"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Guramaçylykly dowam edýär Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda jogapkärli möwsüm dowam edýär. Her bir möwsümi üstünlikli alyp barmak ugrunda aladalanýan gallaçy daýhanlar geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly, güýçli depgin bilen dowam etdirýärler. 4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýaşulularymyz “Bismilla” diýip ýere tohum sepdiler, däne ekijiler işe girizildi.

«Ak altyn» — gymmatly baýlyk

Welaýatymyzyň pagtaçylary ýygyma dabaraly ýagdaýda girişdiler Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pagta ýygymyna başlamaga beren ak patasyndan göwni galkynan welaýatymyzyň «ak altyn» ussatlary hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda 11-nji sentýabrda möwsüme zähmet baýramçylygy ruhunda guramaçylykly girişdiler.

Ussat pagtaçy

Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Aýjemal Gylyçmyradowa ýygymda tapawutlanmagy başarýan ussatlaryň biri. Onuň 10 gektar meýdanda ak patrak bolup açylan gowaçaly atyzlaryny synlanyňda göwnüň göterilýär. Zähmetsöýer kärendeçiniň maşgala agzalary bilen ýetişdiren hasylyndan göwni hoş. — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçaly atyzlarymyz hasylyny bolluk bilen eçildi. Nesip bolsa, her gektardan 40 sentner hasyla garaşýarys. Ýygymda el güýjünden peýdalanýarys. Bu işde maňa maşgala agzalarymyz, ýygymçylar ýakyndan kömek berýärler. Ene toprakdan bereketli hasyl almak üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler bizi diýseň guwandyrýar, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bereket mekanyna öwürmek üçin alyp barýan asylly, döwletli işlerine, taýsyz tagallalaryna alkyşlarymyz çäksizdir — diýip, kärendeçi Aýjemal Gylyçmyradowa aýdýar.

Bugdaý ekişi — jogapkärli möwsüm

Ak bugdaý etrabynyň gallaçylary güýzlük däne ekişini talabalaýyk derejede, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Geljek ýylyň hasyly üçin 26 müň gektarda däne ekişini geçirmegi meýilleşdiren etrabyň ak ekin ussatlary häzirki jogapkärli günlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň netijeli ulanylmagyny gazanýarlar. Etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda ekiji traktorlaryň 66-synyň bökdençsiz işledilmegi netijesinde ekiş geçirilýän meýdanlaryň gerimi barha giňeýär. Däne ekişi «Üzümli toprak», «Ak üzüm» daýhan hojalyklarynda, Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde has göwnejaý alnyp barylýar.

«Ak altynly» kerweniň uzap barýar hatary

Daýhanyňky ýer bilen. Onuň ähli aladasy, öňde goýýan maksady möwsümleýin oba hojalyk işleriniň her birini öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmek arkaly tohum ekip, ondan bol hasyl almakdan ybarat. Bu asylly maksat onuň goluna, biline kuwwat berýär, kalbyna ganat bagladýar. Şonuň üçin ol ähli yhlasyny, zähmetini ene topraga bagyş edýär. «Daýhan mert — ýer jomart» diýleni. Toprak daýhanyň yhlasyna, zähmetine görä bereket eçilýär. Muňa biz şu ýyl edermen gallaçylarymyzyň ajaýyp zähmet üstünlikleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. Ynha, ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary hem ýeňlerini çyzgap, pagta ýygymyna girişdiler. Häzirlikçe olar üçin arzyly pellehana heniz öňde. Pagta ýygymyna ýaňy badalga berildi.

Bagbany bagyndan tana!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, özümizde ösdürilip ýetişdirilýän miweli baglaryň hasabyna azyk bolçulygyna saldamly goşant goşmak baradaky aladalaryna oba adamlary hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri hem Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň Isbaz obasynyň ýaşaýjysy, tejribeli bagban, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Tursunbaý Ýusupowdyr. Tejribeli bagbanyň ýetişdiren bagy tüýs rowaýatlarda tarypy ýetirilýän baglara çalymdaş. Göreniň gözi eglenýän bu bag şeýle bir arassa, ýekeje-de guran şaha ýa-da daragt tapaýmarsyň. Düýpleri hem endigan agardylan. Elbetde, munuň aňyrsynda bagbanyň ýadamazaklygy, zähmete bolan çäksiz söýgüsi ýatyr. Halal zähmeti bilen obadaşlarynyň arasynda uly hormata eýe bolan Tursunbaý bagban bilen miweli baglary ösdürip ýetişdirmek dogrusyndaky eden söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Tursunbaý, tüweleme, bagyňyzy synlap, berekediň adam elinden önýändigine ýene bir ýola göz ýetirdik. Şunuň ýaly miweli bagy döretmek üçin nämeler etmeli, şular barada aýdaýsaňyz?!

«Baglarymda iýmiş bişdi...»

