"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýüpekçilik — 2024

Bereketli pile ýetişdirýärler Şu günler ýüpekçi kärendeçiler jogapkärli möwsümi başdan geçirýärler. Olar gysga wagt dowam edýän emma hysyrdyly bolan ýüpek gurçugynyň idegini ýetirýärler. Ýüpekçiler bol pile hasylyny almak üçin bu möwsüme öňünden doly taýýarlykly gelýärler.

Jogapkärli möwsüm dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Wekilbazar etrabynda hem ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrabyň pileçi kärendeçileri ýüpek gurçuklaryna edilýän ideg işlerini ýokary guramaçylykly ýola goýdular. Şu ýyl pileçiler etrapda 19 müň 247 gram, ýagny 1043 ýüpek gurçugyny alyp, meýilnama boýunça 37 tonna pile tabşyrmagy maksat edinýär. Bu gün ýüpek gurçugyndan piläniň bol hasylyny almak ugrunda edilýän aladalar, döredilýän mümkinçilikler edermen pileçi kärendeçileriň ruhuny belende göterýär. Işlemek üçin ähli şertler döredilen bu ajaýyp döwürde uludan toýlanjak Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylap, döwlet harmanyna ýüpek gurçugyndan bol pile hasylyny tabşyrmak her bir kärendeçiniň esasy maksady bolup durýar.

Köýtendagyň ak pilesi

Döwlet Baştutanymyzyň Köýtendag etrabyna Şa gadamynyň düşmegi sebitde alnyp barylýan ähli işlere täze itergi berdi. Etrabyň ýüpekçileri hem şundan ruhlanyp zähmet çekdiler. Netijede, olar ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda ak piläniň ilkinji tonnalaryny Watanyň pile çäjine goşup başladylar. Şu ýyl ýüpek gurçugyny idetmek işine tejribesi ýetik ýüpekçileriň 1247-si gatnaşdy. Geçirilen düşündiriş işleri bol hasylyň kemala gelmegini üpjün etdi. Şöhrat Penjiýew, Kunduz Narkulowa ýaly agrotehnikleriň ýüpekçilere yzygiderli maslahaty öz gowy netijesini berdi. Şunlukda, etrabyň Garahowuz obasyndan Döwletaý Söýünowa 20 gram ýüpek gurçugyny idedip, 61 kilogram, Garnas geňeşliginden Agiz Temirow 50 gram gurçukdan 116 kilogram ýokary hilli ak piläni gapandan geçirdiler. Möwsümiň bütin dowamynda ýüpekçiler uly alada bilen gurşaldy. Olara hemişe kömek-goldaw berlip duruldy. Uzakda ýerleşen tutlary kesmek we öýlere getirilmegini üpjün etmek üçin ýüpekçilere degişli ulaglar berkidildi. Zerur halatynda adam güýji hem gönükdirildi. Bu işlerde etrabyň ýüpekçilik boýunça agrotehnikleri has-da yhlaslylyk görkezdiler. Olar her ýüpekçiniň öýüne baryp, gurçuklaryň idedilişi bilen tanşyp, kömegini gaýgyrmadylar. Etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary-da ýüpekçilere ýardama geldiler. Halkymyzyň ata-baba däplerine eýermek bilen, ýüpekçilik pudagyny bu günki günde ha

Yhlasly zähmet çekýärler

Ahal welaýatynyň zähmetkeşleri ýüpek gurçugyny idetmäge jogapkärli çemeleşýärler. Welaýatara «Ýüpek» önümçilik birleşigi tarapyndan ýüpekçi kärendeçilere paýlanan 4244 guty gurçugyň ideg işleri ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde saklanýar. Şu günler ýüpekçilikdäki möhüm möwsümiň guramaçylykly alnyp barylmagynda öňünden görlen taýýarlygyň ähmiýeti uludyr. Möwsümiň öňüsyrasynda ýüpekçi kärendeçileriň sanynyň kesgitlenmegi, olar bilen şertnamalaryň baglaşylmagy, ýörite hünärmenleriň ýerlerde bolup, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşmagy, pileçilere degerli maslahatlaryň berilmegi, şeýle-de tohumyň ýokary hilli janlandyrylyp, ýüpekçilere paýlanylmagy bu jogapkärli işde uly ähmiýete eýe boldy.

