"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halk döredijiligi — ebedi hazyna

Halkymyz zehinli, dilewar adamlary, belli şahslary, halk gahrymanlaryny, akyldarlary, söz ussatlaryny tüýs ýürekden hormatlap, olar barada rowaýatdyr hekaýatlary döredipdirler. Olaryň köpüsi türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy, Myraly bilen Soltansöýün barada, nusgawy şahyrlar Keminäniň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mätäjiniň döreden şygyrlarynyň döreýşine bagyşlanandyr. Şonuň ýaly-da, rowaýatlaryň köpüsi belli halk gahrymanlaryny wasp edipdir. Keýmir kör hakda dörän rowaýatlar halkyň ýüreginde ornaşan gahrymanlaryň durmuşyny, ýaşaýşyny, gylyk-häsiýetini doly açyp görkezýär. Ol pähim-parasatly, namysjaň adam. Rowaýatlarda beýan edilişine görä, ol halkyň abraýyny belentde goýan, türkmen halkynyň özbaşdaklygy ugrunda batyrgaýlyk bilen söweş alyp baran şahsyýet. Rowaýatlaryň köpüsi onuň Nedir şa bilen bolan söweşlerine, söz ýaryşlaryna bagyşlanypdyr. Halk öz gahrymanyny örän belende galdyryp, onuň öçmejek keşbini döredipdir. Hatda hüwdülerde hem gelinler öz çagalarynyň Keýmir serdara meňzemegini arzuwlap hüwdüläpdirler. Öz balasynyň Keýmiriň yzyny mynasyp dowam etdiriji bolmagyny arzuw edipdirler.

Eňsi

Türkmeniň ak öýüniň işigine tutulýan eňsileriň özüniň özboluşly manysy, ähmiýeti bolupdyr. Eňsiler diňe bir gapynyň öň tarapyny bezemän, eýsem, zerur wezipeleri hem ýerine ýetiripdir. Olaryň esasy çeperçilik manysy mukaddes maşgala ojagyny goramakdan ybarat bolupdyr. Agyr haly tutusy maşgala ojagyna tagzym etmäge, edaly bolmaga ugrukdyrypdyr, ýagny öýe girmek üçin şol tutyny  galdyrmaly bolupdyr. Eňsi — mährabyň şekilinde dokalyp, onuň ýerli düşeginiň ähli ýeri çitimler bilen doldurylypdyr. Ondaky özboluşly manylary aňladýan nagyşlar başga haly önümlerinde duş gelmeýär. Ondaky nagyşlaryň we gölleriň aglabasy hasyllylyk hakyndaky düşünjeler bilen baglanyşyklydyr. Gadymy eňsilerde orta we kiçi nagyşlar, köplenç, haşamlanan üzüm ýapraklarynyň görnüşinde bolupdyr. Eňsiniň käbir nagyşlarynda bolsa seteran düzülen nagyşlar ekerançylara bulut bürän meýdany we bol hasyly wada berýän ýagşy ýatladypdyr. Tuta salynýan «alaja», «dagdan», «atanak», «tegbent» nagyşlary «Öýi ýaman ruhlardan gorap, ýagşylyga çagyrýar» diýlip düşünilipdir. Şonuň ýaly-da, oňa salynýan «düýe diş», «güjük yzy», «tazy guýrugy» ýaly nagyşlaryň hem öz aňladýan manysy bolupdyr.

