Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul edeninden bäri geçen döwrüň içinde türkmen Bitaraplygy il-ulsumyzyň begenç-buýsanjyna, mertebeli hukuk derejesine, milli mukaddesligine öwrülmek bilen, dünýä döwletleriniň we halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde we ösdürmekde uly abraýa eýe boldy.
Ýurdumyza Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi halkymyzyň ata-baba arzuwlan zamanasyna eýe bolandygynyň nyşany hökmünde dünýä ýaýyldy. Çünki eždatlarymyzdan bize miras galan we milletimiziň milli aňyýetine ornan dostana goňşuçylyk gatnaşyklary, döwletleriň birek-bireginiň içki işlerine goşulyşmazlyk, harby toparlanyşyklardan daşda durmak ýaly ýörelgeler türkmen Bitaraplygynyň mizemez kadalary hökmünde täzeden dabaralandy. Hut şeýle bolansoň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini ikinji gezek ýörite Kararnama bilen berkitdi. Munuň özi türkmen Bitaraplygynyň dünýä ykrarnamasyna öwrülmek bilen, ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterdi we Milletler Bileleşigi hut Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi.