Maslahat geçirildi

9 Dekabr 2024
148

Düýn — 9-njy dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty — nazary we amaly tejribe» diýen at bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ýaş diplomatlar mekdebiniň işjeň agzalary bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Ol umumy mejlisden we «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty — sebitde we dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň kepili», «Hemişelik Bitaraplyk: parahatsöýüjilik we ynsanperwer gymmatlyklarynyň binýady», «Halkara ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň orny», «Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň, durnuklylygyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň özeni» ýaly birnäçe bölümlerden ybarat boldy.

Jennetgül ORAZOWA,
ýörite habarçymyz.