"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ördekler

Ördejikler, siziň ýaly,Ýüzüp ýörün mawy kölde.Suwda ýüzmek diýseň hezil,Buýsanyp barýaryn ýolda. Tomsuň yssysyn duýaňok,Öwreniň ýüzmegi sizem,Reňkläniňizde, çagalar,Synlarys suraty bizem.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 24-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +40...+42° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 24-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +40...+42° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 23-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Gaplaňgyr — täsinlikler mekany

Garaşsyz Diýarymyz gözel künjeklere baýdyr. Gymmatly baýlyk bolan ol gözelliklere söýgi bilen garamak, gözümiziň göreji deýin goramak her birimiziň borjumyzdyr. Daşoguz topragynda-da şeýle gözel künjekler kän. Olaryň tebigy gözellikleri, täsin haýwanat dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Tebigy baýlyklarymyzyň goraglylygyna gönükdirilip, 1979-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň çäginde Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Goraghananyň çägindäki depe-düzlerde, aňňat-aňňat belentliklerde, jeňňelliklerde, baýyrlyklardyr suw giňişliklerinde seýrek hasaplanylýan jandarlardyr guşlaryň ençeme görnüşi gabat gelýär. Meýdany 282, 2 müň gektara barabar bolan goraghananyň çäginde döredilen Şasenem we Sarygamyş çäkli goraghanalary hem aýratyn özüneçekiji gözelligi bilen tapawutlanýar. Her ýeriniň adynyň döreýşiniň özboluşly taryhy bolýar. Käte bolsa ol haýsydyr bir waka, hadysa bilen-de baglanyşýar. Gaplaňgyryň adynyň ýyrtyjy jandar bilen baglydygyny-ha tekrarlap oturasy iş ýok. Aýtmaklaryna görä, goraghananyň çäginde ýerleşýän gyr ir döwürler gum gaplaňynyň mekany bolupdyr. Şonuň üçinem ol gyra «Gaplaň gyr» diýip at beripdirler.

Tebigatyň goýnunda

Telewideniýede işleýän döwrüm Barsagelmez, Goturdepe barada eşitsem-de, ol ýerleri görmek arzuwym esli wagtlap, dürli sebäplere görä yza süýşdi ýördi. Ahyr bir gün awgust aýlarynda ökde operator Güýç Suhanlyýew hem-de režissýor Kuwwat Saparow bilen döredijilik saparyna ýola düşdük. Balkanabatdan ilerligine külterläp barýan “RAF” kysymly awtoulagyň aýnasyndan töweregi synlap barşyma, çölüň beýhuş edip barýan gözel keşbine aşyk bolup otyryn. Edil suratkeşiň eseri ýaly ajaýyp görnüşler erkiňi eliňden alýardy. Ýoldaşlarymam seslerini çykarman, tebigatyň şeýle owadanlygyna maýyl bolup otyrdylar. Operator ýigidimiz howanyň yssydygyna garamazdan, aram-aram ulagdan düşüp, sähranyň has ajaýyp görnüşini ýazgy edýärdi.

Atmosfera howasynyň milli we halkara hukuk goragy

Atmosfera howasynyň ýagdaýynyň üýtgemegi, ony gözegçilik astyna alyp bolmaýanlygy, zyýanly täsiriniň netijesinden janly bedenleriň we adamyň ýaşaýşyna salýan howpundan goramak boýunça aýgytlaýjy çäreleriň, şeýle-de olardan peýdalanmagyň, goramagyň milli we halkara hukuk düzgünleşdirmesiniň alnyp barylmagyny talap edýär. Atmosferanyň goragy daşky tebigy gurşawy halkara-hukuk taýdan goramagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu gorag toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol dünýä derejesindäki beýleki ekologik meseleleriň hem çözülmegini öz içine alýar. Olaryň hatarynda: howanyň üýtgemegi (ählumumy howanyň maýlamasy ýa-da ýyladyşhana täsiri), Ýeriň ozon gatlagynyň goragy, fotohimiki tüsse, aşgarly ýagyşlar, howanyň himiki, biologiki, bakteriologiki we radiasiýaly hapalardan goralmagyny bellemek bolar. Ýurdumyzda tebigaty goramak, onuň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, täzeden dikeltmek, biologik köpdürlüligi saklamak, ekologiýany sagdynlaşdyrmak boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Atmosfera howasyny goramak we tebigatymyzyň klimatiki ýagdaýyndan çen tutmak bilen, häzirki wagtda ösümlikleriň bezeg, derman, ýerli howa şertlerine çydamly, görnüşleriniň dürlüligini baýlaşdyrmak maksady bilen, gyrymsy agaçlaryň, gülleriň ekilmegi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli dowam etdirilýär.

