"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Arzuw

Aýjahan, kitaphanadan çykyp gelşine, ýaňyja okan setirlerini bir zat bilen baglanyşdyrmak isledi, ýöne kelebiň ujuny ýitiren ýaly, pikirleri dagynykdy. Şu güne çenli başdan geçiren wakalaryny ýekän-ýekän göz öňünde janlandyryp barşyna, bu mahal serini gozgalaňa salan pikirleriniň haýsy birini bijebaşy etjegini bilmän kösendi. «Munça pikir bir başa, munça arzuw bir ömre nädip sygarka?!» diýip oýlanýardy. Bir pikir onuň halys erkini elden alypdy. «Arzuwlaryňam iň beýigi bolýar ekeni. Ynsanlaryň, dogrusy, meniň iň beýik arzuwym nämekä?» diýen sowal gyzy gününe goýmady. Dogry, ynsan üçin beýik söýgi, beýik ynam, beýik dostluk bolup biler, emma arzuwlaryň beýigi barada oýlanmandygyna öz ýanyndan geň galýardy. Bu meselede gyz arzuwlary giden bir ummana meňzedýärdi. Her kimiň arzuw etmäge haky bar. Hiç kim hiç wagt başga birini arzuw etmekden saklap bilmez. Ynsan arzuwlaryň ummanynda göwün solpusyndan çykýança gulaçlap ýüzmäge haklydyr, muňa päsgel berip biljek ynsan ýokdur. Bu pikirler Aýjahanyň aňynda mäkäm orun alypdy. Emma bu wagt ol: «Ynsan üçin iň beýik arzuw nämekä?» diýip oýlanýardy. Gyz ýuwaşja ýöräp duralga geldi. Awtobus ýaňy ugran bolmaga çemeli. Aýjahan muňa, gynanmaga derek, gaýta begendi. Boş oturgyçlaryň birine geçip oturdy.

Döwletli ojagyň toýly töründe

Ýaşlyk ýyllaryň, bu dünýä ter nazaryň bilen bakýan ýetginjek döwrüň täsirine düşen haýsydyr bir pikiriň, tomaşa eden kinofilmiň, okan kitaplaryň, eşiden gürrüňleriň ömürboýy ýadyňda galýan eken. Haýran galýaryn. Bir aý mundan ozalky zat ýadymdan çykyp bilýär. Emma ýyllaryň gatyna siňen, hakydamyň alys öwrümlerinde galan täsirler asyl ýatdan çykmaýan eken. Mekdep ýyllarymdy. Mugallym maşgala barada düzme ýazmagy tabşyrdy. Nädip ýazjagymy bilmän, köp oýlanyp oturdym. Gapdalymdaky hatarda oturan gyzyň elindäki dürli suratlar bilen bezelen gutlagnamalara gözüm düşdi. Ünsümi özüne çeken gutlagnamalar biri-birinden owadandy. Asyl şu gün irden, mekdebe gelelimiz bäri, elden-ele geçip, her kimiň guwanjyny, söýgüsini gazanan gutlagnamalaryň ýaňybir eýesine gowşup durşudy. «Menem göräýeýin!» diýip, synpdaşyma ýüzlendim. Olardaky suratlaryň hersiniň aşagynda biri-birinden ajaýyp ýazgylar bardy. Ynha, bu gutlagnamadaky suratda bolsa ýylgyryp biri-birine seredip duran iki sany ýaş çatynja, ellerinde bolsa eýjejik çaga bardy. Bu suratyň aşagyndaky ýazgy mende aýratyn täsir galdyrdy. «Maşgala — bu söýmek we söýülmekdir. Hää... Men gözleýän zadymdan bir uç tapaýdym öýdýän» diýen netijä geldim.