Ýerleri kärendesine bermegiň tertibi

Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy il-ýurt bähbitli, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi bilen ösdürilýär. Türkmenistanda kärende gatnaşyklarynyň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýän hem-de kärende hyzmatlarynyň bazarynyň ösdürilmegine gönükdirilen kanunçylyk namalarynda hem muny aýdyň görmek bolýar. Ýerden peýdalanmak, kärendesine bermek hukuklary bilen baglanyşykly gatnaşyklar Türkmenistanyň Ýer kodeksi, şeýle hem «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki kanunçylyk namalary bilen kadalaşdyrylýar.

500 tonna pile ugrunda

Ýüpek gurçuklary kadaly idedilýär Şu ýyl welaýatymyzda ýokary hilli piläniň bol hasylyny kemala getirmek hem-de Watan harmanyna goşmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, Boldumsaz etrabynyň ýüpekçileri häzirki günlerde ýüpek gurçuklaryny idetmek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Olar möwsümde jemi 1943 guty ýüpek gurçuklaryna ideg etmek bilen, ondan 71 tonna oňat hilli pile öndürmegi maksat ednýärler. Kadaly iýmitlendirilýän, bellenen şertlerde saklanylýan gurçuklar günsaýyn ösýär. Olara hyzmat etmekde tejribeli ýüpekçileriň köp sanlysynyň görelde görkezýändiklerini nygtamak gerek. Ýüpek gurçuklaryny idetmekde etrabyň «Gökçäge», «Bereket», «27-nji oktýabr», «Türkmenistan» daýhan birleşiklerinde işleriň has-da göwnejaý guralýandygyny bellemek bolar.

Bagdan bereket tapanlar

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça asylly işleri durmuşa geçirmekde, ilkinji nobatda, tejribeli bagbanlara uly ynam bildirilýär. Hysyrdyly we irginsiz zähmeti talap edýän bagbançylyk işi hemme kişä başardyp hem barmaýar. Şonuň üçin mekdepde biologiýa dersinden sapak berýän, bagbançylyk işinden oňat baş çykarýan Döwrangeldi Döwletowy daýhan birleşiginiň baş bagbanlygyna bellediler. «Bagy-da, bagbanlar toparyny-da özüň döret» diýip, oňa 50 gektar ýer bölüp berdiler. Şeýlelikde, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda obamyzda başy başlanan bu sogaply işi dowam etdirmäge höwesli adamlar soňlugy bilen has-da köpeldi. Döwrangeldiniň yhlasy ýerine düşdi. Bag ekmäge höwesekleriň arasynda körpe ogly Ýalkabyň-da bolmagy ony hem begendirdi, hem oýlandyrdy. Şonda ol, bir tarapdan, öz ýolunyň dowam etdiriljekdigine begense, ikinji tarapdan, oňa bu ugurdan ähli bilýän zatlaryny öwredip başlady. Her gezek beýleki bagbanlar maslahat sorap gelenlerinde, ol Ýalkaby-da çagyryp, öz tejribesine daýanyp olara maslahat bererdi. Şonda baş bagbanyň esasy daýanjy bagçylyk baradaky ylmy gollanma bolupdy. Şeýle kitaplaryň köpüsini ýygnan Döwletgeldi bagban bagbançylygyň inçe syrlaryny öwrenmekleri üçin kitaplary beýlekilere-de berip, olaryň hem tejribesiniň artmagyna goşant goşdy. Aýratyn-da, ogly Ýalkabyň bag nahallaryny sapmak arkaly geçirýän tejribeleri oňa has-da ýaraýardy. Onuň: «Oglu

