"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sport we saglyk

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sporty giňden ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz hem sportuň käbir görnüşleriniň ynsan saglygyna ýetirýän peýdasy hakynda gürrüň etmegi makul bildik. Pyýada ýöremek. Pyýada ýöremek bedeni berkitmegiň iň ýeňil we iň howpsuz usulydyr. Pyýada ýörelende süňkler we bogunlar bekeýär, gan bedende has oňat aýlanyp başlaýar. Bedeniňizdäki artykmaç ýaglar aýrylýar, zäherli maddalar bolsa der bilen bedenden çykýarlar. Köp keselleriň sebäbi bolan holesteriniň hem mukdary azalýar. Bedende keýpiköklügi üpjün edýän endorfin gormonynyň öndürilmegine ýardam edýär. Pyýada ýöremek dartgynlygy aradan aýyrýar. Ukymyzyň rahat bolmagy üçin ýöremegiň peýdasy uludyr. Arassa howada gezelenç etmek ýüregiň täç görnüşli damarlarynyň şikeslenmeginiň öňüni alýar, gandaky şekeriň derejesini kadalaşdyrýar.

Welosiped ulagynyň adam bedenine peýdaly täsiri

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşyň saýlama tapgyry geçiriler. Oňa daşary döwletleriň 40-a golaýyndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Welotrek sportunyň ýaryşlary 10 görnüş boýunça geçiriler. Şunda olaryň erkekleriň we zenanlaryň hersiniň arasynda geçiriljekdigini göz öňünde tutanyňda, jemi 20 ýaryş guralar. Bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, hormatly Prezidentimiz 20-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Olimpiýa şaherçesiniň üsti ýapyk Welotrek sport toplumyna baryp gördi, ol yerde türgenler, eminler we janköýerler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen aýratyn tapawutlanýan bu ulag serişdesi, ilkinji nobatda, adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýörite gural bolup hyzmat edýär. Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňligiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygy eýýäm dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde subut edildi. Ýagny, arassa howada her gün yzygiderli welosiped sürmegiň netijesinde adam bedeninde ýadawlyk, dartgynlylyk, närahatlyk ýaly duýgularyň döremek mümkinçiligi örän pes derejede bolýar. Şeýle hem bedendäki madda çalşygynyň durnukly ýagdaýda saklanma

Egsilmez baýlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, biz berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamyny döretdik. Lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirdik» diýip belleýär hem-de ynsan saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek meselesine uly ähmiýet berýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäginde alnyp barylýan üstünlikli işler we saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär. Bu gün ýurdumyzyň çäginde häzirkizaman lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri we merkezleri gurulýar. Geçen sanlyja ýylyň dowamynda şeýle döwrebap desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berlip, häzirki wagtda raýatlara ýokary derejeli hyzmatlary amala aşyrýar. Geçen şanly ýylda paýtagtymyzda Ýanyk şikesleri bejeriş halkara merkeziniň, Estetiki merkeziniň, Ahal welaýatynda «Bagabat» şypahanasynyň, welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň gurlup, toý ruhunda ulanylmaga berilmegi hem bu ugurdaky rowaçly tagallalardan alamatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylýan ýyllarynyň dowamynda jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň dürli ugurl

Saglyk üçin peýdaly

Gyş möwsüminiň sowuk günlerinde ýiti respirator kesellerine ýolukmaz ýaly sagdyn iýmitlenmek zerurdyr. Dürli witaminlere baý önümler hem adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, hem bedeniň sagdyn bolmagy üçin gerekli bolan ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Gyş aýlarynda witaminlere baý hem-de ähli pasyllarda elýeterli bolan şugundyr adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Taryhy maglumatlara görä, şugundyry we onuň ýapragyny biziň eýýamymyzdan öň dermanlyk serişde hem-de iýmit hökmünde ulanypdyrlar. Gadymy rimlilerde bolsa şugundyr hökmany gündelik iýmit hasaplanyp, onuň ýapraklaryny burçlanan çakyra ezip iýipdirler. Biziň eýýamymyzyň başlarynda şugundyr medenileşdirilip, dünýä ýurtlaryna ýaýraýar.

