Wepadarlyk
Türkmençilikde, esasan hem, oba ýerlerinde her öýde diýen ýaly it saklanylýar. Itiň öz eýesi hem-de onuň maşgalasy hakda gowy zatlar dileg edýändigi, eýesine çirksiz wepalydygy, dileginiň kabul bolýandygy barada gürrüňler çagalykdan gulagymyzda galypdyr. Enem ak öýleriň gapysynyň daşyndan asylýan eňsilere, düşeklik keçelere «tazyguýruk», «it yzy» nagyşlaryny salyp otyrkak: «It: «Hojaýynymyň ogly bolsun alty sany, alty ogluň her birisi berer maňa bir döwüm nany, etini iýip, maňa oklar olar her gün omaçany» diýermiş». «It üýrse, myhman geler», «It gara görmän üýrmez», «It geldi, gut geldi», «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň, it edin» diýilýändir» diýip, gürrüň bererdi. Arada it bilen adamyň dostlugy baradaky eşiden tymsalym mende uly täsir galdyrdy. Bir adamyň örän wepadar iti bar eken, ol dünýäsini täzelände, item eýesiniň ýanynda jan berip galypdyr. Adamyň ruhy garaňky ümüriň içine düşüp, ýolsuz ýerlerden azaşyp, büdräp, ýol gözläp başlapdyr, it hem onuň yzyndan galmandyr. Ahyry ol bir altyn derwezäniň öňünde peýda bolupdyr, derwezäniň öňünde derwezebanlar duran eken. Ol «Bäri nähili ýer?» diýip, derwezebandan sorapdyr. «Bäri jennet, içeri girip, arkaýyn dynç alyp bilersiňiz» diýipdirler. «Ol ýerde suw barmy?». «Islän görnüşiňizde bar: arassa çüwdürimler, salkyn howuzlar...». «Iýmit bererlermikä?». «Islän zadyňyz bardyr». «Ýöne meniň ýanymda itim bar». Derwezeban «Itlere rugsat beri