Gül­dan­da ös­ýän agaç

Her hal­kyň özü­ne mah­sus me­de­ni­ýe­ti, gym­mat­lyk­la­ry bar. Ýa­po­ni­ýa­nyň hem baý me­de­ni­ýe­ti, ta­ry­hy we däp-des­sur­la­ry bar. Bu ýur­da mah­sus bo­lan agaç ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek sun­ga­ty­na «bon­sai» di­ýil­ýär. Bu agaç da­şar­da, açyk ho­wa­da däl-de, edil otag ösüm­li­gi ýa­ly gül­dan­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Agaç gül­da­na eki­lip, ony pu­da­mak, ýö­ri­te şe­kil ber­mek ar­ka­ly be­zeg ösüm­li­gi eme­le ge­ti­ril­ýär. Bon­sai sö­zi ýa­pon­ça­da­ky «bon» (ta­bak) we «sai» (agaç) söz­le­rin­den eme­le ge­lip­dir. As­lyn­da bon­sainiň ada­ty agaç­lar­dan tapawudy ýok. Adat­ça, ar­ça agaç­la­ryny gül­da­na eki­p, ony pu­dap, oňa dür­li şe­kil ber­ýär­ler. Em­ma bu sun­ga­tyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy, ol edil te­bi­gat­da ösüp otu­ran uly aga­jyň ki­çi gör­nü­şi­ne meň­ze­me­gi we adam eli­niň de­gmedik ýaly bolmagy. Ösüm­lik bi­len gül­da­nyň reň­ki, na­gyş­la­ry hem saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­me­li. Tun­berg sos­na­sy («Pi­nus Thun­ber­gii»), ýa­pon ak ar­ça­sy («Pi­nus Parvifo­lia»), hy­taý ar­ça­sy, el şe­kil­li klýon («Acer Pal­ma­tum») we çy­nar ýa­ly agaç­lar bon­sai üçin has amat­ly ha­sap­lan­ýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 23-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 22-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Jülgeleri erem deýin, gaýalary howalaly

Köýtendag diňe bir tebigy baýlyklaryň däl, eýsem, gözellikleriň, täsinlikleriň hem mekanydyr. Şol sebäpli ol her bir adamyň ünsüni özüne çekýär. Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda bu behişdi mekanyň gaýtalanmajak tebigatyny goramak we ylmy taýdan öwrenmek bilen baglanyşykly işler netijeli alnyp barylýar. Bular hakynda goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Şaniýaz Meňliýew bilen söhbetdeş bolduk. — Şaniýaz, ilki bilen Köýtendagyň geografik ýerleşişi we goraghananyň döredilişi hakynda aýdaýsaňyz?!

Çopantelpek

Biziň ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi örän baý we köpdürlüdir. Medeni ösümlikleriň arasynda ýertudanasynyň, ýer hozunyň bolşy ýaly, çopantelpek hem ýurdumyzda we dünýä ekerançylygynda giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Ol özüneçekijiligiň we syrlylygyň nyşany hasaplanylýar. Gülleriň dillerinde ol «Meni söý» diýmekligi aňladýar. Çopantelpegiň dermanlyk häsiýetleri irki wagtlardan bäri bellidir. Meşhur alym Abu Reýhan Birunynyň «Lukmançylykda farmokologiýa» atly ensiklopedik eserinde bu ösümligiň şypaly häsiýetleri açylyp görkezilýär. Onda: «Çopantelpegiň otunyň we gül sebetjikleriniň peti iriňli dömmede, gyzdyrmanyň garşysyna, gany togtadyjy, ýarany bitiriji, öt, peşew, der we soguljan çykaryjy serişde hökmünde ulanylýar» diýlip bellenilýär.

