«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024
Çagalaryň oýnaýan oýnawaçlarynyň arasynda iň gowy görülýän oýnawaçlaryň biri hem pökgüdir. Häzirki döwürde pökgüleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Rezinden, deriden öndürilen dürli görnüşdäki pökgülere her bir öýde duşmak bolýar. Ýöne meniň gürrüňini etjek bolýan pökgim ol pökgülere meňzemeýän mata pökgüler barada. Siz matadan tikilen pökgüler barada eşidip görüpmidiňiz? Dogry, häzirki günlerimizde bu barada ilki eşidenem, ýa duşanam birbada geň galsa gerek. Biz bu barada mekdebimiziň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bahar Annaşowadan eşitdik. Bahar mugallym ilki geçmişde ene-mamalarymyzyň tikinçilige, el işlerine gaty ökde bolandygy, bu gadymy hünäriň sungat derejesine ýetirilip, nesillerden-nesillere geçirilip gelnendigi barada, türkmen zenanlarynyň elleriniň zähmetinden, zehin-yhlasyndan dörän nepis el işlerine bütin dünýä ýüzüniň halklarynyň haýran galyp gelýändigi barada gürrüň berdi.