Çaga — durmuşyň güli

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyzda ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar guruldy, olaryň ählisi hem kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Çagalar bagyna gatnaýan körpelere türkmen dilinde okamagy we ýazmagy öwretmek bilen bir hatarda, iňlis hem-de rus dilleri öwredilýär. Çagalaryň aňyny has-da kämilleşdirmek üçin çagalar baglarynda geçilýän sapaklarda guralýan dürli oýunlaryň ähmiýeti örän ýokarydyr. Çünki guralýan her bir oýnuň aňyrsynda düýpli maksat dur. Bu oýunlar çagalarda önümleriň we beýleki zatlaryň atlaryny dogry kesgitlemäge, sanlary öwrenmäge, geometrik şekilleri oňat özleşdirmäge höwes döredýär. Kämil düşünjeli nesli kemala getirmekde çagalar edaralarynyň işgärleriniň, ata-eneleriň öňünde aýratyn möhüm wezipeler durýar. Çagalara asylly terbiýe bermek işi, esasan, başlangyç bilim edaralaryndan, ata-eneden başlanýar. Halkymyzda «Çaga edep görmese, edep görkezmez» diýlen pähim bar. Şonuň üçin her bir guralýan sapagyň, oýnuň täsirli bolmagynyň ähmiýeti uludyr. Çagalar bu täsirli sapaklaryň, oýunlaryň, gepleşikleriň üsti bilen öz pikirlerini yzygiderli, dogry, sowatly beýan etmegiň tärlerini öwrenýärler. Şeýle hem, olaryň sözle

Öý bikesi öwrense...

Bally köke Gerekli önümler: 2 ýumurtga, 130 g şeker, 2 nahar çemçe bal, 0,5 çaý çemçe gabartma tozy, 1 nahar çemçe korissa (dalçyn), 1,5 bulgur un.

Mähir bilen ezizlänim

Mährem käbelerimiz hakynda ýazylan eserleri okadygyňça, heýkeldir çekilen suratlara syn etdigiňçe kalbyňa nur çaýylýar. Käbelerimiziň söýgüsi, mähri, hamraklygy, bala-çagasyna berýän asylly edep-terbiýesi, göreldesi, ýakymly hüwdüleri mydama-da wasp edilip, aňymyzda müdimilik orun aldy. Çünki her bir ynsanyň söýegi enedir. Käbelerimiziň nurana keşbi hakydalarymyzdan hiç haçan öçmeýär. Olaryň mährini, söýgüsini hiç zat bilen çalşyryp bolmaýar. Enäniň keşbi biziň hakydamyzda nurly kuýaş deýin şöhlesini saçyp, iň ýakymly ýatlamalary peşgeş berýär, egsilmejek söýgüsi bilen kalplarymyzy seýikleýär. Öýe gelenimizde käbämiziň ýeke sözi, mähirli ýylgyryşy, gujak açyp garşylaýşy bizi bagtyň röwşen ýollaryna atarýar. Ene söýgüsi perzendiniň bütin ömrüne gorag tumarydyr. Enäniň her bir sözi alkyş, päk arzuwlardyr, her jümlesi perzendiniň sag-salamat bolmagydyr. Enäniň hüwdüsi körpesiniň rahatlygydyr, şirin mukamdyr, ýagty umytlardyr. Köňüllere aramlyk çaýýan, durmuş atly ömür ýoluňda ajap owazy bilen dünýäňi bezeýän hüwdüleriň, enäniň mähir doly aýdymlarynyň ornuny hiç bir aýdym tutmaz. Hüwdi edil ene söýgüsi ýaly ömrüňe pena bolup, onuň owazy gulaklarda owadan labzy bilen ýaňlanyp durýar. Hakydadan köp zat öçýär, ýatdan köp zat çykýar, emma, ene keşbi, ene hüwdüsi, mähir-ýylysy ömürboýy seniň bilen galýar. Olary unutmaga ne wagtyň, ne-de erkiň güýji ýetýär. Gaýtam, ýaşyň geçdigisaýy, kä