Haýwanat dünýäsinden

Düýeguşuň ýumurtgasynyň agramy 1,5 kilogram bolup, ony bişirmek üçin azyndan 40 minut gaýnatmaly.* * *Sargan balygynyň süňkleri ýaşyl reňkde bolýar.* * * Žiraflar gury ýer haýwanlarynyň içinde iň uly ýürekli we ýokary gan basyşly jandar hasaplanylýar. Olaryň dili gara reňkde bolup, 45 santimetre ýetýär. * * * Piller 4 sany dyzçanakly ýeke-täk jandardyr.* * * Ýunuslar bir gözüni açyp uklaýarlar.* * * Läheňleriň ýüregi minutda 9 gezek urýar.* * * Suwulganlar maşgalasyndan bolan hameleon dilini öz göwresiniň uzynlygynyň ýarysyna çenli aralyga uzadyp bilýär. Mundan başga-da onuň gözleri biri-birine bagly bolmazdan dürli tarapa seretmäge ukyplydyr. Bu bolsa hameleona bir wagtda kellesini gymyldatmazdan dürli tarapa seretmäge mümkinçilik berýär.* * *Dünýäde iň uly süýreniji deňiz krokodilidir. * * * Gury ýeriň 70 göterimini bakteriýalar eýeleýär.

Sähra göwenegi

Sähra göweneginiň göwresi kepderiden kiçi, horazynyň kellesi we guýrugynyň üsti gögümtil, arkasy meneksiz açyk-çypar, guýrugynyň aşagy açyk reňkli we ujy gara zolakly bolup, bedeniniň uzynlygy 27-33 santimetre ýetýär. Höwürtgeleýän we uçup geçýän guşlaryň hataryna girýän bu guş deňiz derejesinden 2200 metre çenli beýiklikde, käwagt has pesde (500-600 metr), ýagny, düzlüklerde, jarlarda, derýa hanasynyň kertlerinde duş gelýär. Az bölegi ýurdumyzda gyşlaýar. Diýarymyza sähra göwenekleri mart aýynyň aýagyna — apreliň başyna, güýzüne sentýabr-oktýabr aýlarynda uçup geçýärler. Aprel aýynda çölde, dagda we dag eteklerinde, derýalaryň kert kenarynda, gargalaryň köne hinlerinde kiçiräk topar bolup ýa-da aýratyn jübüt bolup höwürtgeleýärler. 3—5 ýumurtga guzlaýarlar. Mör-möjekler, hažžyklar, maýda gemrijiler bilen iýmitlenýärler.

Pallasyň pişigi

Täsinliklere baý bolan türkmen tebigatynyň üýtgeşik jandarlarynyň biri-de pişikler maşgalasynyň kiçijik ýyrtyjy wekili manuldyr. Ol täsin, akylly, gizlin we örän seresaply jandardyr. Onuň daşky keşbi adaty pişige meňzeş, ýöne gabarasy ondan iri bolup, uzynlygy takmynan, 7 santimetr töweregi bolan ösgün tüý örtülen. Manul pişikler maşgalasynyň wekilleriniň içinde iň dykyz tüýlüsi hasaplanylýar. Manulyň beden ölçegi 50 — 65 santimetr aralygynda, uzyn, tüýlek guýrugy bolsa 30 santimetr töweregi bolup bilýär. Onuň örän berk, gysga penjeleri bardyr. Ýaňagyndaky özboluşly sakgaly manulyň daşky keşbini gaharjaň, rehimsiz şekilde görkezýär. Kellesi giň we ýaýbaň bolup, kiçijik gulaklary tegelejik we gözleri sary reňklidir. Manulyň bedeniniň reňki açyk çalymtyl reňkden sary-goňur reňkler aralygynda üýtgäp durýar. Tüýleriniň uçlary edil üstüne gar ýagan ýaly ak reňklidir. Bu ýyrtyjy jandaryň beden agramy 2—5 kilogram aralygyndadyr. Onuň dişleri we dyrnaklary örän ýiti bolýar.

