"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gahyryman Arkadagymyzyň eserlerinde Bitaraplygyň waspy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserlerinde Watan mukaddesligi, Garaşsyzlyk gudraty, Bitaraplyk bagty, halkymyzyň milli gymmatlyklary, döwletlilik ýörelgeleri pelsepewi garaýyşlar, parasatly pikirlenmeler bilen çeper beýan edilýär. Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Bitarap Türkmenistan», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplarynda öňe sürýän paýhasly pikirleri hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäde parahatçylygy we agzybirligi, dostlugy we ynanyşmagy berkitmekdäki taryhy ähmiýetini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde tutýan ornuny düýpli açyp görkezýär. Bu gymmatly eserleri okanyňda, baky Bitaraplygymyzyň halkymyza beren eşretlerine, gadyr-gymmatyna has-da buýsanýarsyň.

Bitaraplyk — milli ýörelgämiziň özeni

Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan türkmeniň hemişelik Bitaraplygy onuň milli buýsanjyna öwrüldi. Türkmen Bitaraplygy milletiň ruhy-ahlak kökleri bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzyň häsiýet aýratynlygyna, däp-dessurlaryna nazar aýlanymyzda asudalygy, abadançylygy dörediji we üpjün ediji milletdigini görýäris. Ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk ýaly oňyn garaýyşlar «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarymyzyň, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Baky Bitaraplygyň özenini düzýän asylly düşünjeler türkmeniň milli aňynyň özboluşly görkezijisidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşmeýilli bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir».

Eziz Watan — Bitarap

Geldi Pyragynyň arzuw eýläni,Asuda säheri, rahat öýläni,Şahyr dilleriniň söýüp-söýläni,Gözleriň röwşeni Watan — Bitarap. Pyşyrdysy heňňamlaryň aýdymy,Tugum, seň ýüzüňde halyň öýdümi,Zemin öz görküni saňa çaýdymy?Döwri-döwran, eziz Watan — Bitarap.

Diýar

Ýer ýüzünde dost-doganly, heňňamlaryň şöhraty sen, Jahan içre at-abraýly, pederleriň yhlasy sen,Ak ýollaryň bedew batly, zamananyň ýalkymy sen,Meger, Arşyň nury birle mähire eýlenen, Diýar,Garaşsyz, Bitarap bolup dünýäde saýlanan, Diýar! Oguz handan gaýdyp asly, oguzlaryň ýurdy bolan,Asyrlaryň dowamynda ençe beýik döwlet guran,Zemin içre seniň adyň mydam äşgär, belli bolan,Diwanlarda dür söz bilen ýürekden söýlenen, Diýar,Garaşsyz, Bitarap bolup dünýäde saýlanan, Diýar!

Toýly günleriň söhbedi

Halkara Bitaraplyk gününi dabaralandyrmak hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda kabul edilen kanunlaryň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň guramagynda geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Gurbangylyç Durdyýew, Arazmyrat Hangeldiýew, Şatlyk Gurbandurdyýew, Aýnabat Toýlyýewa, Maýsa Jumaýewa, şeýle hem gazetiň habarçysy Bazargül Ballyýewa dagy gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Garaşsyz ýurdumyzyň halkara derejesinde giňden bellenilýän şanly senesiniň diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem aýratyn wakalaryň biri bolup durýandygy uly buýsanç bilen bellenip geçildi. Hemişe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine ygrarly ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň Esasy Kanunymyzda hem berkidilendigi, kabul edilýän kanunlarda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alynýandygy, olaryň ählisinde hem adam hakdaky aladanyň öz beýanyny tapýandygy barada bellenip geçildi.

Dabaraly maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň guramagynda etrabyň işjeň partiýa agzalarynyň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň we ak saçly eneleriň gatnaşmagynda Esenguly etrap häkimliginde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitarap ýurt, Berkararlygyň goşa ganaty» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasaty netijesinde, parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň syýasy, ykdysady, medeni taýdan barha pugtalanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem çykyş edenler berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän, parahatçylygyň we ylalaşygyň üpjün edilmegine hem-de berkidilmegine gönükdirilen oňyn halkara gatnaşyklary eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da belende göterýär diýip bellediler.

Mekdep okuwçylary bäsleşdiler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, edep-ekramly, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Berkarar döwletimizde giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde dabaralar, duşuşyklar geçirilýär. Ýakynda baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzdaky Çagalar awtoşäherçesinde  «Bitarapdyr ilimiz, rowaçlanýar ýolumyz!» atly bäsleşik geçirildi. Oňa Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň ýedinji we sekizinji synplarynyň okuwçylaryndan düzülen her biri bäş okuwçydan ybarat alty topar gatnaşdy.

