"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni

Bitaraplyk güni Toý bu gün!Watanyň şat gününe şat,Guwanmak, buýsanmak, gutlamak adat,Ýurdumyz parahat, ilimiz abat,Başlaryň baýdak deý dikligi bilen.

Bi­ta­rap­lyk — asyr­la­ryň owa­zy, Bi­ta­rap­lyk — röw­şen gün­leň do­wa­my

Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­lyk me­ka­nyKu­ýa­şyň ka­ma­tyn köň­le syg­dy­ranTürk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­lyk me­ka­ny.Pe­der­le­riň päh­min döw­re syg­dy­ranTürk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­lyk me­ka­ny. Ak daň­lar­dan alyp aý­dyň ýo­lu­ny,Heň­ňam­lar­dan alyp aý­dym-sa­zy­ny,Kal­by­na na­gyş­lap ba­har-ýa­zy­nyTürk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­lyk me­ka­ny.

Bi­tewülige binýat, ösüşlere badalga

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ka­bul ede­nin­den bä­ri ge­çen döw­rüň için­de türk­men Bi­ta­rap­ly­gy il-ul­su­my­zyň be­genç-buý­san­jy­na, mer­te­be­li hu­kuk de­re­je­si­ne, mil­li mu­kad­des­li­gi­ne öw­rül­mek bi­len, dün­ýä döw­let­le­ri­niň we halk­la­ry­nyň dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek­de we ös­dür­mek­de uly ab­ra­ýa eýe bol­dy. Ýur­du­my­za Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň be­ril­me­gi hal­ky­my­zyň ata-ba­ba ar­zuw­lan za­ma­na­sy­na eýe bo­lan­dy­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de dün­ýä ýaýyl­dy. Çün­ki ež­dat­la­ry­myz­dan bi­ze mi­ras ga­lan we mil­le­ti­mi­ziň mil­li aňy­ýe­ti­ne or­nan dos­ta­na goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry, döw­let­le­riň bi­rek-bi­re­gi­niň iç­ki iş­le­ri­ne go­şu­lyş­maz­lyk, har­by to­par­la­ny­şyk­lar­dan daş­da dur­mak ýa­ly ýö­rel­ge­ler türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň mi­ze­mez ka­da­la­ry hök­mün­de tä­ze­den da­ba­ra­lan­dy. Hut şeý­le bo­lan­soň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 2015-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk hukuk de­re­je­si­ni ikin­ji ge­zek ýö­ri­te Ka­rar­na­ma bi­len ber­kit­di. Mu­nuň özi türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň dün­ýä yk­rar­na­ma­sy­na öw­rül­mek bi­len, ýur­du­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ni has-da be­len­de gö­ter­di we

Bag­tyň me­kan tu­tan ül­ke­sin­de

Bi­ziň ýur­du­myz­da do­gan­lyk halk­la­ryň we­kil­le­ri­niň köp­san­ly­sy bag­ty­ýar­lyk­da ýa­şa­ýar. Olar bi­ziň oba­daş­la­ry­myz, synp­daş­la­ry­myz, ta­lyp­lyk ýol­daş­la­ry­myz, hat­da ga­ryn­daş­la­ry­myz. Yk­ba­lyň em­ri bi­len ta­ry­hyň bir dö­wür­le­rin­de türk­men top­ra­gy­na dü­şüp, soň hem bu top­ra­gyň mäh­ri­ne aşyk bo­lup, ony mü­di­mi me­kan tu­tu­nan do­gan­la­ry­myz ra­ýat­syz­ly­gy azalt­mak bo­ýun­ça uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän türk­men döw­le­ti­niň sa­ýa­syn­da ýurt­daş­la­ry­my­za hem öw­rül­ýär­ler. Bu gün olar ýur­du­my­zyň deň­li-de­re­je­li ra­ýa­ty hök­mün­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk to­ýu­ny toý­la­ýar­lar. Şan­ly se­nä­niň öň ýa­nyn­da Çär­jew et­ra­by­nyň Jen­di ge­ňeş­li­gi­niň Baş­sa­ka oba­syn­da ýa­şa­ýan şeý­le maş­ga­la­la­ryň bi­ri­niň öýün­de myh­man­çy­lyk­da bol­duk. Bu öý ga­zak do­gan­la­ry­myz Jol­das Hy­dyr­ba­ýew­le­riň maş­ga­la­sy­na de­giş­li. Bag­ty­ýar öý eýe­le­ri­niň ýe­di per­zen­di ýe­di ýer­den ga­la bo­lup, ata-ene­si­niň eli­ne iş ýe­ti­re­nok­lar. Soň­ky ýyl­lar­da ge­lin­ler, ag­tyk­lar bi­len maş­ga­la­nyň ge­ri­mi has gi­ňe­di. Maş­ga­la­nyň esa­sy iş­le­ri­niň bi­ri dü­ýe­dar­çy­lyk. Bu asyl­ly kär bu maş­ga­la­da ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýär. Dü­ýe­dar­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­mak üçin Gy­zyl­gu­muň gi­ňiş­lik­le­rin­de müm­kin­çi­lik nä­çe diý­seň bar. Yl­my mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ýur