Möwsümiň öňdebaryjylary

Hatarara bejergi geçirilýärRuhubelent etrabynyň «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginde birtekiz gögeren gowaçalaryň göni hatarlary bu gün göwünleri göterýär. Daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl 1 müň gektar ýerde «ak altynyň» bereketli hasylyny Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler. Munuň üçin irki ekilen gowaçalaryň hatar aralarynda ilkinji bejergi işlerini amala aşyrmaga guramaçylykly girişildi.— Hojanepes Batyrowyň ýolbaşçylygyndaky 1-nji, Jumageldi Esenowyň baştutanlygyndaky 2-nji toparlarymyzyň kärendeçileri köp ýyldan bäri ýerden bol hasyl almagyň göreldesini görkezip gelýärler. Tejribeli pagtaçy kärendeçilerden Dädebaý Ilamanow, Hojaguly Derýaýew, Nurgeldi Seýitmedow we olaryň maşgala agzalary özleriniň kärende ýerlerinde ertirden agşama çenli gaýratly zähmet çekmek bilen, gowaçalary ýekelemek, hapa-haşal otlardan arassalamak babatda köplere görelde görkezýärler. Hatarlaryny gönülän gowaçalaryň hatarara bejergisiniň ýokary hilli geçirilmegi üçin Gulgeldi Hojageldiýew, Çary Amanow ýaly tejribeli mehanizatorlarymyz yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Olar hatarara bejergisi bilen birlikde, ýaş gowaçalary gapdallaýyn iýmitlendirmek işlerini hem utgaşykly amala aşyrýarlar. Kärine yhlasly mehanizatorlaryň tagallasy bilen gowaçalaryň agrotehniki bejergisi öz wagtynda ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän adamlar üçin döredilip berilýän

Bir etrapdan iki habar

Galla oragyna taýýarlykKöneürgenç etrabynda şu ýylyň galla oragyna gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny, galla kabul ediş nokatlaryny taýýarlamakda derwaýys çäreler gyzgalaňly alnyp barylýar. Öňde duran möwsümde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň dürli kysymly kombaýnlarynyň 35-siniň güýjünden peýdalanmak bellenilip, şu günlerde olara zerur tehniki hyzmatlar edilýär. Bu işlerde kärhananyň tejribeli ussalaryndan Myrat Taganow, Maksat Ýomutbaýew, Ýagşygeldi Begjanow we beýlekiler has-da tapawutlanyp zähmet çekýärler. Mundan başga-da, etrapda ýygnalan hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamakda etrap awtoulag kärhanasyna, beýleki edara-kärhanalara, şahsy hojalyklara degişli ýük awtoulaglarynyň 180-e golaýyny ulanmak meýilleşdirilip, olar bilen degişli şertnamalar baglaşylýar. * * *

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Irki ekiş — kärendeçä utuş Bahar pasly ene toprak bilen iş salyşýan oba hojalykçylar üçin aýgytlaýjy möwsüm, iň jogapkärli döwür hasaplanýar. Bu pasylda edermen daýhanlar ýagşy umytlara, ruhubelentlige dolup, täze hasylyň aladasyna gurşalýar.

Gowaçanyň idegi ýetirilýär

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 6 müň 500 gektar meýdanda ýokary hilli gowaça ekişini geçirip, şondan bol hasyl almagy maksat edinýän Gökdepe etrabynyň “ak altyn” ussatlary ekiniň idegine jogapkärli çemeleşýärler. Irki gowaça ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş gazanyldy. Şu günler gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Bu işde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Ekinlere şu günki idegiň geljekki bol hasylyň girewidigine oňat düşünýän pagtaçy daýhanlar ideg işleriniň her birine yhlasly ýapyşýarlar.

Ýazky möwsümdäki sazlaşykly işler

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň sähra ýaly giň göwünli, halal zähmete berlen ýaşaýjylary oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde, olardan bol hasyl almakda, maldarçylygy ösdürmekde köplere görelde bolýar. Etrabyň gallaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin geçen ýylyň güýzünde 21 müň 200 gektar meýdana tohum sepdiler. Şonuň 4 müň 390 gektary Üçdepe ýaýlasynda ekildi. Ekiş geçirilen meýdanlarda doly gögeriş alan gallaçylar şu ýyl etrap boýunça 44 müň 400 tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda daýhanlar ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda göwnejaý ideg edip, suw tutmak, dökün bermek ýaly gaýragoýulmasyz işleri geçirýärler. Ekinlere dökün bermekde etrap boýunça döwrebap tehnikalaryň 18-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. «Garagum kanaly», «Baýramaly» daýhan birleşikleriniň gallaçylary bolsa bu işde has-da tapawutlanýarlar. Netijede, etrapda bugdaýly meýdanlar bereketli hasyl toplaýar.