Waspyň dillerde dessan

Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler Köneürgenç etrabynda hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Etrabyň 59-njy orta mekdebinde geçirilen çäre hem Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuna bagyşlandy. Etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň, bilim, medeniýet bölümleriň bilelikde geçiren çäresine etrabyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy oglan-gyzlar hem gatnaşdylar. «Bitarap Türkmenistan, waspyň dillerde dessan!» ady bilen geçirilen çärede etrabyň çagalar sungat mekdebiniň, etrabyň 12-nji çagalar bagynyň höwesjeň aýdymçy oglan-gyzlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda asuda-parahat ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işlerini, dost-doganlyk ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny wasp etdiler. Çäräniň dowamynda bagtyýar çagalaryň dürli milletleriň dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary, tanslary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Uzak wagtlap dowam eden çäre bu ýerde ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Bitaraplyk — dünýäniň ýürek aýdymy

Her güni toý-baýrama beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýene-de bir şanly baýramyň — baky bagtyýarlygyň badalgasy bolan Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaralaryň şatlygy her bir adama, her bir öýe egsilmez bagt eçilýär. Şu günler eziz Watanymyzyň ähli obadyr şäherleri toý lybasyna beslendi. Türkmenabat şäher häkimliginde «Bitaraplyk ýoly — parahatlyk ýoly» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat hem şanly senä bagyşlandy. Oňa kümüş saçly eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bitaraplyk buýsanjydyr türkmeniň

Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilýär. Watanymyzyň baky Bitaraplygy ata-babalarymyzyň wysal bolan arzuwy, halkyň çüwen bagty, ýurduň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyksöýüjilik syýasatynyň özenidir. Onuň esaslary öňe sürýän garaýyşlarymyzyň binýatlyk ölçeglerine eýermäge bize giň mümkinçilik berdi. Şeýle-de halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna, garaýyşlaryna we dini ynançlaryna hormat goýmak ýaly düşünjeleriniň has-da berkemegine esas bolup durýar. Bitaraplyk syýasatynyň esasy maksady bolsa ýurduň daşary we içeri syýasatyny gülletmekden, goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdyr. Biziň institutymyzda bu şanly sene mynasybetli talyplaryň arasynda «Bitaraplyk buýsanjydyr türkmeniň» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ýaryşda talyplar Watanymyzyň Bitaraplyk syýasatyny wasp edýän goşgudyr makalalary, hekaýalary ýazmakda özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşanlar öz eserlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitleri, Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini wasp edýän eserlerini okadylar. Ýeňiji bolanlara institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy we ilkinji ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanda Efiopiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jemal Beker Abdulladan ynanç hatyny kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ilçä Türkmenistanyň içeri syýasaty we dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemäge, Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de baýlaşdyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. ***

Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen maslahatda zähmet üstünliklerini beýan etdiler

Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan «Bitaraplyk – durnukly ösüşiň özeni» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Ulag-kommunikasiýalar toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Parahat geljegi gurmagyň ýolunda

Kaha IMNADZE,BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy. Hormatly Türkmenistanyň raýatlary!

Dost-doganlyk dabaralanýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlanýan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul edilmeginiň 29 ýyllygy parahatçylyk, dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýar. Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiz ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna Bitaraplygymyzyň gojaman taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerip, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprülerini gurmak arkaly, halkara hyzmatdaşlygyň bütinleý täze, netijeli ýollaryny, ugurlaryny emele getirmek babatda gymmatly tejribe toplady.

Baky bagtyň goýnunda

Ýurdumyz dünýä bileleşiginde diňe bir Garaşsyz döwlet hökmünde däl-de, eýsem, parahatçylygy we asudalygy hakykat ýüzünde goldaýan hem-de olaryň ähli ýerde amala aşmagy üçin ähli tagallalary edýän döwlet hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyz bitaraplyk ýörelgesine eýerip, «Açyk gapylar» syýasatyny ýöretmegi netijesinde tutuş dünýäde abadançylygyň we dost-doganlygyň mekany hökmünde tanalýar. Pederlerimiz ähli döwürlerde-de ýüze çykan özara düşünişmezlikleriň güýç we ýarag ulanmak ýoly bilen çözülmeginiň tarapdary bolmandyr. Olar islendik dawanyň gepleşikler geçirilip, maslahatlaşyp çözülmegini ýörelge edinipdir.

Maslahat geçirildi

Düýn — 9-njy dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty — nazary we amaly tejribe» diýen at bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ýaş diplomatlar mekdebiniň işjeň agzalary bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Ol umumy mejlisden we «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty — sebitde we dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň kepili», «Hemişelik Bitaraplyk: parahatsöýüjilik we ynsanperwer gymmatlyklarynyň binýady», «Halkara ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň orny», «Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň, durnuklylygyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň özeni» ýaly birnäçe bölümlerden ybarat boldy.

Ynsanperwerlik we hoşniýetlilik

ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan beýik gymmatlyk hökmünde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda dünýäde asudalygy, howpsuzlygy goramakdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda giň gerimli we dostlukly gatnaşyklary ösdürmegine kuwwatly itergi berýär. Döwletimiz oňyn Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan esasy ugurlara we ýörelgelere eýermek bilen Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek we durmuş-ykdysady ugurlarynda durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly ýörelgeleri alyp barýar.

Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyz daşary syýasatda hoşniýetli, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Eziz Diýarymyz bilen köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmalaryň barha artýandygy hemişelik Bitaraplygymyzyň hem-de «Açyk gapylar» syýasatynyň möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Halkara gatnaşyklarda gazanan milli tejribämiz bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýar. Şonuň netijesinde, ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk halkara hukuk derejesi öz ähmiýetini barha artdyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň döredilmegi bolsa ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň parahatçylyk söýüjilige, özara bähbitli hyzmatdaşlyga we hoşniýetli gatnaşyklara daýanýandygynyň möhüm görkezijisidir.