Zergärçilikde ulanylýan daşlar

Türkmen zergärçiliginde, köplenç, merjen, hakyk, pöwrize daşlaryny köp ulanypdyrlar. Zergärler şaý-sep ýasanlarynda hakyk daşyny ulanýarlar. Hakyk daşy ata-baba ulanylyp gelnen daş. Milli ynanjymyza görä, hakyk daşynyň ynsan saglygyna ähmiýeti uludyr. Halk ynançlaryna görä, bu daş öýe bagt getirýär, maşgala ojagyny abat saklaýar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplarynda hakyk daşy köp ulanylýar. Ol aty bela-beterden gorap saklaýar diýlip hasaplanylýar. Pöwrize — bu daşa «bagt daşy», «ýeňijiniň daşy» hem diýilýär. Ol wepaly söýgini alamatlandyrýar. Sowgat berlen ýüzügiň pöwrize daşy kem-kemden agaryp, solup başlasa, sowgat bereniň ýüreginiň mähri, söýgüsi azalyp başladygy hasaplanylýar. Bu daşdan ýasalan şaý-sepler Müsürde, Hindistanda, Orta Aziýada meşhur bolupdyr. Gadym döwürde bu daşy patyşalar we alymdyr lukmanlar ýanynda göterip, oňa buýsanypdyrlar we hazynalarynda onuň sanyny köpeldipdirler. Owradyp, suwa garylyp içilen pöwrize daşy içýanyň we başga mör-möjekleriň zäherini bedenden çykarýar. Gündogar pähimleriniň birinde «Kim ertir ir bilen pöwrizä seretse, ol gözüň görejini gowulandyrýar» diýilýär. Pöwrize gaşy goýlan kümüş ýüzügi, gülýakany ýa-da gulakhalkany dakynanlar ukusyzlykdan ýa-da ýaramaz düýşleri görmekden azatdyrlar. Şeýle hem bu daş ýüregi gurplandyrýar. Pöwrize gaşly zynjyr boýna dakylsa, ol ýüregiň sagdynlygyn

Keşdeçilik sungatymyz — gymmatly baýlygymyz

Ýurdumyzda Ylymlar gününiň uludan toýlanylýan günlerinde türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ähli türkmen gelin-gyzlary bilen birlikde külli ilimizde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Türkmen keşdeçilik sungaty öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Keşdedir nagyşlaryň her birinde eli çeper gelin-gyzlaryň ýürek arzuwlary, asylly gylyk-häsiýetleri, edim-gylymlary şöhlelenýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen kökleri asyrlara uzap gidýän bu milli senedimizi ösdürmek ugrunda ýola goýulýan işler biziň her birimiziň kalbymyzy egsilmez şatlyga we buýsanja besleýär.

Bedew atdyr goç ýigidiň ganaty

Türkmen halky adamzat medeniýetine uly goşant goşan halkdyr. Azym-azym döwletleri gurup, dünýä öz hökümini ýöreden halk özüniň deňsiz-taýsyz halylary, alabaý iti we ahalteke bedewleri bilen hem taryh sahypalarynda öçmejek yz galdyrdy. Türkmeniň «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen köneden gelýän nakyly hem halkymyzyň gamyşgulak bedewlerini näderejede sylap-sarpalaýandygyny subut edýär. Taryhyň çuňluklaryndan bäri halkymyzyň dilinden düşmän gelýän toý aýdymlarynda, dessanlarda, rowaýatlarda, nakyllarda we atalar sözlerinde gamyşgulak bedewlerimiziň waspyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewleri — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen medeniýeti» atly kitaplarynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ahalteke bedewlerini uçar ganatyna deňäp, iň ýakyn syrdaşy saýyp gelendigi baradaky taryhy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ahalteke tohumly bedewler dünýäniň medeni atşynaslygynyň gözbaşydyr.

Düýe maly — dünýe maly

Düýe ýüňünden taýýarlanylýan önümler saglygy bejerijilik täsire eýe bolmak bilen, halkymyzyň durmuşyna çuňňur ornaşandyr. Düýäniň ýüňünden taýýarlanylýan agarçäkmen, ýassyklar, saçaklar durmuşda uly islegden peýdalanýar. Irki döwürlerden bäri özüniň gymmatyny gaçyrman, biziň günlerimize gelip ýeten, halkymyzyň sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklarynyň biri bolan düýe ýüňünden taýýarlanylýan agarçäkmen ak öýüň törüni bezeýär. Agarçäkmeniň matasyndan öl geçmeýändigi üçin ony ýagyş-ýagmyrda, çygly howada geýýärler. Şeýle-de düýe ýüňünden dokalan egin-eşikleriň kesel bejerijilik ähmiýetiniň uludygyny hem bellemek gerek. Ol böwrek sowuklamasyndan, guragyrydan ejir çekýänlere melhem bolýar.