Netijeli ideg — bol hasylyň şerti

Ýüpekçi alymlaryň dürli döwürlerde geçiren ylmy barlaglarynyň netijelerinden hem-de önümçilikden mälim bolşy ýaly, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlarynyň taýýarlanylyşy, arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişi ýokary hilli pile almakda zerur şertleriň hatarynda durýar. Ýokary önümli tohumdan bolan ýüpek gurçuklary göwnejaý idegi talap edýär. Şundan ozal, gurçukhanalar üçin diňe düýpli gurlan ýyly jaýlary saýlap alyp, gurçuk idetmek babatda enjamlaşdyrylan zerur ýylylyk we çyglylyk şertlerini döretmek mümkinçiliginden ugur almak gerek. Biologik gurluş aýratynlyklaryna baglylykda, ýüpek gurçuklary her ýaşynyň aralygynda daşky beden örtügini çalyşýarlar. Bu bolsa olaryň ýaşyny kesgitlemekde ähmiýetlidir. Gurçuklar ilkinji üç ýaşynda uly bolmadyk meýdany eýeleýärler hem-de ýapragy az iýýärler. Uly ýaşly gurçuklara garanyňda, olara has ýokary derejede ýylylyk gerek bolýar. Şonuň üçin-de, kiçi ýaşly gurçuklar ýyladylýan jaýlarda iýmitlendirilýär. Kadasyz şertler kiçi ýaşly gurçuklaryň ösmegine ýaramaz täsir edip, olaryň ýaşamaga ukyplylygyny peseldýär. Gowy iýmitlendirmek bolsa bu döwrüň dowamlylygyny azaldyp, olaryň ukyplylygyny artdyrýar, pile saramaklaryna, piläniň agramynyň kada laýyk bolmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Kiçi ýaşly gurçuklar ýaş ýapraklar bilen iýmitlendirilip, her 2-3 sagatdan iýmit berilýär. Olar 65 — 75 göterim çyglylykda saklanyp, ot

Ýüpekçilik düşewüntli pudak

Jogapkärli möwsüm Babadaýhan etrabynyň ýüpekçileri ýüpek gurçugyny idetmek möwsümini üstünlikli alyp barýarlar. Şanly ýylymyzda etrabyň ýüpekçileri 547 guty gurçuk tohumyndan 20 müň kilogram oňat hilli pile almagy maksat edinýärler.

Nygmat bolçulygy ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde goýan jogapkärli wezipeleri Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu il-ýurt bähbitli işe welaýatymyzyň etraplarynyň daýhan birleşikleriniň oba adamlary hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň birinji çärýeginde gazanan netijeleri ýokarda bellänlerimizi anyk subut edýär. Zähmetiň gaýnap joşýan günlerinde welaýatyň zähmetkeşleri her gününi, her aýyny üstünliklere besleýärler, halal, yhlasly zähmet çekmek bilen hemmelere görelde bolýarlar. Hut şonuň üçin olaryň alyn derinden önen azyk önümleri ak bazarlarymyzy bezemek bilen, halkymyz tarapyndan uly islege eýe bolýar. Taryhy ýylymyzyň geçen üç aýynda welaýatymyzyň etraplarynyň ýyladyşhanalarynda gök önümleriň 1,8 müň tonnadan gowragy öndürildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Öndürilen limon bolsa 36,3 tonna barabar boldy. Şeýle oňyn görkezijiler ilaty öz topragymyzda öndürilýän gowy hilli, arzan bahaly ýokumly önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Welaýatymyzda mallaryň baş sanyny hem-de mallardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak ugrunda hem uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gara mallaryň 597 müňden gowrak başy, dowarlaryň 3 million 226 müňe golaý baş