Bereketli türkmen topragynyň üstünde bitýän naz-nygmatlar gözüňi dokundyrýar. Yhlasyňy siňdirip ýere sepen ýekeje tohumyň, şänigiň müňläp hasyl eçilýär. Toprak seniň oňa bakyşyňdan, eliňe pil alyp tekizleýşiňden, tohum sepişiňden, suwaryşyňdan içki pikiriňi, yhlasyňy aňýar, seniň bilen sessiz sözleşýär. Yhlasyňa görä jogap berýär. Üstünden erenler hasasyny dürtüp, rysgal-döwlet paýlap geçen, ene mähriniň yssysyny ýada salýan sahawatly ýeriň «ene toprak» diýlip, ezizlenmesiniň gözbaşy şol düşünjelerden gaýdýan bolmaly. Bular barada ýaş bagban Mähriban Öwezmyradowa bilen duşuşanymyzda köp pikir alyşdyk. — Men Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Görelde obasynda doguldym. Oba ýerinde önüp-ösemsoň, gözümi açyp görenim ekerançylyk meýdanydy, sebäbi gapymyzdaky mellek ýerimizde güller, baglar ekilgidi. Kakamyň olara hyzmat edişini görüp, doganlarym bilen gülleri suwarardym, baglarda miwe bişse, ýygyşardym. Ene toprak bilen iş salyşmak ruhuňy galkyndyrýar — diýip, Mähriban gürrüňe başlady.

Ak hanalar açylýar, berekedini eçilýär

1998-nji ýylda Haýytgül orta mekdebiň ahyrky synpynda okaýardy. Bir gün sapakda türkmen dili we edebiýat mugallymy: «Sen geljekde kim bolmakçy?» diýen sowaly orta atdy. Kim lukman, kim mugallym, kim inžener, kim hasapçy bolmaga höwes bildirdi. Gezek Haýytgüle ýetende: «Men kärendeçi daýhan boljak. Çünki ata-babalarymyz ene toprakdan rysgal-döwlet tapypdyrlar» diýdi. Onuň bu aýdanlaryny mugallym-da, okuwçylar-da makulladylar. Orta mekdebi tamamlandan soň, ol Saýat etrabynyň «Çekiç» daýhan birleşiginiň 6-njy kärendeçiler toparynyň ekin meýdanyna geldi. Ony gören kärendeçiler: — Tüweleme, Haýytgül, biziň aramyzda bolmakçymy — diýdiler. Gyzyň jogaby nagt boldy.

Gant şugundyry düşewüntli ekin

Garagum etrabynyň hasyl ussatlary ýerleriň medeniýetini ýokarlandyrmak, hasyllylygyny artdyrmak maksady bilen, ekin dolanyşygyna aýratyn üns berýärler. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda etrap boýunça bugdaýdan boşan ýerleriň 6 müň gektaryna aralyk ekin bolan gant şugundyryny ekip, ýokary gögeriş gazandylar. Gant şugundyry ekilen meýdanlary haşal otlardan arassalamak, ekinleri zyýankeşlerden goramak işleri hem gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bu işler etrabyň «Ak altyn», «Baýramaly» daýhan birleşiklerinde «Erkin sähra», «Erkin toprak» daýhan hojalyklarynda ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Bir ýylda ýerden iki hasyl alynmagy, bir tarapdan ýeriň düşewüntliligini artdyrsa, ikinjiden, topragy gurplandyrýandygyna öz iş tejribelerinde göz ýetirýän garagumly daýhanlar ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda etrap boýunça 6 müň gektar ýere gant şugundyryny ekip, 75 müň 120 tonna hasyl almaklygy meýilleşdirýärler.

Daýhan yhlasy

4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Şol gün welaýatymyzda bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Soňra Gyzylarbat etrabynyň «Batly mülkdar» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli dabara ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň sargydyna eýerilip hem-de asylly däbe görä, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi.

Ýaş daýhanyň yhlasly zähmeti

Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginde topraga bagry badaşan, ondan döwlet tapýan kärendeçiler näçe diýseň bar. Şolaryň hatarynda Daýanç Saparowy bellemek bolar. Daýanç ýaşdygyna garamazdan, işiň abyny-tabyny ele alan kärendeçi. Ol öňki ýyllarda diňe bugdaý, gowaça ekip bol hasyl alan bolsa, häzirki wagtda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzyň bu önümlerden doly bolmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Ýakynda biz Daýanç Saparow bilen iş üstünde duşuşyp, söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: – Men her ýyl «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň çäginde kärendesine alan 35 gektar ýerimde bugdaý, 22 gektar ýerde bolsa gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdim. Şu ýyl Watan harmanyna 35 gektar ýerden 148 tonna galla hasylyny tabşyryp, meýilnamany 200 göterim berjaý etdim. Şu günler güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna guramaçylykly  girişdik. Şeýle hem  kärende ýerimiň 4 gektarynda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýäris. Çeken yhlasly zähmetimiň netijesinde gawundyr garpyzyň, pomidordyr soganyň we beýleki gök-bakja önümleriň bol hasyly kemala geldi. Häzirki wagtda bu önümleri ak bazarda ilata elýeterli bahalardan hödürleýäris. Bize yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Daýhan hereketi – hasyl berekedi