Ýürege siňen öwütler

Ömre ajap aýdym bolup siňen ýaşlyk ýyllarymyň ýatlamalaryna berlenimde, ejem janyň öwütleri ýadyma düşýär. Maşgalada ýeke gyz perzent bolanymdanmy, nämemi, ejem köp babatda meniň bilen maslahatlaşardy. Öýde toý-märeke etsek, ejem janyň ilkinji maslahatçysy mendim. Goňşy-golamyň toý-märekesine gitmekçi bolup, saçak taýýarlamaly bolanda-da, ejem jan meniň bilen maslahat ederdi. Şonuň üçin toý däp-dessurlarynyň ähli düzgünlerini diýen ýaly bilýärdim. Gaýynenemem muny duýan bolmaly. Gelen günümden kän wagt geçmänkä ýüwürjimi öýlendirdik. Şonda gaýynenem toýuň ähli däp-dessurynda meni ýanyndan goýmandy. Bir gezek ol goňşy ýaşaýan, köçämizde sylag-hormatly enäniň ýanynda: — Tüweleme, ejesi gelnimi durmuşa tap-taýýar edip goýberipdir. Käşgä hemme eneler şeýle bolaýsa — diýende, garry ene şu tymsaly gürrüň beripdi: Heniz toýluka çagasyna özüçe terbiýe berip başlaýan bir hamrak ene nusgawy sazlary ürç edip diňleýän eken. Özem diňe gowy zatlaryň pikirini edýän eken. Iýmit meselesinde-de tebigy tagamlary ilkinji orunda goýýan eken. Çaga doglansoň, onuň terbiýesi babatda enäniň aladasy iki esse artypdyr. Ene heniz sallançakda meýmiräp ýatan eziz balasyny mylaýym owazy bilen hüwdüläpdir. Ýaňy dil çykaryp başlandan gowulyklary ündäp, töwerek-daşyny gurşap alan ynsanlara, gözel tebigata, haýwanat dünýäsine söýgini oýarýan ertekileri aýdyp beripdir. Çaga ulaldygysaýyn ejesiniň asylly hereketle

Döwrüň wajyp meselesine bagyşlanýar

Şu günler etrap zenanlar guramasy bilen edara-guramalarda, raýatlar toparlarynyň arasynda bolup, maşgala abadançylygyny berkitmeklige bagyşlanan wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirmeklige giň gerim berýäris. Jemgyýetde asudalygy we bagtyýarlygy üpjün etmäge bagyşlanýan şeýle ähmiýetli çärelere kümüş saçly enelerimiz we döwrümiziň bagtyýar zenanlary, okuwçy gyzlar gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat çärelerinde jemgyýetde maşgala gatnaşyklaryny berkitmeklige, sagdynlyk ýörelgelerine eýermeklige, çaga terbiýesiniň ähmiýetine gönükdirilýän çykyşlara giň orun berilýär. Şeýle hem bagtyýar zamanamyzda raýat jemgyýetini berkarar ekmek, gender deňligini saklamak, ýaş we köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermek, zenanlara durmuş ýeňilliklerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenilýär. Mährem enelerimiz öz çykyşlarynda Watana, il-güne we maşgala ojagyna wepaly nesilleriň kemala gelmeginde zenanlara aýratyn ornuň degişlidigini nygtaýarlar.

Çaga eziz, edebi ondan hem...

Halk arasynda aýdylýan şeýle bir pähim bar: «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir».Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan. Eje bolmak, çagajyklaryň sag-salamatlygyna guwanmak dünýädäki iň eziz, iň süýji, bagtly, ýakymly duýgy bolsa gerek.

Mata bölejiklerinden balyjaklar

Mähriban jigiler, öz ellerimiz bilen dürli görnüşli mata bölejiklerinden balyjak şekilli oýunjaklary, sowgatlyklary tikmegi öwreneliň! Gerekli esbaplar:

Gar adam şekilli süýjülik

Eziz çagalar, siz daşarda gar ýaganda gar adamyň şekilini ýasaýansyňyz. Onuň şekilini diňe bir gardan däl, eýsem, öýde kiçijek görnüşini iýmit önümlerinden hem ýasap bolýar. Biz žurnalymyzyň şu sanynda ýaş aşpezlerimiz — siziň üçin gar adam şekilli süýjüligiň taýýarlanylyşyny öwretmekçi. Gerekli önümler:

Mähirli dünýä

Bizi mähir, mähremlik özüne çekýär. «Mähremlik» diýlende, ilki bilen, bizi hossarlyk mähri bilen çoýup, uly durmuşa ak pata beren ezizlerimiziň atlary dilimizde sena bolýar. Olar, ilki bilen, eje, ene, mama, uýa, aýal dogan, gelneje, daýza, ejeke... diýýän mähribanlarymyzdyr. Olar, misli, mähir melekleri ýaly, bizi göze görünmeýän näzik alada parçalary bilen gundap, ýüregimiziň, kalbymyzyň süýt ýaly ak, halal bolmagy ugrunda ellerinden gelenini aýaman, baryny bagyşlap ulaldýan dözmezlerimizdir. Türkmençilikde gyz çaga dünýä inende, ene-ata «Ýaşy uzak bolsun, baýapsyňyz!» diýilýär. Bu ýerde gyz dünýä inen öýüň ruhy taýdan baýamagy göz öňünde tutulýan bolsa gerek. Sebäbi gyz perzende bolan üýtgeşik näziklik türkmeniň ganynda bar. «Gyz göwni näzikdir, dutaryň tary», «Degmäň gyzyň göwnüne, myhmandyr, gonar gider» diýip, aýdym edip aýdýan halkymyz gyz balasyny «Göwün hoşum» diýip söýgüleýär. Bagşylaryň dilinden «Aýsoltan diýen uýam bardyr» diýip, ýat ýurtda gapyllykda horluga düşen Bezirgeniň uýasyny ýat edip aýdan zaryn aýdymyny ýa-da Magtymguly Pyragynyň: «Zübeýda, naçarym, diňle» diýip, iň pynhan syryny eziz uýasyna aýdyşyny diňlänimizde, bütin durkumyz, ýüregimiz lerzana bolýar. Gyz dogan, naçar dogan dözmeziň, dönmeziň bolup, ykbalyňda ýer alýar. Hadysda gürrüň berlişine görä, Muhammet pygambere ýetim galan çagany kimde galdyrmalydygy barada sala salnanda, ol ony daýzasyna ber

Enelik bagtyýarlykdyr

Golaýda «Ahal durmuşy» welaýat gazetinde: «Baky bahar-ýazly bagtly zamana, döwür, döwlet sarpa goýýar zenana» atly döredijilik bäsleşiginiň yglan edilendigini görüp, ady kalbyma ornan bu bäsleşige öz enelik duýgularym hakynda ýazmagy maksat edindim. «Eje» diýlen mähriban söze eýe bolanyňdan soň, bu ada mynasyp bolmak üçin yhlas etmeli. Aslynda, eneler çagalarynyň edep-terbiýesiniň gözbaşynda durýan gönezlikdir. Şonuň üçin hem turuwbaşdan olaryň sagdyn bedenli, sagdyn düşünjeli, edepli, ekramly, ylym-bilimli, ilhalar bolmagyny gazanmak biz — enelere bagly.

Wagyz-nesihat dusuşygy geçirildi

Halaç etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň guramagy bilen etrabyň iri edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Maşgalam — baş galam» diýen mowzukda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren we Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan mährem eneler, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly zähmeti üçin döwlet sylaglaryna eýe bolan zenanlar gatnaşdylar. Olar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki tutýan ornuny has-da beýgeltmek, maşgala abadançylygyny pugtalandyrmak, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netijesi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Kümüş saçly eneleriň hem-de ilkinji zenanlar guramasynyň agzalarynyň maşgala abadançylygyny goramakda, öý-ojagy abat saklamakda, ýaş nesli mynasyp terbiýelemekde zenan maşgalalara aýratyn möhüm ornuň degişlidigi barada eden söhbedi duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen maşgalalaryny bolelin we agzybir durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ak ýürekden alkyş aýtdylar.

Mähremlik

Çagalykda men çemesiz bolamsoň, ejem bilen kakamdan hökman käýinç alardym. Sebäbi tagaşyksyz hereketlerim bilen oýnawaçdyr gap-gaçlary döwerdim, ýa-da egin-eşiklerimi hapalap gezerdim. Umuman, öýde-daşda men hökman bir başagaýlyga uçraýmalydym. Bir gün ejem hormatly zähmet dynç alşyna çykan halypasynyň doglan gününi gutlamak üçin olara myhmançylyga gitmäge hyýallandy. Meni hem ýany bilen alyp gitmeli boldy. Çemesiz häsiýetimden ýaňa, öň kän bir myhmançylyga-da gidip ýörmämsoň, diýseň begendim. Ejem ýolda maňa özümi edepli alyp barmagymy sargady.

Öýüm — ojagym

Söhbedimizi türkmeniň ak öýünden başlasak, kem bolmasa gerek. Ata-ene ogluny öýli-işlikli edensoň, oňa ak öý tutup beripdir. Bu adat häzire-bu güne çenli dowam edýär. Bu däbe türkmen «Ojagym bar — öýüm bar» diýýär. Elbetde, türkmen «Ak zat — alnyňa ýagşy» diýipdir. Eger ak zat alnyňa ýagşy bolsa, onda ak mermerden gurlan Arkadag şäherem alnymyza ýagşy. Milli Liderimiziň ýiti zehininiň emri bilen dörän bu şäher bu gün Dünýä kartasynda peýda bolup, öz mynasyp ornuny tapdy, ýer ýüzünde ýene bir ajaýyp şäheriň dörändigini äleme buşlady. Mährem ene ýaly gujagyny gerip oturan Märkaw dagynyň eteginde bina bolan Arkadag şäherine täze öýlere göçüp gelenler hem köne ýyl bilen täze ýylyň sepgidinde Täze ýyl baýramlaryny goşadan tutdular.