Sagdynlygyň gözbaşy

Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçe geňeşliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy we howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy etrap häkimliginiň degişli meýilnamasynyň çäginde guraldy. Oňa geňeşligiň işgärleri hem-de şäherçäniň ýaşaýjylary gatnaşdy. Duşuşykda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap hassahanasynyň işgärleri, maşgala lukmany çykyş edip, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän guwandyryjy işler, şeýle-de häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça edilýän tagallalar barada gürrüň berdiler. Onuň barşynda gorag serişdelerini, şol sanda agyz-burun örtüklerini ulanmak, sahşy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmek, sagdyn we kadaly iýmitlenmek dogrusynda aýdylanlar uly täsirleri galdyrdy. Bellenilişi ýaly, köpçülik ýerlerinde kesgitlenen aralygy saklamak, agyz-burun örtügini ulanmak şertini we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, şeýle-de edara-binalarda öňüni alyş-zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek esasy talap bolup durýar. Munuň özi dürli kesellerden goranmagyň möhüm şertidir.

Arassaçylyk we saglyk

Ynsanyň jan saglygy — baş baýlygy. Ynsanyň sagdyn bolmagynyň jemgyýet üçin zerurlygy gadymy döwürlerden mälimdir. Sagdynlygyň esasy girewi — sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilmegidir. Sagdyn durmuş ýörelgesini her bir adam yzygiderli dowam etmelidir. Arassaçylyk diýlende, ilki bilen, şahsy gigiýenanyň, iýmitleriň, daşky gurşawyň arassaçylygy göz öňüňe gelýär. Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda ýurdumyzyň ilatynyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, olaryň hatarynda, çagalara köpçülikleýin öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi netijesinde, keselleriň düýbünden ýok edilmegi, şeýle hem ýokanç keselleriň birnäçesiniň azalmagy gazanyldy.

Sagdynlyk we ruhubelentlik — bagtyýarlygyň şuglasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasynda ilatymyzyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem ýokanç däl keselleriň öňüni almak, çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça uly wezipeleri durmuşa geçirmek bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça birnäçe Milli maksatnamalar we strategiýalar kabul edildi. Ýokanç däl keselleriň we olaryň döremegine getirýän howp toparlarynyň garşysyna göreşmek XXI asyrda iň möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Az hereketlilik, ýaga we uglewodlara baý bolan iýmit önümleriniň görnüşiniň köpelmegi we olary köp mukdarda iýmitde ulanmak ýokanç däl keselleriň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Dünýä statistikasynda ýokanç däl keselleriň sagdyn durmuşyň ilerlemegine ýaramaz täsir edýändigi barada takyk maglumatlar bar. Ýürek-damar, howply täze döremeler, dem alyş ýollarynyň dowamly keselleri we süýjüli diabet keselleri ýokanç däl keselleriň esasyny düzýär.

Kadaly iýmitlenmek saglyga peýdaly

Çagalaryň sagdyn iýmitlenmegini gözegçilikde saklamak we onuň kadaly bolmagyny üpjün etmek üçin elmydama ertirlik naharyny edinmegi gazanmaly. Sagdyn iýmitiň saglyga oňyn täsir edýändigi alymlar tarapyndan subut edilendir. Iýmitiň gowy özleşmegi üçin her gezek howlugman, tagamy çeýnäp iýmelidigini unutmaň we çagalaryňyza öwredip, ýatladyp duruň. Günüň dowamynda 5 wagtyna az-azdan peýdaly iýmitleri, gök önümleri iýmegi endik etmeli. Bedene zeper ýetirýän aşa duzly, ýagly, süýjüli iýmitlerden daşda durmaly. Çagalara gök önümleri we miweleri köpräk bermeli. Olar öz düzüminde kesele garşy durmaga ýardam edýän, immuniteti berkidýän witaminleriň köp mukdaryny saklaýar.

