Parahatlyk aýdymy
Adamzadyň asuda, döredijilikli durmuşda ýaşamagy, nesilleriň ösüpörňäp, dowamatdowam bolup bilmekleri üçin ilkinji zerurlyk parahatçylyk, parahat ýaşaýşyň berkarar edilmegini gazanmakdyr. Tutuş dünýäde parahat durmuşy üpjün etmek üçin döwletleriň, halklaryň arasyndaky birekbirege bolan ynamy gorap saklamagyň, ýüze çykýan meseleleri dialogyň üsti bilen çözüp bilmek ukypbaşarnygyň bolmagynyň zerurdygyna her birimiz örän gowy düşünýäris. Şonuň üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78nji sessiýasynyň 63nji plenar mejlisinde geljek, 2025nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi her birimiziň kalbymyzda çuňňur orun eýeledi. Onuň Türkmenistanyň başlangyjy bolmagy bolsa aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Türkmenistan öz parahatçylyk döredijilikli syýasaty bilen, geçen döwürde Bitaraplyk taglymatyny pugtalandyrdy. Ýurdumyz ylalaşyklylygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Hemişelik Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşan başlangyçlary öňe sürýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy geçen döwürde ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup hyzmat etdi, halkymyzyň parahat durmuşynyň ygtyýarly binýady boldy. Bu gün bagtyýar nesiller döwletimiziň parahatç