Nepisligiň nusgasy

Dünýä meşhur ketenilerimiz ene-mamalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň biridir. Bu inçe senet häzirki wagtda hem gelin-gyzlarymyz tarapyndan döwrebap öwüşginde dowam etdirilýär. Keteniden taýýarlanylýan zenan lybaslary özboluşly görki bilen tapawutlanýar. Keteni dokamaklyk köküni irki döwürlerden alyp gaýdýar. Geçmişde türkmen zenanlary ýörite agaç gurallarda, taralarda dünýäni haýrana goýýan nepis matalary, ketenileri dokapdyrlar. Ynançlara görä, gyzyl reňkli ketenini köne döwürlerde gyzamyk çykanda-da, näsaga geýdiripdirler. Aýdan nur, Günden ýylylyk, älemgoşardan reňk, derýadan güýç, çeşmeden durulyk alan, aňsat solmaýan, ýuwlanda süýnmeýän bu nepis ketenileriň döreýşi hakynda halk arasynda şeýle rowaýat hem bar.

Gadymy ýazgylara ýüzlensek...

Darganata etraby welaýatymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýär. Gadymy ýazuw çeşmelerinde gojaman Jeýhuny etekläp oturan bu etrabyň çägindäki galalar we desgalar, olaryň döreýşi barada gymmatly maglumatlara duş gelinýär. X asyryň arap syýahatçysy Abu Abdylla al-Mukaddasi (Makdisi) «Ýurtlary öwrenmek üçin iň gowy bölüşdirme» atly eserinde Horezmde onuň paýtagty Ürgençden soň iň uly şäheriň Dargandygyny, ol ýerde Amyderýadan geçelgäniň bardygyny ýazypdyr. XIX asyryň rus alymy A.L.Kun bolsa «Gadymyýetden bäri Hywa hanlygynda ýerleşilmegiň taryhy barada oçerk» atly eserinde derýadan geçelgäniň eýesine «darga» diýilýändigini we bu wezipäniň edil miraplyk ýaly Hywa hanynyň köşgünde hormatly kär hasaplanylýandygyny belläpdir. Türkmen diliniň sözlüginde «darga» diýen at iki manyda — «Deňiz, derýa ýakasynda gerişleri, eginleri bilen gämini çekýän adam ýa-da ýük çekilýän gaýygy, gämini sürýän adam, gämiçi» diýlip düşündirilýär. Alym S.Atanyýazow hem «Türkmenistanyň geografiki atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda «dargan» sözüniň «gaýykçy», «gämiçi» manysy bolup, «darga» sözüniň köplük sany bolmagynyň ähtimaldygyny we bu sözüň soňuna goşulan ata sözüniň mukaddes ýerleriň — öwlüýäleriň, mawzoleýleriň, çeşmeleriň atlaryna «mukaddes» manysynda köp ulanylýan sözdügini belläpdir. Etrabyň adynyň gelip çykyşy barada şeýle çaklamalar ýörgünli.

Gelinlik dünýäsiniň gelşigi

Gaýyn öýüniň işiginden ilkinji ätlän gelinleriň başyna gyzyl-elwan bolup lowurdap duran, gül-gunçaly, älemgoşar öwüşginli çarşawyň (ýurdumyzyň günbatar sebitinde çäşewi diýlip atlandyrylýar) atylmagy onuň gelinlik dünýäsiniň şeýle gözellige beslenmegi baradaky arzuwdan gözbaş alýar. Balkan welaýatynda mahsus bolan bu ýörelge asyrlardan-asyrlara aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ene-mamalarymyz başy çarşawly gelni alnyna sylyp, ýagşy niýet bilen garşylapdyrlar. Ýigidiň gelni alyp gelen ýeňňesidir öýlenýän oglanyň dost-ýarlary bolsa: — Mahmal-begres içinde,Saýlanýarsyň, gözel gyz.Çäşewini atynyp,Sallanýarsyň, gözel gyz —

Asylly ýörelgeler

Adamzat ýaşaýşynda ynsany bezeýän mukaddes häsiýetleriň biri hem edepdir. Edep ynsanyň durmuşda, maşgalada hem-de jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmagy üçin ähmiýetlidir. Hut şonuň üçin hem edep-ekram barada halkymyz çaganyň ýaşlygyndan aýratyn aladalanyp başlapdyr, sebäbi edep adamzat ýaşaýşynyň dowamynda onuň şahsyýetine berilýän mynasyp bahadyr. Iňňän inçeden yzarlanan ýokary ahlak sypatlaryny özünde jemleýän edep-ekramlylygy mydama özüne ýaran edinen halkymyz çagany şol duýgular bilen terbiýelemäge çalşypdyr. Milli terbiýede çaganyň ýanynda diňe gowy zatlar hakynda söhbet açylyp, onuň özüne hem diňe gowy zatlar hakynda pikirlenmegi ündäpdirler. Halkymyzyň arasynda giňden ulanylýan «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlen nakyla eýerilipdir. Edep-terbiýe çaganyň geljekki ykbalynyň, onuň nähili adam bolup ýetişjekdiginiň hem kesgitleýjisi bolupdyr. Edep-ekramyň, görüm-göreldedir ýagşy terbiýäniň bar ýerinde bolsa hemişe bagtyýarlygyňam, agzybirligiňem, üstünligiňem bolýandygy durmuşyň ykrar eden iň beýik hakykatydyr.

Halallykdan gözbaşly kärizler

Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri hökmünde hem-de geljek nesillere galdyrmaga mynasyp zatlaryň hatarynda kärizleriň agzalmagy ýöne ýere däl. Ol adamzat ösüşiniň taryhynda oýlanyp tapylan suw geçiriş ulgamlarynyň iň gadymylarynyň hem-de iň bir kämilleriniň biri hasaplanýar. Kärizde, beýleki ulgamlardan tapawutlylykda, tebigy taýdan arassa suw gözbaşdan ulanyş akabasyna çenli aralykda ýitmeýär, hapalanmaýar. Suwuň käriziň söwleri (dikanalary — guýulary birikdirýän ötelge) arkaly gerekli ýere akyp barmagy üçin bolsa uly bir çykdajy hem gerek bolmaýar. Onuň suwy daşyndan hiç bir zadyň täsiri bolmazdan akyp duran ýaşaýyş çeşmesidir. Käriz ýerasty ulgam bolany üçin jalawadaky (käriziň suwunyň ýeriň ýüzüne çykýan ýeri) suw gyşyna ýyly, tomsuň jöwzaly günlerinde bolsa ýaňy sowadyjydan çykarylan ýaly sowujak bolýar. Dürli tebigy ýagdaýlara görä, käriziň palanasyna (gözbaşyň, söwleriň, dikanalaryň diwarlarynyň opurylmazlygy üçin daşdan, agaçdan, bişirilen kerpiçden örülen örtgi) zeper ýetmedik ýagdaýynda onuň ýüzlerçe ýyllap hyzmat edýändigini şu günlerimizde-de adamlary süýji suwundan gandyrýan kärizleriň mysalynda arkaýyn aýdyp bileris. Bäherden şäherindäki Garajanyň käriziniň ýaşynyň iki ýüz ýyla golaýdygyny ýerli ýaşulular aýdýar. Onuň suwunyň ýylyň ähli möwsüminde şol bir akyşydygyny, hiç hili kemelmeýändigini Bäherdeniň ýaşaýjylary bize şol ýerde bolanymyzda buýsanç bilen gürr

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary Horezmşalar döwrüne degişli gadymy teňňeleri tapdylar

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň ýaşaýjylary 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň böleklerini we 8 sany dürli reňkli tapyndy tapdylar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa habar berdi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň, Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary bilen bilelikde geçiren deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklanyldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler Köneürgenç türkmenleriniň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr.

Tamdyr keramaty

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Türk­men top­ra­gy­nyň ke­ra­ma­ty bar. Bu ke­ra­mat ata Wa­ta­nyň her da­ban ýe­rin­den baş­lap, ýe­ke gy­sym gu­mu­ny­ňam süň­ňüne si­ňip­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz dün­ýä­niň gö­zel-gö­zel ýer­le­ri­ne seýran et­se­ler-de, ahy­ryn­da öz ýur­du­na do­la­nyp­dyr­lar. Bu top­rak üçin gö­re­şip­dir­ler, go­rap­dyr­lar. Goý­nun­da owal-ahyr bol be­re­ket eçi­lip, üs­tün­de Oguz han, Gor­kut ata, Gö­rog­ly beg ýa­ly be­ýik şahsyýet­leri ýe­tiş­di­ren bu ga­dy­my top­rak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň türk­men hal­ky­nyň bolelin ýa­şa­ma­gy üçin ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de öz gud­ra­ty­ny gör­kez­di. Türk­me­niň top­ra­gy gör­lüp-eşi­dil­me­dik ak pag­ta­nyň, ak bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny eçil­di. Mu­kad­des top­ra­gyň be­re­ket­li ak bug­da­ýy­nyň ke­ra­ma­ty türk­men tam­dy­ry­na-da ge­çip­dir.

Ibn Si­na­nyň pent­le­rin­den

Hakydalarda ýaşaýan gerçek

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy hakydalarymyzda baky ýaşaýar. Şol galagoply günleri ýatlamak ýeňil bolmasa-da, mahal-mahal ýatlamalar kölüne batanyňy duýman galýarsyň. Çünki gerçek ýigitlerimiz Watan goragynda gahrymançylyk görkezseler, zenanlarymyz, oglan-uşak tylda zähmet edermenliginiň beýik nusgasyny miras goýdular. Merdana halkymyz öz ezizlerini unutmaýar we olary uly hormat bilen ýatlaýar. Biziň bu günki söhbedimiz şeýle Watan goragçylaryň biri Mädeli Tegelekow hakynda bolar... Paşşy serdaryň hormatyna ýardam edilip, ogly Tegelek serdaryň 14 öýli dogan-garyndaşlary bilen 1894-nji ýylda göçülip gelnen, Oguzlaryň deresiniň iki dagyň agzyndaky tekiz meýdanda düýbi tutulan Artyk obasynda 1913-nji ýylda Paşşy serdar ogly Tegelek serdaryň (azan ady Berdimyrat) we Täçsoltanyň maşgalasynda oglan bäbejik dünýä inýär. Tegelek serdar öz kowmundan bolan, şol döwürde abraýly din wekilleriniň biri Gylyçnyýaz karyny çagyryp, oglanjygyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyryp, kakasynyň goňşy dag etegindäki dosty gala hanynyň hormatyna Mädeli diýip at dakýarlar.

Zerim bar, zergärim bar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary il-ulsumyzyň bagtyýarlygyny, ruhubelentligini artdyrýar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tutulýan toý dabaralary milli gymmatlyklarymyzy, baý medeniýetimizi dünýä aýan edýär.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky ýygnagyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 11-12-nji iýuny aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň onunjy mejlisi geçirildi. Iki günüň dowamynda gatnaşyjy döwletler bütin dünýäde janly mirasy gorap saklamak boýunça tagallalary ugrukdyrmak maksady bilen Konwensiýanyň wajyp meselelerine seretdiler. Gün tertibine Hökümetara Komitetiň we Sekretariatyň hasabatlary, 2024-2025-nji ýyllarda Maddy däl medeni mirasyň gaznasynyň ulanylyşy boýunça meýilnamalary, täze Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň akkreditasiýasy, 2023-nji ýylda Konwensiýanyň 20 ýyllygy boýunça hasabaty we Komitetiň 12 sany täze agzalarynyň saýlawlary degişli edilýär.

