"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sanly tehnologiýalara daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylmyň dürli ugurlaryny döwrebap ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Hukuk ylymlary hem ylmyň özboluşly, wajyp ugry hökmünde yzygiderli ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, hukuk goraýjy edaralarda hem innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Innowasiýalar, ylym-bilim ulgamlaryndaky kämilleşmeleriň özenini düzýär. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanmagy ähli ulgamlaryň ylma esaslanyp, innowasion çemeleşmelerden ugur alnyp ösdürilmegine mümkinçilikleri has-da artdyrdy. Innowasion ösüş kazyýet işlerini alyp barmakda hem giň gerime eýe bolýar.

Sanly ulgamyň hünärmenleri

«7/24.tm», №30 (61), 26.07.2021. Ähli döwletlerde dünýä ykdysadyýetiniň geljekki ösüşi sanly innowasiýalara daýanýan, ösen döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligine bagly bolýandygy sebäpli, sanlylaşdyrmagyň ösüşine we onuň durmuşa ornaşdyrylyşyna aýratyn uly ähmiýet berilýär.

Zenanlaryň täsin açyşlary

Durmuşymyzda giňden ornan enjamlaryň, esbaplaryň birnäçesi zenanlar tarapyndan oýlanyp tapylandyr. Olardan gap-gaç ýuwujy enjamy, awtoulag üçin niýetlenen aýna arassalaýjyny, bir sapar ulanylmaga niýetlenen çaga arlygyny mysal getirmek bolar. Gap-gaç ýuwýan enjam

11 mi­nut­da kos­mo­sa gi­dip gel­di

«Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jeff Be­zo­syň eýe­çi­lik ed­ýän «Blue Ori­gin» kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li ra­ke­ta il­kin­ji adam­ly uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Bu uçu­şa Be­zos bi­len bi­le­lik­de onuň ini­si Mark, kos­mo­sa çy­kan iň gar­ry adam ady­na eýe bo­lan 82 ýaş­ly Wal­li Fank, kos­mo­sa çy­kan iň ýaş adam bo­lan 18 ýaş­ly Oliw­ýer Dea­mon gat­naş­dy. Kos­mos sy­ýa­ha­ty­nyň tä­sin ta­ra­py kos­mos gä­mi­si­ni do­lan­dyr­ýan hiç hi­li eki­pa­žyň ýok bol­ma­gy. Ra­ke­ta­nyň ýo­kar­sy­na ýer­leş­di­ri­len gä­mi kos­mo­syň çä­gi­ne ýe­ten­den soň­ra ra­ke­ta­dan bö­lü­nip aý­ryl­ýar. Ra­ke­ta dik­li­gi­ne ýe­re gon­ýar we ony gaý­ta­dan ula­nyp bol­ýar. «New She­pard» at­ly kos­mos gä­mi­si bol­sa aw­to­mat usul­da pa­raş­ýut ar­ka­ly ýe­re düş­ýär. ABŞ-nyň Te­has şta­tyn­dan ho­wa gö­te­ri­len kos­mos gä­mi­si bi­len 107 ki­lo­metr be­len­de çy­kan adam­lar Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň bol­ma­dyk ýe­rin­de ba­ry-ýo­gy 1,5 mi­nut wagt ge­çir­di­ler. Tä­sin uçuş in­ter­net ar­ka­ly gö­ni ýaý­lym­da köp­çü­li­ge ýe­ti­ril­di. Bu uçuş adam­za­dyň Aýa il­kin­ji aýak ba­san gü­nü­niň 52-nji ýy­ly­na ga­bat ge­ti­ril­di. Do­lu­ly­gy­na aw­to­mat usul­da he­re­ket ed­ýän ra­ke­ta-kap­su­la bo­lan «New She­pard» kos­mos gä­mi­si kos­mo­sa uçu­ry­lan iň uly pen­ji­re­li gä­mi bol­dy. 11-nji iýul­da iň­lis işe­wü­ri Ri­çard Bron­son hem «Vir­gin Ga­lactic» kom­pa­

