"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti: täze pikirleriň, innowasion taslamalaryň dünýäsine syýahat

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň paýtagtymyzyň Oguz han köçesiniň ugrundaky okuw binasynyň ýanynda döredilen «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetine baranymyzda, bada-bat ikinji gata çykylýan basgançakdaky: «Ähli zat pikirden başlanýar» diýen ýazgyda nazarym eglendi. Munuň hakykatdan-da şeýledigine asla şübhe ýok. Ynsany beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyk hem hut pikirlenip bilmek başarnygy ahyryn! Akylly-başly pikirlenmek bilen, adamzat özüni gurşap alan barlykda indi sanýetmez ýyllardan bäri ýaşamagyny dowam edip gelýär. Ýer ýüzündäki adamlaryň sany milliardlarça, pikirlere bolsa asla soňlanma ýok... Işläp başlanyna o diýen köp wagt geçmedigem bolsa, biziň gürrüňini etmekçi bolýan IT meýdançamyza gatnaýan ýaşlaryň täzeçil pikirlenmelerinden, görüň, eýýäm innowasion taslamalaryň näçesi kemala gelipdir! Olary önümçilige ornaşdyrmakda-da asla müşgillik ýok. Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýete geçmegi ýurdumyzyň ösüşiniň esasy görkezijisi hökmünde kesgitlän zamanynda şu hili «akylly» çemeleşmelere zerurlyk barha artýar. Şoňa görä-de, IT hünärmenlere we olaryň önümlerine zähmet bazarynda-da isleg örän ýokary.

Tehnologiýanyň miweleri

Häzirki wagtda islendik ugur barada gürrüň edilende, onuň ösüşini täze tehnologiýalar, kompýuterler bilen baglanyşdyrýarlar. Häzirki zaman döredijilik adamlarynyň — ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň, režissýorlaryň... özlerini kompýutersiz, işlemek üçin oňaýly bolan noutbuksyz göz öňüne getirip bilmeýändigini aýdýanlarynyň sany gitdigiçe köpelýär. Dogrudan-da, edil galam-kagyz ýaly, islendik ýere ýanyň bilen alyp gidibermeli noutbuklaryň oňaýlylygy oňa bolan islegiň barha artmagyna getirýär. Biz noutbuk diýenimizde olaryň ählisini umumylykda göz öňüne getirip öwrenipdiris. Ýöne kitap ýaly iki eplenilýän, özünde maglumatlaryň giden bir toplumyny saklamaga ukyply bu täsin kömekçimiziň belli-belli aýratynlyklaryna görä başgaça atlandyrylyşy-da bar. Mysal üçin, internetde işlemeklige niýetlenip ýörite döredilen, «Google» kompaniýasynyň «Chrome OS» operasion ulgamynda işleýän «Chromebook» noutbuklarynyň öndürijisi islendik kompaniýa-da bolup biler. Eger «Elitebook» diýen ýazgyny okasaňyz, öňüňizde «HP» kompaniýasynyň, «Lifebook» diýip ýazylgy bolsa «Fujitsu» şereketiniň önüminiň durandygyny biläýiň. Şonuň ýaly-da «Lenovo» kompaniýasynyň hem diňe özüniň öndürýän noutbuklary bar. Olaryň biri «Thinkpad» telekeçileriň işi üçin niýetlenilen bolsa, «Ideapad», esasan, ýaşlara, öwrenjelere, şonuň ýaly-da edaralarda hat-petek işlerini alyp barmaklyk ýaly uly agram talap etmedik zerurlyklara

Täze tehnologiýalar esasynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, ony halk hojalygynyň ähli pudaklaryna we beýleki düzümlere giňden ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu babatda dünýä tejribesiniň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda» Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, bellenen işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm şerti

Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti sanly ulgama geçmekdir. Dünýäniň ähli döwletlerinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasion ösüş we täze iş orunlarynyň, döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen baglydyr. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ykdysadyýetiň ähli pudagyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenilmegi we ýörite mejlislerde bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlarynyň bellenilmegi we beýleki işler sanly ykdysadyýete geçmegiň möhüm tapgyry boldy.