Doganlygyň ak ýoly

Ara­da Ker­ki et­ra­byn­da ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň bi­ri­ne gat­naş­mak­lyk mi­ýes­ser et­di. Onuň do­wa­myn­da us­sat aý­dym­çy­la­ryň, tans to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry bi­len bir­lik­de ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren mil­li tans­la­ry hem baý­ram­çy­ly­ga ýyg­na­nan­la­ryň gyz­gyn el­çar­pyş­ma­la­ry­na my­na­syp bol­dy. Ça­ga­la­ryň göç­gün­li çy­kyş­la­ry­nyň tä­si­rin­den es­li wagt­lap çy­kyp bil­me­dik. Soň­ra des­si­ne bu to­pa­ryň dö­reý­şi, taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len gy­zyk­la­nyp baş­la­dyk. Ha­bar be­riş­le­ri ýa­ly, et­rap­da hereket edýän ki­çi we uly ýaş­ly ça­ga­lar­dan dü­zü­len «Ýyl­dyz» tans to­paryna in­di es­li wagt­dan bä­ri Iri­na Şu­wa­lo­wa ýol­baş­çy­lyk ed­ýär eken. Iri­na Şu­wa­lo­wa Ker­ki et­ra­byn­da­ky 1-nji ça­ga­lar sun­gat mek­de­bin­de for­te­pia­no mu­gal­ly­my bo­lup iş­le­ýär. Ol türk­men mil­li sun­ga­ty­nyň, esa­san-da, mil­li tans­la­ry­my­zyň muş­da­gy. Iri­na mu­gal­lym esa­sy işi­niň da­şyn­dan Ker­ki et­rap me­de­ni­ýet öýü­niň, öz iş­le­ýän sun­gat mek­de­bi­niň tan­sa hö­wes­li ze­hin­li ça­ga­la­ry­ny jem­läp, ola­ra mil­li tans­la­ry­my­zyň in­çe syr­la­ry­ny öw­red­ýär.

Baky Bitaraplyk, Gahryman Serdar

Keşbiň köňüllere salyp dur ýalkym,Gülleň gujagynda erkana halkym. Abadanlyk, asudalyk — ak bagtym,Baky Bitaraplyk, Gahryman Serdar. Diýarym jenneti, baky ýazlydyr, Senden özge gözel mekan barmydyr?! Goýny toý-baýramly, aýdym-sazlydyr, Baky Bitaraplyk, Gahryman Serdar.

Asudalyk bagty

Bilşimiz ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň doly hukukly agzasy bolmagy parahatçylyksöýüjilikden, dünýä döwletleriniň arasynda dostluk köprüsini gurmakdan, goňşy ýurtlar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykdan gözbaş alýar. «Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistandyr!» diýlen buýsançly sözler abadan halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi. Şonuň esasynda bu gün Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä tanalýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginden bäri geçen 29 ýyllyk döwrüň tejribesi munuň şeýledigini doly subut edýär.

Dost-doganlyk sazy — ýürekleriň owazy

Türkmen halky owaldan bäri parahatçylygy, asudalygy, saz-söhbedi söýýän halk. Agzybirlige, jebislige uly hormat goýýan milletimiz elmydama goňşy halklar bilen parahatçylykly ýaşaşmagyň, özara ynamly hyzmatdaşlyk köprülerini gurmagyň ygtybarly usullaryna eýerip gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýip belleýşi ýaly, ata-babalarymyz ýurt parahatçylygyny nesillere iň uly miras hökmünde goýmak ugrunda uly tagalla edipdirler. Ine, akyldar Magtymguly Pyragynyň hyýallaryndan hakykata çenli ýol salyp gaýdan heňňamlar, bu gün bize şol arzuwly we arzyly ýyllary sowgat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Ýer ýüzünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmek hormatyna eýe bolan türkmen Bitaraplygy, hakykatdan hem, gudratdyr» diýip belleýär. Türkmen gudraty bolup dünýä dolan hemişelik Bitaraplygymyz bu gün, adamzada ýagty geljegiň, asuda, parahat durmuşyň aýdyň ýollarynyň şamçyragyna öwrüldi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Kararnama bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň iki gezek ykrar edilmegi bolsa her bir türkmeniň başyny göge ýetirdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň sebit hem-de dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirý

Agzybirlik pelsepesi

Golaýda maýor Muhammet Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminde hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýy mynasybetli, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda «Bitaraplyk syýasaty dabaralanýar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa harby bölümiň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Batyr Ataýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Aşyrberdi Aýdogdyýew, etrapdaky 5-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gaýypgeldi Sähedow dagy gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitara hyzmatdaşlyga ygrarly, hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýandygy barada aýtdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi, bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň hödürnamalary esasynda milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi barada nygtaldy. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň

Hoşniýetli syýasatyň dabaralanmasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp üstünliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz baradaky alada ýurdumyzyň öňe sürýän wajyp ýörelgeleriniň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ylym-bilim syýasatyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, maýor Muhammetmyrat Baýryýewiň müdirlik edýän TGM-niň Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde mynasyp işler amala aşyrylýar. Şol işleriň hatarynda harby okuwçylara ata-babalarymyzyň şan-şöhratly taryhy geçmişiniň hem-de şu günki ösüşlerimiziň giňden öwredilýändigini aýratyn bellemek bolar. Mundan başga-da, harby okuwçylar bilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli, türkmen halkynyň taryhy ýoluny çuňňur öwretmek maksady esasynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençleriň gurnalandygyny nygtamak mümkin. Şeýle çärelere işjeň gatnaşan harby okuwçylar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy, gazanýan üstünlikleri we taryhy bilen bagly ençeme maglumatlary öwrenip, özleriniň dünýägaraýyşlaryny artdyrdylar.

Pederlerimiziň arzuwlan ak bagty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz ähli ulgamlarda günsaýyn ösýär, özgerýär. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolan çözgüt boldy. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny görkezmän, ol milletiň beýik ynamyny, erkinligini, özygtyýarlylygyny, isleg-arzuwyny we beýik maksadyny, ösüşini dabaralandyrýar. Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň beýik arzuwyny ýol-ýörelge edinen ata-babalarymyz mukaddes Garaşsyzlygyny, özboluşlylygyny gazanmagy, asuda asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde azat, erkin ýaşamagy, parahatçylyk söýüji döwlet derejesine ýetmegi isläpdirler. Her ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda we beýleki ýerlerde giňden bellenilip geçilýän Halkara Bitaraplyk güni bolsa ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň wysalyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjiliginiň netijesinde, berkarar Diýarymyz hemişelik Bitaraplygyň ählumumy parahatçylyk we ösüş ýörelgelerine laýyklykda, halkyň bähbidine täze mümkinçilikleri açmaga, halkara jemgyýetçilik bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklamaga, iň esasysy-da, abada

Milli Lider ylhamy — göwünleriň melhemi

Ynsany durmuşa höweslendirýän iň esasy güýç — onuň arzuwlarydyr. Arzuwlar dünýäsinde çäk ýok, onda her kim özüniň gözýetimine, dünýägaraýşyna görä arzuw edýär. Kimler şu gününiň eşreti hakynda, kimler geljegini göz öňüne getirip arzuw edýär. Olaryň ählisinde-de esasy nokat arzuw edýän ynsanyň özüne, onuň şahsy bagtyýarlygyna bagly bolup durýar. Bu ynsanlaryň tas hemmesine diýen ýaly mahsusdyr. Emma arzuwlaryň içinde şeýle bir arzuw bar. Ol diňe bir adamyň ýa bir halkyň ykbalyna täsir etmän, eýsem, tutuş adamzadyň ýaşaýşynyň ýagty hem bagtly bolmagyna gönükdirilendir. Ol arzuw — Ýer ýüzüniň parahat, asmanyň arassa, halklaryň dostlukly, adamlaryň kämil bolmagy baradaky arzuwdyr. Beýle arzuwy kalpda beslemek bolsa, kämillige gol beren, ýüregi ähli adamzada bolan söýgüden doly, köňli ylhamdan pürepür beýik şahsyýetlere mahsusdyr. Belent başlangyçlary, nurana pikirleri bilen özüni dünýä jemgyýetçiligine ykrar etdirmegi başaran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —–Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!−—

Dost-doganlyk ýörelgeleri

Türkmenistan Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurdumyz häzirki wagtda dünýäniň birnäçe döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we onlarça halkara guramalaryň agzasy bolup durýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň häzirki wagtda sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigi bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkara ähmiýetli işleriň geriminiň giňelmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ösüş derejesini kesgitleýär. Ýurdumyzda toýdur baýramlar goşa-goşadan gelýär. Halkymyz agzybirlik we jebislik bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygyny uly dabaralar, şatlyk-şowhun bilen garşylady. Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda ýokary depginler bilen ösýär, ynamly gadam urýar.