Zy­ňyn­dy­la­ryň tä­si­ri

Daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy döw­rü­mi­ziň iň mö­hüm me­se­le­le­rin­den bi­ri­dir. Bü­tin dün­ýä­de ila­tyň kö­pel­me­gi­niň we se­na­gat­laş­ma­gyň tä­si­ri se­bäp­li uly ga­lyn­dy me­se­le­le­ri ýü­ze çyk­yp, te­bi­ga­ta zy­ýan­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Plas­tik ga­lyn­dy­lar te­bi­ga­ta iň zy­ýan­ly önüm­ler ha­sap­la­nyl­ýar. Bu ga­lyn­dy­la­ryň ýe­tir­ýän zy­ýa­ny dün­ýä­de eko­lo­gi­ýa­nyň de­ňag­ram­ly­ly­gy­nyň bo­zul­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Ýa­şa­ýyş dün­ýä­si we eko­lo­gik de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak üçin plast­mas­sa­nyň te­bi­gata taşlanmazlygy we gaý­ta­dan iş­len­me­gi örän mö­hüm­dir. Şol se­bäp­li dün­ýä­de ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan peý­da­lan­mak üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gaý­ta­dan iş­le­me­giň äh­mi­ýe­ti

Ys­sy­da ulagy do­lan­dyr­ma­gyň düz­gün­le­ri

Ulag sür­me­giň so­wuk ho­wa­da kä­bir kyn­çy­lyk­la­ry­nyň bol­şy ýa­ly, ys­sy gün­ler­de hem kä­bir oňaý­syz ta­rap­la­ry bol­ýar. Bu dö­wür­de ula­gy ys­sy­dan go­ra­mak ula­gy­ňyz­da ýü­ze çy­kyp bil­jek kä­bir teh­ni­ki bök­denç­lik­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam eder. Ho­wa­nyň ys­sy gün­le­rin­de ula­gy­ňy­zyň ser­gin bol­ma­gy üçin kä­bir öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni ge­çir­me­li. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da şeý­le usul­la­ryň bir­nä­çe­si bi­len ta­nyş bo­la­lyň: Kö­le­ge­li ýe­ri tap­ma­ga sy­na­ny­şyň!

«Land Crui­ser 300» -iň ta­nyş­dy­ry­ly­şy bol­dy

«Ga­ra­gum Ulag» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti Ýa­po­ni­ýa­nyň dün­ýä bel­li aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si «Тоyotа»-nyň «Land Crui­ser» mo­de­li­niň tä­ze nus­ga­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. «Toyo­ta Land Crui­ser 300» at­ly tä­ze mo­de­liň ta­nyş­dy­ry­ly­şy Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Oguz han kö­çe­si­niň ug­run­da ýer­leş­ýän ser­gi za­lyn­da ge­çi­ril­di. Ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da «Ga­ra­gum Ulag» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy çy­kyş edip, ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­le­riň zäh­met çek­me­gi üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­lyk bil­dir­di. Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da ýa­pon bren­di­niň soň­ky ula­gy bo­lan, dün­ýä­de yg­ty­bar­ly­ly­gy ba­bat­da yk­rar edi­len «Toyo­ta Land Crui­ser 300» ula­gy köp­çü­li­ge gör­ke­zil­di. 2007-nji ýyl­dan bä­ri ön­dü­ril­ýän «Toyo­ta Land Crui­ser 200» ula­gy­nyň no­bat­da­ky nes­li bo­lan tä­ze ulag daş­ky di­zaý­ny we iç­ki mul­ti­me­di­ýa ul­ga­my bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 70 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan mo­del

Bäs­deş­le­riň hyz­mat­daş­ly­gy

Hy­taý­da iş alyp bar­ýan «Ali­ba­ba» we «Tencent» kom­pa­ni­ýa­la­ry hyz­mat­daş­lyk et­mek ka­ra­ry­na gel­di­ler. Bu iki kom­pa­ni­ýa teh­no­lo­gi­ýa, ara­gat­na­şyk, bö­lek söw­da, elekt­ron söw­da we beý­le­ki dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýar­lar. Mun­dan ozal «Tencent»-iň tö­leg ul­gam­la­ry «Ali­ba­ba»-nyň plat­for­ma­la­ryn­da iş­le­me­ýär­di. In­di bol­sa iki kom­pa­ni­ýa­nyň mo­bil prog­ram­ma­la­ry we beý­le­ki ul­gam­la­ry bi­ri-bi­ri bi­len saz­la­şyk­ly iş­lär. Bu bol­sa müş­de­ri­le­riň işi­ni ýe­ňil­leş­di­rer. «Bloom­berg» ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, «Tencent» kom­pa­ni­ýa­sy «Ali­ba­ba»-nyň elekt­ron söw­da sa­naw­la­ry­na «WeChat» mo­bil go­şun­dy­sy ar­ka­ly bi­rig­ýän ul­ga­my iş­läp taý­ýar­la­ýar. Ab­dy­rah­ym Ho­ja­ýew,