Gyz edebi — il edebi

Agzybirligiň çeşmesi Mukaddeslik nämeden başlanýar diýlende, ilki bilen, bagtyýar maşgala göz öňüňe gelýär. Maşgalanyň bagtyýarlygy bolsa, biz — enelere, zenanlara bagly bolup durýar. Munuň üçin biz ojagymyzda agzybirligiň çeşmesini döretmeli. Gyz çaganyň geljegi, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin esasy enäniň aladasyna daýanylýar. Çünki, edepli, terbiýeli, mähirli, mylakatly, geçirimli, ýumşak häsiýetli gyz çagany kemala getirmekde enäniň orny uludyr. Makalamyň şu ýerinde dowamatymyzy dowam eýlejek ýaş gyzlara ýüzlenmek isleýärin.

Buşluk bilen başlanan ýyl

Bagtyýar halkly, şanly-şöhratly Diýarymyza gadam basan Täze — 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz şatlyk bilen başlandy. Şahyryň aýdyşy ýaly: Ogul boldy, çapyp gitdi çagalar,Buşluk sesi gapy-gapy aýlandy.

Owazdan nurlanan dünýä

Eziz enem! Seniň öňüňde näçe bergimiň bardygyny ölçemek mümkin däl. Ony ölçemäge dünýäde gural hem ýok. Ýöne men bir zady: bu dünýä gelip, gözümi açan günümden bäri bagtly bolmagym üçin seniň döreden nurly Gün ýaly mähirden, söýgüden, yhlasdan, ýagşy umytlardan, ýakymly sözlerden, aladadan doly dünýäňe düşendigimi duýýaryn. Seniň hüwdüleriňde eden arzuwyňdan ganatly bolandygymy duýýaryn. Seniň yhlasyňdan bagtymyň gül açandygyny bilýärin. Eziz enem! Seniň meniň bagtly bolmagym, döwrümize, ile-güne mynasyp adam bolup ýetişmegim ugrunda eden taýsyz aladalaryňy ýyl geçdigiçe barha ýiti duýýaryn.

Edep, ekram, eda

Bu setirler sere, dana Pyragynyň goşgular kitabyny ele alyp, gör, eýýäm näçenji gezek okap çykamsoň geldi. Her gezegem bu dürdäne setirler seniň bilen başgaça «sözleşýär». Bu gün olar meniň elime galam alyp, ýüregimi egismegime sebäp boldy. Zatlaryň, wakalaryň, hadysalaryň düýp maňzyny gözlemek häsiýeti bizi gurşap alýan dünýä inçelik bilen bakdyrýan eken. Bu endige eýerip, ene dilimiziň fonetikasynda-da käbir aýratynlyklaryň bardygyny özüm üçin açdym. Täsin ýeri — türkmen dilinde her birimiz üçin ýakymly zatlaryň ady «E» harpyndan başlanýan ekeni. Ene, eje, eziz... Dünýä döräli bäri ynsan nesliniň aňyny eýelän EBEDILIK syry. Pähimler äleminiň ägirtleriniň baky gymmaty gaçmaz işlerinde bu sowallar parça matasynda zer sapaklary ýaly eriş-argaç geçipdir. Olaryň her biri bu sowallara özüçe jogap gözläpdir. Köpüsem jogap däl-de, täze, has çuň sowallara duçar bolupdyr. Asyrlar aşyp, eýýamlar aýlansa-da, şol sowallaryň ýitiligi peselenok. Meniň şu günki sadaja pikir ýöretmäm hem şol inçe duýgular dünýäsine ilkinji, çekinjeň, sadadan sypaýy köňül seýli boldy. «E» sesinden başlanýan sözleriň içinden her bir adama edil howa ýaly zerury saýlanyp öňe çykdy.

Täze ýylyň täsinlikleri

«Täze ýyl» diýlende, her birimiziň ýadymyza bu baýram bilen bagly çagalyk döwrümizden galan ýakymly ýatlamalar düşýär. * * *