Daýhanlaryň zähmet üstünlikleri

Şu ýylyň has-da ygally gelmegi oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ekin işleriniň ilerlemegine itergi berdi. Ýagyş suwlary ýaşyl dona bürenip oturan däneli ekin meýdanlaryny suwarmakda, dökünler bilen iýmitlendirmekde we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň daýhan birleşikleriniň kärendeçileriniň hem şu günler iş-aladalary has-da artdy. Etrabyň oba hojalykçylary şu ýyl gök-bakja önümleriniň bolçulygyny artdyrmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Yhlasa — myrat

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň daýhan birleşiginde edermen pagtaçylar şu ýyl 1 müň gektar ýerde gowaça ekişini geçirdiler. Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişinde toparlaryň 2-si döredilip, olarda sürüm traktorlary we beýleki oba hojalyk tehnikalary sazlaşykly işledildi. Tamamlaýjy tapgyry dowam edýän gowaça ekişinde mehanizatorlardan Begli Täçmedow, Bagtyýar Mätýakubow, Akmyrat Mätjanow, Gulgeldi Hojageldiýew göreldeli zähmet çekip has-da tapawutlandylar. Şu ýyl welaýat boýunça gowaça ekişine hut şu daýhan birleşiginden başlanmagy hem ýöne ýerden däl. Çünki Aşyk Aýdyň piriň gadamy düşen bereketli meýdanlar daýhanlaryň yhlasyny myrada öwürýän sahawatly ýerlerdir.

Ösüş suwy tutulýar

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işi biziň etrabymyzda hem gyzgalaňly dowam edýär. Bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmakda etrabymyzyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň gallaçy kärendeçileri tapawutlanýarlar. Olar pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 2 müň 420 gektar meýdanda bugdaý ýetişdirmegi maksat edinýärler. Oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti boýunça şu güne çenli 1 müň 157 gektar meýdanda ösüş suwy tutuldy. Bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işi gije-gündizleýin dowam edýär. Ösüş suwuny kadalaýyk tutmak esasy talap bolup durýar. Bu işler hünärmenleriň gözegçiligi astynda alnyp barylýar. S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde baý iş tejribesi bolan, geçen ýyl bugdaý hasylyndan ýokary netije alan gallaçy kärendeçiler Ötgürbek Allabergenow, Gülkamar Matkurbanowa, Ikram Babajanow her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işine ilkinjileriň hatarynda girişdiler.

Galla oragyna taýýarlyk

Ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda Tejen etrabynyň zähmetkeşleri hem galla oragyna şu günlerden taýýarlyk görýärler. Oba hojalygyndaky bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly başlamak we bökdençsiz alyp barmak babatda kombaýnlaryň taýýarlygyna uly orun degişlidir. Etrap boýunça «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda galla orujy kombaýnlaryň 97-si we beýleki kuwwatly oba hojalyk tehnikalary doly derejede gözden geçirilip, taýýarlyk hatarynda goýuldy. Tejen etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda göreldeli zähmet çekýän bejeriji ussalardan, mehanizatorlardan we degişli hünärmenlerden möwsümde galla orujy kombaýnlaryň saz işledilmegini gazanmakda Resul Ataýewiň, Mälikpälwan Babaýewiň, Hydyr Aşyrowyň netijeli işleri alyp barýandyklary guwandyryjydyr. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işgärleri galla oragyna taýýarlyk işleriniň çäginde «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň göreldeli işçi hünärmenleri, bejeriji ussalary we mehanizatorlary bilen duşuşyp, olar bilen tehniki howpsuzlyk boýunça düşündiriş işlerini geçirýärler.Olar duşuşyklarda öňde duran galla oragyna taýýarlykly barmak, möwsümde tehniki howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, ýokary öndürijilikli kombaýnlara aýawly garamak hem-de galla oragyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnamak bilen bagly işe mynasyp goşant goşmagyň ähmiýeti dogrusyn

Ekin eken eklener

Daýhançylygy kesp-kär edinen ata-babalarymyz ene topraga eklenç çeşmesi hökmünde garap, onuň her bir daban ýerini mukaddeslige deňäpdirler. Toprak bilen iş salşyp, onuň bilen bagry badaşan daýhanlaryň Güneşden nur alan nurana ýüzlerini synlanyňda göwnüň galkynýar. Şeýle adamlaryň biri-de, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Üzümli toprak» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Annageldi Annaýewdir.