Mars üçin has uly di­ku­çar ýa­sal­ýar

ABŞ-nyň ae­ro­kos­mos eda­ra­sy şu ýyl Mar­sa gon­du­ry­lan «In­ge­nui­ty» di­ku­ça­ryn­dan has ulu­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar. Bu mar­so­kop­ter uzak ara­ly­ga uç­ma­ga ukyp­ly bo­lar. «In­ge­nui­ty» at­ly ki­çi­jik di­ku­çar ge­çen ýy­lyň 30-njy iýu­lyn­da uçu­ry­lyp­dy. Bu di­ku­çar gys­ga ara­ly­ga uçup, gu­şu­çar be­lent­lik­den Gy­zyl pla­ne­ta­nyň ýü­zü­ni su­ra­ta al­ýar. Tas­la­ma­nyň şow­ly bol­ma­gy onuň has uly nus­ga­sy­nyň ön­dü­ril­me­gi­ne iter­gi be­rip­dir. In­že­ner­ler bir uçuş­da bir­nä­çe ki­lo­metr ýol ge­çip bil­jek di­ku­ça­ry ýa­sa­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Teo­dor Tza­ne­tos ada­ty mar­so­hod bi­len ba­ryp bol­ma­jak dik uçut­la­ryň di­war­la­ry­nyň ýa-da be­ýik­li-pes­li ýer­le­riň, hat­da go­wak­la­ryň bu di­ku­çar ar­ka­ly ýa­kyn­dan öw­re­ni­lip bi­lin­jek­di­gi­ni aýt­dy. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Mars­da ma­hal-ma­hal öwüs­ýän güýç­li ýel ki­çi göw­rüm­li uça­ryň uç­ma­gy­ny kyn­laş­dyr­ýar. Gün şöh­le­sin­den zar­ýad al­mak ar­ka­ly iş­le­ýän «In­ge­nui­ty» at­ly di­ku­çar hä­zi­re çen­li do­kuz ge­zek uçu­ryl­dy we gym­mat­ly mag­lu­mat­lar top­lan­dy.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde hukuk, ykdysady, durmuş we söwda gatnaşyklarynda ählitaraplaýyn ýeňillikler döreýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar. Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär. Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär» diýlip bellenilýär we bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy esasynda sanly ulgamy döretmek, ýaýratmak, giňden ulanmak, peýdalanyjylaryň hukuklaryny goramak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça «Aragatnaşyk hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şol kanunçylyk namalarynda raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatynda islendik kanuny usullar arkaly maglumatlary gözlemek, almak, ýygnamak, ulanmak erkinligi, maglumatlara rugsady çäklendirmegiň diňe kanun arkaly bellenilmegi h

Döwür bilen aýakdaş gitmeli

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we ylmy işläp taýýarlamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen tehnologiýa taýdan häzirki ösen döwür bilen aýakdaş gitmek ugrunda yzygiderli çäreler görülýär. Bu ugurda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, önümçilik we hyzmat ediş ulgamlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ilatyň internet hyzmatlaryndan peýdalanyşynyň gerimini giňeltmek boýunça ençeme işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, raýatlarymyzyň internet-kafeleriň hödürleýän hyzmatlaryndan peýdalanýanlarynyň sany barha artýar.

Sanly bilim — döwrüň talaby

Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim ulgamyna täzeçil maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi jemgyýetimiziň, döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine milli bilim ulgamyna we beýleki ugurlara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Diýarymyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrylyp, lingafon otaglar hem-de internet ulgamy hereket edýär. Bu bolsa wagtyň tygşytlanmagyna, tiz wagtda islendik ugra degişli maglumatlary tapmaga mümkinçilik berýär. Internet torunyň üsti bilen döredilen maglumat portallarynda ulanyjy — talyp ýa-da okuwçy özüne gerekli maglumatlary alyp, olardan peýdalanyp bilýär. Bu babatda her ýylda talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň halkara internet olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny bellemelidiris. Ýaş nesliň şeýle üstünlikleri, öz gezeginde, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän ünsüň has-da ýokarlanýandygyna, sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, täze zehinleriň ýüze çykýandygyna şaýatlyk edýär.

Ösüşleriň möhüm şerti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän maýa goýum taslamalary baky Bitarap Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysadyýetiniň düzümini berkitmäge gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň biri bolan ulag we kommunikasiýa toplumynda hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasynda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Dördünji senagat rewolýusiýasynyň gazananlary fiziki, sanly we biologiki ugurlary özara utgaşdyrmaga ýardam edýär.