Mary etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň üzüm baglary 13 gektara çenli uzalyp gidýär. Häzirki wagtda daýhan birleşiginiň edermen daýhanlary üzümiň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň 20 müňden gowrak düýbüni ýetişdirip, bol hasyl alýarlar. Bu ýerde üzümiň, esasan, terbaş, ak üzüm, gara üzüm ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Tejribeli daýhanlaryň aýdyşy ýaly, her gektardan ortaça 20–25 tonna çenli hasyl alynýar. Daýhan birleşiginiň Merdan Orazgulyýew, Geldi Aşyrow, Altymuhammet Nurberdiýew ýaly kärendeçileri üzümden bol hasyl almakda beýlekilere görelde bolýarlar. Olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgatly barmagy ýüreklerinde besleýärler. Munuň üçin bolsa şu günler üzümi köpçülikleýin ýygyp, has öndürijilikli zähmet çekýärler. Olar ilatymyzy bütin ýylyň dowamynda ter miweler we ir-iýmişler bilen üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwlaýarlar.

Ir eken utar

Babadaýhan etrabynyň ak ekin ussatlary 30 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekişini geçirmegi belent maksat tutunyp, şu günler jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Ekişde etrabyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň we daýhan hojalyklarynyň ekiji tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Jogapkärli möwsümde gallaçylar ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär, wagtlaýyn döredilen tehniki hyzmat ediş toparlaryň hyzmaty göwnejaý ýola goýulýar. Işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegine itergi berýär. Ekişde tapawutlanýan mehanizatorlaryň höweslendirilip durulmagy bolsa, işiň depginine oňyn täsirini ýetirýär.

Bugdaý ekişi depginli barýar

Kaka etrabynyň gallaçy daýhanlary geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişini depginli alyp barýarlar. 42 müň 400 gektar meýdanda däne ekmegi meýilleşdirýän etrabyň oba zähmetkeşleri möwsümde ekiji tehnikalardyr gurallaryň netijeli ulanylmagyna we işiň ýokary hil derejesinde alnyp barylmagyna jogapkärçilikli çemeleşýärler. Ekişde ekiji tehnikalaryň 60-a golaýy bökdençsiz işledilýär. Güýzlük däne ekişinde etrabyň “Türkmenistan”, “Parahat”, G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşikleri, şeýle-de “Ýaz meýdan”, “Ýeke çeşme” daýhan hojalyklary nusgalyk görelde bolýarlar. Ekişiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri möwsüme gatnaşyjylar bilen iş üstünde duşuşyp, armalaryny ýetirýärler.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, 11-nji sentýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak babatda maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan pagtaçylygyň obasenagat toplumynyň möhüm ähmiýetli pudagydygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Pagta süýümi innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçiligi ýola goýmakda Diýarymyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýar.

Pagta ýygymyna girişildi

Döwlet Baştutanymyzyň 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ak pata bermegi bilen, 11-nji sentýabrda ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Hepdäniň çarşenbe güni welaýatymyzda pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli «ak kerwen» dabarasy geçirildi. Il sylagly ýaşulularyň etrabymyzyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň meýdanynda «ak altynyň» ilkinji hanalaryny ýygmaklary bilen, welaýatymyzda bu jogapkärli möwsüme badalga berildi. Hasyly bereketli meýdanda başlanan dabara Köneürgenç etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda dowam etdi.

Bol hasylly meýdanlar

Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmegi pagtaçylarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymy möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmatlar ýola goýlup, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bol hasylyň isripsiz ýygnalmagy ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň subutnamasydyr. Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelen pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti «ak altyn» bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Halkymyzyň asylly däbine görä, Beýik Biribardan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygy dileg edilip,  hormatly ýaşulularyň hasylyň ýygnalyp başlanmagyna ak pata bermekleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýene bir şanl

Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak babatda maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan pagtaçylygyň obasenagat toplumynyň möhüm ähmiýetli pudagydygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Pagta süýümi innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçiligi ýola goýmakda Diýarymyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýar. Dokma senagatynyň önümleri bolsa dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Topragyň berekedi — halkyň baýlygy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oba hojalyk pudagynda möhüm möwsümiň — pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýratyn nygtady. Bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Netijede, düýn Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Ahalda

Ak pagta — milli baýlygymyz

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda pagta ýygymyna badalga berildi Hormatly Prezidentimiz 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde edermen pagtaçy kärendeçilerimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini belläp, ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine ak pata berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyndan ruhlanan welaýatymyzyň edermen pagtaçy kärendeçileri hem 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna uly ruhubelentlik bilen girişdiler.