň saýtyna ýa-da onuň sosial ulgamdaky sahypasyna girmek bolýar. Banner ajaýyp mahabat guralydyr – ol özüne çekiji we kabul ediş üçin düşnüklidir.

Pawlowniýa önümçiligi: girdeji, bezeg we arassa howa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle özgertmeleriň hatarynda oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly daşary ýurtlara eksport edilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak hem uly orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu gezek Türkmenistan üçin täze önümçilik bolan pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirmek we onuň ykdysady bähbitleri barada söhbet ederis. Makalanyň pawlowniýa agajy hakda bolmagy ýöne ýerden däl. Birinjiden, häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimli gurluşyk taslamalarynyň alnyp barylmagy, mebel önümçiliginiň hem yzygiderli ösdürilmegini talap edýär. Şeýle şertlerde mebel önümçiliginde esasy çig mal hasaplanylýan pawlowniýa agajynyň ösdürilip ýetişdirilmegi gurulýan binalardaky gerekli öý hojalyk mebellerini dolulygyna öz önümlerimizden ýasamaga şert döreder. Ikinjiden, bu agajyň ösdürilip ýetişdirilmegi arkaly, ýurdumyzyň eksport kuwwaty artar, ýer eýeleriniň maddy hal-ýagdaýy has-da gowulanar.

Millilik nepislik bilen sazlaşanda

Gözellik nirede we nädip döreýär? Elbetde, irginsiz yhlas bilen zähmetiň birleşýän ýerinde. Ene-mamalarymyzdan miras galyp, ajaýyplykda we nepislikde sungatyň kämil derejesine ýetirilen türkmen haly we haly önümleri hem milliligi, nepisligi, durmuş wakalarynyň suratlandyrylyş aýratynlygy bilen düýpgöter tapawutlanýar. Olar häzirki wagtda zenanlarymyzyň yhlasly zähmeti, ýiti zehini esasynda has-da baýlaşdyrylýar. Bu günki gün dünýäniň çar künjeginde türkmen halylarynyň hyrydarlary barha artýar. Şunda hususy telekeçileriň alyp barýan işleri aýratyn öwgä mynasypdyr. Türkmen işewürleri tarapyndan haly we haly önümlerini taýýarlamak boýunça täze önümçilikler döredilip, müşderileriň islegleri kanagatlandyrylýar. «Kümüş ýüpek» önümçilik kärhanasy hem bu ugurda eýýäm ýeterlik tejribe toplap, haly önümlerini sarp edijilere ýetirmekde döredijilikli iş alyp barýar. Häzirki günlerde kärhanada gyzgalaňly zähmet dowam edip, ezber elli dokmaçylar islendik ölçegli, dürli görnüşli, niýetleniş aýratynlygyna görä, halylary, halyçalardyr namazlyklary, horjunlary we beýleki haly önümlerini gysga wagtda dokap, müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Nepisligiň we gözelligiň sazlaşygynda milli nagyşlara beslenen halylar has-da owadan görünýär.

Telekeçilige — giň ýol!

Bähbitli tagallalar rowaçlanýar Telekeçiligiň kuwwatly öndüriji güýç hökmünde ýurdumyzyň halk hojalygynda eýeleýän orny ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: “Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys” diýmek bilen türkmen telekeçileriniň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli uly tagallalaryna ýokary baha berýär. Bu tötänden däldir. Çünki, Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwlete degişli bolmadyk bu çygyr — telekeçilik çalt depginlerde ösdürildi. Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň yzygiderli aladalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeler gazanyldy. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň we harytlaryň mukdaryny düýpli azaltmaga mümkinçilik berdi. Ösüşli sepgitleri ynamly külterleýän hususyýetçilerimiz ajap eýýamymyzda has-da gowy görkezijileri gazanýarlar. Has takygy, soňky ýyllarda telekeçilerimiz özleriniň harytlaryny we önümlerini dünýäniň dürli döwletlerine eksport etmekde-de işjeňlik görkezýärler. Şeýle bähbitli işleriň giň gerime eýe bolmagynda welaýatymyzyň işewürleriniň bitirýän işlerem guwandyrýar. Indi özleriniň ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri we harytlary bilen daşary bazarlara çykýan telekeçilerimiziň sany barha artýar. Bu bolsa hususy kärhanalaryň maliýe-hojalyk ýagdaýlarynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Önümçiligiň gerimi giňelýär

Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini barha ilerleýär. Diýarymyzda täze oba-şäherler, şäherçeler döredilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, dürli desgalary, ýollary gurmak üçin peýdalanylýan, importyň ornuny tutýan gurluşyk önümlerine bolan islegi has-da artdyrýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Erjel-Begenç» hususy kärhanasy örtgi plitalaryň täze önümçiligini ýola goýdy. Döwrebap kärhana mermer tehnologiýasy esasynda işlenilip taýýarlanylýan ýanýoda we ýoljähek üçin niýetlenen bezeg panelleriniň giň toplumyny müşderilere hödürleýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän hususy kärhana 2011-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň önümhanasy Russiýanyň we Eýranyň betondan emeli mermer we granit önümlerini öndürmäge ukyply bolan, dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu bolsa kärhananyň agzybir işgärlerine önjeýli zähmet çekip, her ýylda 20 müň inedördül metrden gowrak plitalary we 17 müň metrden gowrak ýol gyralaryna goýulýan daşlary öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bu kärhana dürli howa şertlerine çydamly, hili babatda daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilýän önümlerden pes bolmadyk, bahalary elýeterli, asylky durkuny uzak wagtlap saklaýan, dörtburç şekilli daşlaryň 20-ä golaý, diwar bezeg plitalarynyň 20-den gowrak, ýanýoda bezeg panelleriniň 30-dan gowrak görnüşini, awt

Islegli harytlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hususyýetçileriň işleriniň ilerlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde, önümçilik işlerini sazlaşykly ýola goýan işewürleriň sany hem barha artýar. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Atamyrat Jumakulyýewdir. Hususyýetçä degişli bolan, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bat» haryt nyşanly jorap önümçiliginde zähmet gaýnap joşýar. 2018-nji ýylda açylan kärhanada 50-ä golaý işçi-hünärmen zähmet çekip, bu ýerde ýokary hilli, milli nagyşlar bilen bezelen, göze gelüwli joraplar öndürilýär. Joraplaryň düzüminiň 75 göterimini pagta, 22,5 göterimini spandeks, 2,5 göterimini bolsa elastan düzýär. Kärhanada müşderileriň islegleridir teklipleri giňden öwrenilýär, şeýle-de pasla görä önüm çykarylýar.

Importyň ornuny tutýan harytlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysady ösüşleriň täze badalgasy hökmünde Türkmenistanyň ösen döwletleriň hatarynda tanalmagyny şertlendirýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda täze önümçiliklerdir kärhanalar döredilip, hususyýetçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetde onuň paýyny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Amatly mümkinçilikden ýerlikli peýdalanýan milli önüm öndürijilerimiz ýokary hilli harytlary bilen içerki we daşarky bazarlarda uly meşhurlyga eýe bolýarlar. Olar oba hojalygy bilen birlikde gurluşyk pudagynyň önümlerini öndürmekde hem ýokary netijeleri görkezýärler. Şeýle kärhanalaryň biri-de 2012-nji ýylda esaslandyrylan «Lälezar zaman» hususy kärhanasydyr.

«Sadajanyň» şirin önümleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, olaryň öndürýän önümlerini içerki we daşarky bazarlara çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Arkadagly Serdarymyz bu barada: «Döwletimiziň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna aýratyn orun degişlidir. Biz ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi netijesinde döwrebap özgertmeleri gyşarnyksyz dowam etdirýäris. Hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmakdan ugur alyp, telekeçilere berilýän döwlet goldawlaryny mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip belläp geçýär. Şeýle kömek-goldawlardan ýerlikli peýdalanyp, welaýatymyzda bu ugurda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ençemesi hereket edýär. Olaryň biri-de Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Sadaja» hususy kärhanasydyr. Biz bu kärhananyň iş dolandyryjysy Bägül Aşyrowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol kärhananyň alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. — Hususy kärhanamyzyň öz işine başlanyna köp wagt bolmandygyna garamazdan, öndürýän we halka ýetirýän önümleri ýokary hilliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Kärhanamy