Sanly ulgamyň ösüşi

Ýurdumyzyň sanly ulgamyny uzak möhletleýin esasda ösdürmegiň esasy strategiki wezipeleriniň biri häzirki zaman täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bu ulgamyň işini has-da ilerletmekden ybarat bolup durýar. Sanly ulgam häzirki zaman ykdysady ösüşiniň täze düzüm bölegi bolmak bilen, onuň tehnologiýalarynyň işe ornaşdyrylmagy jemgyýetiň maglumatlary peýdalanmakdaky hajatlaryny doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen baglylykda ýokary tehnologiýaly, innowasion häsiýetli sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmegiň ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Häzirki wagtda innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ykdysady tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, sanly ulgam durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamyny döretmek bilen, internetiň giň mümkinçiliklerine hem daýanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi, maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga-da oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki zaman şertlerinde maglumat tehnologiýalaryndan üstünlikli peýdalanmagyň durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny, uzak möhletl

Sanly ulgam — döwrebaplyk binýady

Häzirki zamanda ähli ulgamlarda sanly ulgamyň ulanylmagy talap edilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» öz wagtynda ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň bütin dünýä bilen aýakdaş gitmeginiň, ösen döwletleriň hataryna goşulmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Gysga taryhy möhletiň içinde sanly ykdysadyýete geçmegimiz ýurdumyzyň dünýäde mynasyp ornuny tapmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan howpsuz, ygtybarly ösüşimizi üpjün edýär. Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiklerine we ynamly ösüşine giň ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgamlary dolandyrmak boýunça hünär-başarnyga eýe bolan ýaş nesliň wekillerine aýratyn bil baglaýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu günki ýaşlarymyzyň ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýandygy baradaky öwgüli sözleri ýaş nesil üçin iňňän buýsandyryjy hakykatdyr. Milli Liderimiz bagtyýar ýaşlarymyzyň öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýandyklaryny, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýandyklaryny belläp, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp boljakdygyny tassyklaýar. Sanly ulgama geçmek bilen baglanyşykly il bähbitli işlere mynasyp goşandyny goşmak her birimiziň watançylyk we raýatlyk borjumyz bolup durýar. Ýurdumyzyň her bir ykdysady pudagy, edara-kärhanalar, ýo

Döwrebap ýel elektrik generatorlary

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda) Smartfonlar üçin ýel elektrik generatory

«TOYO­TA»-nyň ta­ry­hy

Dün­ýä­niň iň köp aw­tou­lag ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Toyo­ta» her ýyl­da 9-10 mil­li­on ulag ön­dür­ýär. Ýa­pon bren­di bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­rin­ji we ikin­ji or­ny ge­zek­li-ge­ze­gi­ne di­ýen ýa­ly paý­laş­ýar. Kä­bir aw­tou­lag brend­le­ri di­ňe bel­li bir se­bit­de has köp sa­tyl­ýan bol­sa, «Toyo­ta» ula­gy­nyň gö­ze il­me­ýän ýur­dy ýok di­ýen ýa­ly. Eý­sem, bu kom­pa­ni­ýa ha­çan esas­lan­dy­ryl­dy­ka?! Il­ki haý­sy ha­ry­dyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­du­ka?! Ge­liň, aw­tou­lag bren­di­niň ta­ry­hy­na gys­ga­ça göz aý­la­lyň! «Toyo­da Au­to­ma­tic Lo­om Works» kär­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Sa­ki­çi To­ýo­da 1924-nji ýyl­da «To­yo­da Mo­del G» at­ly aw­to­ma­tik ti­kin ma­şy­ny­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ýar. Şol dö­wür­de Ýa­po­ni­ýa­nyň da­şar­ky söw­da­syn­da ýü­pek uly orun eýe­läp­dir. Ýü­pek önüm­çi­li­gi ýurt­da iň gir­de­ji­li pu­dak bo­lup, ýüp­lük egir­ýän, do­ka­ýan ma­şyn­lar da­şa­ry ýurt­lar­dan, esa­san, Ang­li­ýa­dan ge­ti­ri­lip­dir. Ýü­pek do­ka­ýan ma­şy­ny ön­dür­mek üçin köp wagtlap kel­le dö­wen Toýo­da 1897-nji ýyl­da öz ýa­san il­kin­ji ti­kin ma­şy­ny­nyň pa­ten­ti­ni alyp­dyr. Ne­ti­je­de, işe­wür el­ýe­ter ba­ha­ly ti­kin ma­şyn­la­ry­ny köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­rip baş­la­ýar. Soň­lu­gy bi­len öz ha­ryt­la­ry­ny Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na hem eks­port edip­di

