Ýaşlara bilim bermekde innowasion-multimediýa tehnologiýalarynyň orny
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar. Başlangyç synplar umumybilim berýän mekdebiň ilkinji basgançagy bolup, olarda ene dili dersi esasy orna eýedir. Bu ders boýunça okuwçylaryň sözleýiş medeniýeti kämilleşdirilýär. Olar sesleri seljerip bilýärler. Sözleriň sesler boýunça biri-birinden tapawutlanýandygyna düşünýärler, diktantyň dürli görnüşlerini ýazmagy başarýarlar. Umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçynyň şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň, bilim en-dikleriniň ösmegine, okamak, ýazmak, hasapla