Rahatlygyň Watany

Akyldarlaryň biriniň: «Göwündeş adamlaryň aýdymy-da, islegi-de meňzeş bolýar» diýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygry hem ähli parahatsöýüji we ynsanlaryň ýüreklerinde uly orun tutup, köňülleriň zynat gaşyna öwrüldi. Şygyr — ruhuň dermany. Şonuň üçin bolsa gerek, parasatly alymlaryň, pähimdar ulamalaryň, handyr soltanlaryň dünýä ähmiýetli sözleri, ýagşylygy ýaýyjy öwüt-ündewleri şygyr görnüşinde taryhyň ümmülmez giňişliginde hökmürowan wagtdan hem üstün çykyp, häzirki günlerimize gelip ýetipdir.

Parahatçylykly ösüşleriň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna üstünlikli goşulýar. Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýa kabul edildi. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ösüşleri dünýä ýüzünde nusga alarlykdyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berdi. Uly üstünlikleri bilen ýatda galan 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby çapdan çykypdy. Bu kitap dünýä halklarynyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza goýýan hormat-sarpasyny dabaralandyrmakda, goňşy we alys döwletler bilen ösüşe esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmakda, türkmen halkynyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete

Abadançylygyň binýady

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy boýunça esaslandyrylan 12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni dünýä halklaryny ynsanperwerlige, beýik maksatlara birleşdirmäge, parahatçylygy hem-de dostlugy dabaralandyrmaga gönükdirilendir. Bu belent maksatlar bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz şeýle belent hukuk ýagdaýyna eýe bolan ilkinji günlerinden bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda BMG-niň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýar. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň täze netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda nusgalyk tejribe toplady.

Halal zähmet — nurana ýaşaýyş

Golaýda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärlere, döredijilik ussatlaryna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Biz hem Şa serpaýynyň eýeleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Nowruz GÜÝJOW,Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň terjime bölüminiň müdiri,«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi:

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Golaýda Halkara Bitaraplyk güni we Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Bitaraplyk — bagtymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Döredijilik bäsleşiginde baş baýraga «Aşgabat» gazetiniň bölüm redaktory Maýagözel Goşaýewa, 1-nji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Döwletmyrat Orazmyradow, 2-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Kuwwat Ýowbasarow, 3-nji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Gunça Seýidowa mynasyp boldy. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine sowgatlardyr Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde, döredijilik ukyplaryny ösdürmekde, olaryň dünýägaraýşyny artdyrmakda, ruhy-ahlak taýdan kämilleşmeginde, bu ugurda zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda döredijilik bäsleşiginiň ýokary ähmiýeti dogrusynda dabarada çykyş edenler aýratyn bellediler. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-baş

Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz

Täze — 2025-nji ýyl ýetip gelýär. Bosaga gelen Täze ýyl müçenama boýunça ýylan ýyly hasaplanýar. Halkymyzyň asylly däbine görä, her täze ýyl joşgunly atlar bilen atlandyrylýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz geljek — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamak barada aýtdy. Diýmek, täze ýyl durmuşymyza täze at bilen girer. Şu ýerde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini bellemek ýakymly. Bu mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy dillerimizde sena bolup ýaňlanýar. Türkmen dilşynas alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly ajaýyp eserinde ýyllaryň atlandyrylyşy barada şeýle maglumat berilýär: «Türkiler on iki dürli haýwanyň adyny alyp, ýyllara at beripdir. Çagalarynyň ýaşyny, söweşiň bolan senelerini hem-de beýleki zatlaryň hemmesini şu ýyllaryň aýlanmagy bilen hasaplaýarlar. Munuň gelip çykyşy şeýledir: Olaryň hanlarynyň biri özünden birnäçe ýyl öň bolan söweşi biljek bolupdyr welin, onuň bolup geçen ýylyny ýalňyşypdyr. Şol sebäpden ol ili bilen geňeş edip, «Biziň söweşiň bolan wagtyny biljek b

Bitaraplyk baýramy

Jandan eý görenim eziz Watanym,Saba säher ak daňlary atanym,Gül goýnunda beýik maksat tutanym,Gutly bolsun Bitaraplyk baýramy. Türkmenistan bilen owadan Zemin,Asyrlar geçse-de nowjuwan heniz,Bedew deý badyny gowşatmaz hergiz,Gutly bolsun Bitaraplyk baýramy.