Suw paý­la­ýan ro­bot­lar

Şu aýyň or­ta­la­ry­na baş­la­jak haj zy­ýa­ra­ty­na bar­ýan­la­ra zem­zem su­wu­ny ro­bot­la­ryň paý­la­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Iki mu­kad­des mes­jit iş­le­ri bo­ýun­ça ýolbaşçysy Şeýh Ab­dul Rah­man Al Su­da­is suw gap­la­ry­nyň paý­lan­ma­gyn­da we zy­ýa­rat edil­ýän ýer­le­riň aras­sa­çy­ly­gyn­da ro­bot­la­ryň ula­nyl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Zy­ýa­rat­çy­la­ra zy­ýan­syz­lan­dy­ry­lan gap­la­ra guý­lan suw paý­la­nar. Su­wy ro­bot­lar we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­len ulag­lar paý­lar.

«Bugatti»-ni satýar

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň lýuks aw­to­mo­bil kla­sy­na de­giş­li bo­lan «Bu­gat­ti» bren­di­ni sat­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Bu ba­ra­da Ang­li­ýa­nyň «Fi­nancial Ti­mes» ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Ha­ba­ra gö­rä, «Bu­gat­ti» Hor­wa­ti­ýa­nyň «Ri­mac Au­to­mo­bi­li» kom­pa­ni­ýa­sy­na sa­ty­lar. Neşirde «Ri­mac»-yň «Volks­wa­gen» bi­len bi­le­lik­de dö­re­dil­jek «Bu­gat­ti-Ri­mac»-yň 55 gö­te­rim paý­na­ma­sy­na eýe bol­jak­dy­gy­ we ga­lan bö­le­gi­niň «Volks­wa­gen»-iň «Porsche» kompaniýasyna de­giş­li bol­jak­dy­gy­ ha­bar beriýär. Bu ba­ra­da «Ri­mac»-yň ýol­baş­çy­sy Meýt Ri­mak: – «Ri­mac» we «Bu­gat­ti» ne­ti­je­le­ri ba­bat­da aja­ýyp jü­büt. Ýaş, ça­la­syn we çak­gan aw­tou­lag hem-de teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy hök­mün­de elekt­rou­lag teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­da özü­mi­zi öň­de­ba­ry­jy orun­da gör­ýä­ris. «Nevera» at­ly ula­gy­myz­da di­ňe gi­pe­ru­lag­lar ön­dür­me­ýän­di­gi­mi­zi, ýo­ka­ry tiz­li­gi bol­ma­gy bi­len bir ha­tar­da ýo­ka­ry hil­li ulag ön­dür­ýän­di­gi­mi­zi gör­kez­dik. «Bu­gat­ti»-­niň hem adat­dan da­şa­ry mi­ra­sy bar – di­ýip bel­le­ýär.

Az işlemek netije berdi

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp ýur­dun­da iş­gär­le­riň has ön­jeý­li we ne­ti­je­li iş­le­mek­le­ri üçin dür­li ýe­ňil­lik­ler dö­re­dil­ýär, tä­ze tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bi­ler­men­ler adam­la­ryň has az iş­län­le­rin­de ön­jeý­li bol­jak­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. Mu­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­rip gö­ren bir­nä­çe ýurt­da oňyn ne­ti­je alyn­dy. Go­laý­da bol­sa Is­lan­di­ýa­da bu ugur­da­ky iň uly tej­ri­be ge­çi­ril­di. Oňa 2500-den gow­rak adam gat­naş­dy. Iş­gär­le­riň zäh­met ha­ky azal­dyl­maz­dan, iş wag­ty gys­gal­dyl­dy. Ne­ti­je­de, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len işiň azal­man­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Tej­ri­bä gat­na­şan­la­ryň hep­de­lik iş wag­ty 35-36 sa­ga­da çenli gysgaldyldy. «In­de­pen­dent» ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, Ang­li­ýa­nyň «Au­to­no­my» şe­re­ke­ti bi­len Is­lan­di­ýa­nyň «Al­da» jem­gy­ýe­ti­niň ge­çi­ren sel­jer­me­sin­de tej­ri­bä gat­na­şan iş­gär­le­riň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­la­nan­dy­gy anyk­la­nyp­dyr.