Töweregi bezäp otyr agaçlar

Baglar özüniň gözelligi bilen diňe bir tebigata zynat bermän, eýsem, ynsan dünýäsindäki pynhan duýgulary oýarmaga-da ukyplydyr. Käbir adamlar baglara baryp, owadan gülleri synlap, öz gaýgy-hasratyny egisýärler. Il içinde döwletli, ilhalar adamlaryň ömür ýolunyň miweli baglara deňelmegi-de ýönelige däldir. Taryha ser salanymyzda-da owadan binalaryň, köşgi-eýwanlaryň baglaryň içinde ýerleşmegi geçmişdäki pederlerimiziň hem tebigaty çäksiz söýendigini görkezýär. Döredijilik işgärleri bolsa bu gözelliklerden ylham alyp, joşgunly, aýdym- sazlary, täsin sungat eserlerini döredýärler, gaýtalanmajak açyşlary edýärler. Dünýä belli alym Nýutonyň bagyň aşagynda oturyp, agaçdan kellesine gaçan bir almanyň kömegi bilen Ýeriň dartyş güýjüni açandygyny bilmeýäniňiz ýok bolsa gerek. Zehin ynsanlara, elbetde, tebigatdan berlen ajaýyp peşgeşdir. Tebigatyň esasy zynaty bolsa owadan baglardyr. Olar ynsan saglygynyň berkemeginde, howanyň arassa bolmagynda juda ähmiýetlidir. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Gara Seýitliýew bu barada: «Kim-de kim iki agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar» diýip, örän jaýdar belleýär. Ajaýyp şäherimiz Aşgabat, esasan-da, gür baglary bilen has-da görklüdir. Şol baglaryň arasynda gezim edip ýörşüme töweregiň gözelligi ýüregimde şeýleräk owazlandy:

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 22-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Tyllaýy tomsuň tarypy

Altyn öwüşginli tomus! Seniň sargylt keşbiň kalbymyza zer şuglasyny çaýdy-da, dünýämizde orun aldy. Ylham akarymyza bat, ir-iýmişlere dat berip gelen paslym, sen köňülleriň bossanysyň, joşgunly göwünleriň dessanysyň! Tomus gelende, dünýä zerewşan keşbe girýär. Tomsuň howry eneleriň ýyly mähri ýaly gyzgyn. Howry bilen ene topragyň hasylynyň bitginli bolmagyny üpjün edýän bu ajap pasla neneňsi tarypnama aýtsaňam sazlaşyp dur. Çünki bu pasyl miwedir ir-iýmişleriň, gök we bakja ekinleriň bol hasyl berýän möwsümi. Ol tebigatyň nygmatlaryny bolluk bilen eçilýän bu döwründe ynsan kalbynda umman deý kanagatlanma döredip, olary iň bagtyýar duýgulara duş edýär. Şeýle hem tomus — dynç alşyň pasly. Dynç almaga ilgezik göwnümiz her tomusda Awazanyň joşgunly kenaryndaky gözelliklerden gananda juda üýtgeşik duýgulardan pürepürlenýär. Hawa, gülgüzar ülkämizde tomus pasly dowam edýär. Onuň kalba ýakynlygy hakynda depderimize täsin we täsirli pursatlary nagyşlaýar. Tomsuň tyllaýy şuglasy gülden görkana Aşgabadymyzyň keşbine-de zer keşde çekipdir. Tomus gülleri enaýy görnüşe girizse, daragtlaryň ýapraklaryny çalaja sargylt öwüsdirip, misli şelpeler kimin owazlandyrýar. Tomsuň gyzgynyna ýaş baglar agşamara salkyn howada dessine öňki kaddyna gelýär. Çüwdürimleriň Göge sary telwas edýän gözel görnüşi has-da enaýy. Gülleriň rejelenip ekilmegi juda göze gelüwli. Tejribeli gülçülerdir bagbanlar bilen

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 22-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.