Sanly bilim — kämilligiň binýady

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan ylym-bilim özgertmeleri esasynda ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine giň ýol açylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň aň-düşünjesini, dünýägaraýşyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

Elektron kitaplaryň ähmiýeti

Ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi gündelik durmuşymyza gönüden-göni täsir edýär. Ösen tehnologiýa adamyň zähmetini ýeňilleşdirýär, wagtyny tygşytlaýar. Bu ýagdaý fiziki işlerde bolşy ýaly, haýsydyr bir zady öwrenmekde hem şeýle. Häzirki wagtda haýsydyr bir zady öwrenmek, maglumat almak üçin uzak aralyga gitmäge zerurlyk ýok. Sebäbi internet hyzmaty bize bu babatda giň mümkinçilikleri hödürleýär. Köp zadyň elektron nusgasynyň bolşy ýaly, kitaphanalaryň hem elektron nusgalary peýda bolup başlady. Ösen aragatnaşyk tehnologiýasy kitaphanalaryň hem öz okyjylaryna elektron kitaplara elýeterliligini üpjün edýär. Şeýle kitaphanalar öz abonentlerine elektron kitaplaryny tölegsiz ýa-da elýeterli bahadan hödürleýär. Öýüňde ýa-da iş ýeriňde, tapawudy ýok, oturan ýeriňde özüňe gerekli kitabyň elektron nusgasyny alyp bolýar. Elektron kitaphanalarda hem adaty kitaplaryň deregine elektron kitaplaryň haýsydyr bir elektron görnüşinde saklanýan gory bolýar. Häzirki wagtda kitaphanalar özleriniň elektron nusgalaryny taýýarlaýarlar. Kitaphananyň bu görnüşi gerekli çeşmäni almak üçin wagt we ýer çäklendirmesiniň bolmadyk nusgasydyr. Bu ýagdaý kitaphanadan islendik wagtda, islendik ýerde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Elektron kitaplardan peýdalanmak belli bir derejede tehnologiýadan habarly bolmagy talap edýär. Häzirki wagtda muňa dolulygyna mümkinçiligiň bardygyny bellemek gerek. Elektron kitaplary

Informasion tehnologiýalar

Soňky wagtlarda gündelik durmuşymyzda «IT» (aý-ti) adalgasyna köp duş gelýäris. Emma IT ulgamyň nämedigini soranyňda anyk jogap berip bilýänler az. Eger ýoldan geçip barýan adaty ötegçä ýa-da tanyş-bilişlerimize bu barada sowal bersek, onda «bu kompýuter bilen baglanyşykly bir zat» diýen jogaby eşitmek bolýar. Bu belli bir derejede dogry jogap, emma diňe belli derejede. IT ulgamda iş alyp barýan hünärmenler bilen gürrüňdeş bolsaň, bu ugur babatda has aýdyň düşünje edinip bolýar. Geliň, şu ýerde IT adalgasynyň mazmunyna we onuň ähmiýetine göz ýetirmäge synanyşalyň!

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýolunda

Hormatly Prezidentimiz 6-njy fewralda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýan bu ulgamyň ösüş depginini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere baha berip, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri hem kesgitledi. Milli ykdysadyýetimiziň tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçýändigini nazara alyp, inžener-tehniki we ulag-aragatnaşyk ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamakda hususy ulgam bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, degişli ugurlar boýunça okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara IT kompaniýalarynyň taslamalaryna işjeň gatnaşmak bilen bagly meseleler bolsa Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň esasy wezipeleri hökmünde öňe sürüldi. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, olary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmekde, okuw işine innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. Dünýäniň ylmy-tehniki gazananlarynyň öňdebaryjy usullarynyň bilim işinde yzygiderli peýdalanylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegini, ýaş alymlaryň sanynyň artmagyny kepillendirýär. Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdir

«LG» jahany gezýär

Koreýada dünýäniň iň naýbaşy tehnologiýa harytlaryny öndürýän kompaniýalaryň birnäçesi ýerleşýär. «LG» kompaniýasy dünýäde öňdebaryjy şereketleriň biri hasaplanýar. Kompaniýanyň harytlary sarp edijiler tarapyndan höwes bilen satyn alynýar. Köpugurly tehnologiýa kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Koreýa Respublikasynyň işewürlik merkezi hasaplanýan Seul şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa, esasan hem, 4 ugur boýunça, ýagny, hojalyk harytlary, ykjam aragatnaşyk enjamlary, howa çözgütleri we ulag serişdeleri öndürýän bölümleri öz içine alýar. «LG» Koreýanyň iň uly dördünji hususy kärhanasy hasaplanylýar. Kompaniýanyň taryhy barada belläp geçenimizde, «LG» 1958-nji ýylyň oktýabr aýynda işewür Ku In-hwoý tarapyndan «GoldStar» ady bilen esaslandyrylýar. «GoldStar» Koreýanyň radio, telewizor, sowadyjy, kir ýuwujy maşyn we kondisioner öndürip başlan ilkinji kompaniýasy hasaplanylýar. 1994-nji ýylda kompaniýa «LG Electronics» adyny we nyşanyny resmi taýdan kabul etdi. Wagtyň geçmegi bilen kompaniýa tarapyndan öndürilýän elektronika enjamlaryna isleg artýar. Harytlar diňe bir ýerli ilata hödürlenmän, daşary ýurtlara hem eksport edilip başlanýar. Kompaniýa 2013-nji ýyldan başlap smartfon önümçiligini ýola goýýar. 2014-nji ýylda bolsa, planşetleri we kiçi göwrümli kompýuterleri öndürip başlaýar. Şol ýyl kompaniýa akylly sagat önümçiligini hem ýola goýmagy başardy. Kompaniýanyň hünärmenleri «Innowas