Ak öýleriň ýaraşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene-mamalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzy çuňňur öwrenmäge, giňden wagyz etmäge ähli şertler döredilýär. Türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynda sallançak bilen bagly ýörelgeler hem aýratyn orny eýeleýär. Sallançak bilen baglanyşykly aýdylýan gyzykly gürrüňler biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Sallançak, esasan, ak öýleriň töründe iki sany sözen agajy dikilip gurlupdyr. Sözen agajyny dikenlerinden soň, «iner diş» diýlip işilýän ýogyn alaja ýüpi iki agaja berk daňypdyrlar. Goýnuň ak bilen gara ýüňünden taýýarlanýan ol ýüpi çagajygyň babasy işipdir. Oňa «iner diş» diýilmegi körpäni gözden-dilden goramak ynanjy, şeýle hem «Iner ýaly ogul bolsun!» diýen ýagşy niýet bilen baglanyşyklydyr. Sallançak kilimini bolsa çagajygyň mamasy dokap, ony agtygyna sowgat hökmünde beripdir. «Gyz bäbejigiň eli çeper, eli işli bolsun!» diýen ýagşy niýet bilen bu kilime gülýaýdy nagşy salnypdyr. Sallançagyň üwrelýän ýüpüniň düýäniň ýüňi garylan alaja bolmagy hem gözden-dilden goramak ynanjy bilen baglanyşyklydyr. Sallançagyň iki ýan çetini saklap duran agajy dagdan agajyndan edipdirler. Dagdan köpýyllyk agaç bolup, ata-babalarymyz «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýipdirler.

Ýüz — kalbyň aýnasy

«Göz — kalbyň aýnasy» diýen pederlerimiz «Ýüz — kalbyň aýnasy» diýmegi-de unutmandyrlar. Adam oglunyň duýgularyny çakgan äşgär edýän onuň ýüzüdir. Adamyň ýüz keşbi şahyrlar tarapyndan wasp edilipdir. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy: Eý, ýaranlar, bir ýüzi gül, aýa aşyk bolmuşam,Barçalar maksudy — gül ragnaýa aşyk bolmuşam —

Durmuşyň sogaply sepgidi

Dünýä halklarynyň köpüsiniň belleýän Gurban baýramy ýene Zeminiň uly bölegini toýhana öwrer. Halkymyzda «Köpüň dilegi köl bolar» diýlişi ýaly, Gurban baýramynda töwerek-daşa, adamzat ähline diňe gowulyklaryň ýaran bolmagy arzuw edilýär. Dünýäniň çar künjünde sadakalar berlip, birek-biregiň boldan bezelen saçagynyň başynda töwir galdyrylyp edilýän iň ýagşy dilegleriň Zemine parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk, rysgal-bereket bolup doljakdygyna ynanylýar. Gurban baýramynyň umumy dessurlar arkaly halklary birleşdirişi, birek-birege ýakyn edişi-de üýtgeşik. Gurbanlygyň öň ýanynda içerini, goş-golamlary tämizlemek, baýramyň ilkinji gününde säher bilen gurban şor edip, täze lybas geýmek hem gurbanlyk edýän halklaryň köpüsi üçin umumy dessur. Munuň özi Gurban baýramynyň tämizligiň baýramydygyny görkezýär. Biz içerimizi, töwerek-daşymyzy arassa saklamak bilen, birek-birege, gapydan gelene, galyberse-de, öz-özümize kalbymyzy diňe tämiz saklamalydygymyzy ýatladýarys. Gelen myhmanyň kalbyna bolsa: «Sizi arassa ýürek bilen, iň ýagşy niýetler bilen kabul edýäris» diýen duýgyny guýýarys.