Maglumat giňişligi we sanly medeniýet

Ýurdumyzda ösüşiň häzirki tapgyry hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, durmuşy nazarlaýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalardyr maglumat-aragatnaşyk enjamlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy sanly dolandyryş, sanly ykdysadyýet, sanly resminama dolanyşygy ýaly täze ugurlary döredýändigi bilen häsiýetlenýär. Milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy sanly giňişlikde emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynda sanly medeniýetiň döremegini şertlendirdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi bilen, köpugurly özgertmeleri durmuşa geçirmekde halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyryşynyň ähli ulgamlaryny tapgyrlaýyn sanlylaşdyrmak işine badalga berildi. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi önümçiligiň ösüşini ýokary sepgitlere çykarmaga mümkinçilik döredýär.

Tehnologiýa dünýäsi

Sürüjisiz uçýan ulag tanyşdyryldy ■ Awstraliýanyň «Airspeeder» we «Alauda Aeronautics» kompaniýalarynyň inženerleri dünýäniň ilkinji sürüjisiz uçýan ýaryş ulagyny işläp taýýarladylar. Elektrik energiýasy bilen işleýän «Mk3» atly ulag sagatda 120 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Uzakdan dolandyrylýan ulag şu ýylyň ikinji çärýeginde geçiriljek uçýan awtoulaglaryň ýaryşyna gatnaşar. Ýylyň dowamynda şeýle ulagdan 10 sanysy öndüriler. Ýeňil materiallardan öndürilen «Mk3» dürli howpsuzlyk enjamlary bilen üpjün edilip, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ulaglar howada çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmäge ukyply bolar. Şeýle-de bu ulag dikligine uçup hem gonup bilýär. Uçýan ulaglar üç ýyldan gowrak wagt bäri işlenip taýýarlanýar. 2022-nji ýylda sürüjili uçýan ulaglaryň hem ýaryşynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ulagyň sürüjili ýaryşlara gatnaşmazdan öň uzakdan dolandyrmak arkaly synagdan geçiriljekdigi mälim edildi.

Adaty bolmadyk ýyladyşhana

Häzirki wagtda kiçi hojalyklar adaty ýyladyşhanadan peýdalanýarlar. Şonuň bilen bir hatarda ýyladyşhananyň içinde ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşine baglylykda, kesgitli temperaturany saklamak üçin elektrik energiýasy ýa-da tebigy gaz sarp edilýär. Uzynlygy 26 metr we ini 12 metr bolan polietilen plýonka bilen örtülen ýyladyşhanany kesgitli ýyly howa bilen üpjün etmek üçin gündizki howanyň şertine baglylykda tebigy gazyň on iki sagat ýakylmagy hasaba alynsa (ýyladyşhananyň işçi temperaturasy ýetişdirilýän ekinlere baglylykda saýlanyp alynýar. Mysal üçin: pomidor: 18 — 200 C, hyýar: 20 — 250C). Şeýlelikde, bir peçde sarp edilýän tebigy gazdan dört aýyň dowamynda 8,6 kilogram kömürturşy — CO2 gazynyň bölünip çykmagyna getirýär. Ýyladyşhanada ýakylýan tebigy gaz gyş paslynyň dört aýynda ýakylýar. Netijede, umumy meýdany 312 inedördül metr deň bolan ýyladyşhanada alty sany peçde tebigy gazyň sarp edilmegini we ondan bölünip çykýan kömürturşy gazyny hasaba alsak, onda daşky gurşawa nähili derejede zyýanly täsir ýetirýändigine göz ýetirmek bolýar. Energiýany tygşytlamaklyk we alynýan önümiň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmak maksady bilen ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň ylmy-barlag meýdançasynda umumy göwrümi 62 kub. metre deň bolan adaty bolmadyk gelioýyladyşhana guruldy.

Döwrebap innowasion merkez

«Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti ýokary hilli innowasion hyzmatlary amala aşyrýar we täze çözgütleri işläp taýýarlaýar Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipelerini durmuşa geçirmek, ýurdumyzda internet ulgamyny ösdürmek we ýaş hünärmenleri ýetişdirmek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary netijesinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen bilelikde döredilen «Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri hem bellenilmäge mynasypdyr.

Li-Fi tehnologiýasy

Dünýäde smartfonlaryň meşhurlygynyň artmagy bilen, simsiz maglumat aragatnaşygyna zerurlyk barha ýokarlanýar. Munuň netijesinde radio ýygylykly spektriň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Çünki radio ýygylykly spektr çäkli bolýar, üstesine-de, onda maglumatlary ýerleşdirmek we geçirmek köp çykdajylary talap edýär. Şonuň üçin häzirki wagtda maglumatlary ibermegiň täze usullary öwrenilýär. Bu ugurlaryň biri hem optiki-simsiz torlardyr. Optiki-simsiz torlary ornaşdyrmakda görünýän ýagtylyk geçiriş ulgamlary (Li-Fi) uly ähmiýete eýedir. Bu tehnologiýa görünýän ýagtylyk çykaryjy diod (VLED) arkaly maglumat geçirilişini üpjün edýär. Bu tehnologiýa Harald Haas tarapyndan döredilip, ilkinji gezek dünýä jemgyýetçiligine 2011-nji ýylyň başynda tanyşdyryldy. Angliýaly alymlar yşyklandyryjy gurallaryň kömegi bilen maglumatlary 10 Gbit/s tizlikde geçirmegi başardylar.

Sanly tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara ülňülere laýyk gelýän sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy önümçilik serişdelerini, ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan iň täze nusgadaky kompýuter hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Milli Liderimiziň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Konsepsiýanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamlary kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, sanly maglumat gorlarynyň ýurdumyzyň islendik künjeginde elýeter bolmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamyň düzümlerini we işleýşiniň hilini maksadalaýyk kämilleşdirmekden, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Sanly bilim — ösüşiň esasy şerti

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemeginde ylym-bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda biziň gündelik durmuşymyzda sanly ulgama, sanly tehnologiýalara uly orun degişlidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýakyn geljekde sanly ykdysadyýete geçmekde, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Ädimme-ädim sanly geljege tarap

Häzirki zaman dünýäsinde sekuntsaýyn bolup geçýän ösüş-özgerişler adamzat durmuşyny ählitaraplaýyn gurşap alýar. XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolan maglumat tehnologiýalarydyr sanly gurluşlar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Hyzmatlar ulgamyndan başlap, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar wagty tygşytlamaga, zähmet öndürijiligini artdyrmaga, işleri ýeňilleşdirip, onuň hilini ýokarlandyrmaga, täze önümçilikleri döretmäge, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, dünýä ýurtlary öz ösüşiniň täze tapgyrynda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamagy bu babatda tapgyrlaýyn işleri amala aşyrmaga badalga boldy. Tapgyrma-tapgyr ýola goýulýan işleriň çäginde bu gün türkmenistanlylar gündelik durmuşynda, her ädimde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden we artykmaçlyklaryndan peýdalanýarlar. Biz bu makalamyzda onuň diňe bir ugry — neşirýat-çaphana işiniň sanlylaşdyrylyşy dogrusynda söhbet etmekçi.

Innowasion ösüş — döwrüň talaby

«Akylly telefonlar», «akylly sagatlar», «akylly öý», «akylly şäher» düşünjeleri häzirki wagtda gündelik durmuşymyza giňden ornaşýar. Häzirki zaman adamyny şol «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Bu ugurdaky işläp taýýarlamalar gündelik durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna tapgyrlaýyn ornaşyp, ýaşaýşymyzy has amatly we ýakymly ýagdaýa getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ähli ulgamlar we pudaklar özgerdilýär. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşmek bilen, sanlylaşdyrmak işleriniň gerimi giňeldilýär.

Miwesi datly agaç

Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajy welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda gowy ýetişýär. «Gözel Sumbaryň nary» diýlip goşguda waspy ýetirilen datly miwäni ösdürip ýetişdirýän babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmeti ýerine-de düşýär. Narlaryň tagamy süýji, turşy, turşumtykdyr. Olar däneli, ýumşak däneli we dänesi çigitsiz görnüşinde bolýar. Welaýatymyzda däneli we ýumşak däneli narlar has giňden ýaýrandyr. Ýuka gabykly nar ýumşak däneli bolup, sowuga çydamsyz bolýar. Ony howa sowap başlanyndan sowuk urýar. Şonuň üçin ol maýyl sub- tropiki ýerlerde ekilýär. Dänesi çigitsiz nar welin seýrek duş gelýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüş

Häzirki wagtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmakda we onuň durnuklylygyny üpjün etmekde innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Muny ikinji müňýyllygyň soňky ýarymynda adamzat durmuşyny düýpli özgerden wakalaryň toplumy — senagatlaşma prosesi we ylmy-tehniki ösüş doly subut etdi. Munuň özi dünýä döwletlerinde sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda halk hojalygynyň sanlylaşdyrylmagyny we ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny yzygiderli özleşdirmegi wajyplyga öwürdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.