Sagdynlyk — egsilmez baýlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmak babatda uly tagallalary edýär. Bu giň gerimli işler raýatlarymyzyň sagdyn bedenli we ruhubelent bolup ýaşamaklary baradaky aladalar bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

OWADAN GÖKGÜLÄLEK

Saglygyň açary — sagdyn iýmitlenmek

Türkmen tagamynda malyň etine aýratyn üns berilýär. Ol häsiýet çarwaçylygyň täsirinden döräpdir diýilýär. Munuň özi göçüp-gonup ýören çarwalaryň gadymy aýratynlygydyr. Şonuň üçin hem türkmenlerde ownuk, iri şahly we düýe malynyň, guşyň etlerini, balyk etlerini iýmek adat bolupdyr. Ýöne adamlaryň ýykgyn edýän iýmiti olaryň geografiki ýerleşişine görä kesgitlenipdir. Ýagny gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän ilata gündelik iýmitinde balykdan we deňiz önümlerinden taýýarlanan tagamlary iýmek adat bolsa, Garagum çölüniň jümmüşinde, dag eteklerinde ýaşaýan türkmenlere ownuk mallarynyň we düýe malynyň etlerinden tagam taýýarlamak endik bolupdyr. Bu adat türkmen halkymyzyň ganyna siňip, häzirki wagtda hem dowam edýär. Lukmançylyk nukdaýnazardan seretsek hem et öz düzüminde adam bedeni üçin ähmiýetli bolan birnäçe maddalary saklaýar, ilki bilen, hökman biziň bedenimize haýsy ýaşdadygymyza seretmezden, belok maddasy gerek. Sebäbi belok bedenimizde gurluşyk materiallary bolup hyzmat edýär. Ýagny bedende ähli öýjükleriň kemala gelmegi, boýuň, saçyň we dyrnaklaryň ösmegi üçin belok bedene ýeterlik derejede gerek bolýar. Şeýle hem, bedende goraýjylyk häsiýeti bolan immun ulgamynyň emele gelmeginde hem belogyň ähmiýeti uludyr. Has takyk aýdanymyzda, belogy emele getirýän aminoturşylar ähmiýetlidir. Aminoturşylaryň käbir görnüşleri bedene daşyndan düşmegi hökmandyr. Şol aminoturşylaryň esas

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistan adamlaryň saglygyny goraýan ýokary hilli ulgamyň döredilmegini döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ynsan saglygynyň aýratyn ähmiýete eýedigini ykrar edýän ýurdumyzda bu möhüm ulgamda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirýär. Halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly üns berilýär. Lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylýan ýyllarynyň dowamynda jemgyýetçilik saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça dünýäniň ösen döwletleri bilen bilelikdäki maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Galyberse-de, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň halkara güwänamalar bilen tassyklanylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň tejribeli hünärmenleri bilen ýola goýýan gatnaşyklary türkmen lukmanlaryna dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek babatda netijeli usullary ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa Diýarymyzyň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmakda, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda, birnäçe howply ýokanç keselleri doly aradan aýyrmakda we lukmançylyk ylmynda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň özleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Saglygyň gadyryny bilgil...

Saglygym — baş baýlygym

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Immuniteti ýokarlandyryjy iýmitler

Ynsan saglygy immun ulgamynyň işjeňligi bilen berk baglanyşyklydyr. Bedeniň immun ulgamyny berkitmek üçin açyk howada gezelenç etmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak, zyýanly endiklerden daşda durmak zerurdyr. Esasan hem, dogry iýmitlenmek bedeniň ätiýaçlyk güýjüni artdyrmak bilen bir hatarda, dürli keselleri döredijilere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Adam bedeni üçin witaminleriň we mikroelementleriň ähmiýeti örän uludyr. Olaryň käbirleri barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. «C» witamini — damarlaryň diwaryny berkitmek bilen, immun öýjükleriň emele gelmegine gatnaşýar. Öýjükleri erkin radikallardan goraýar, organizmi wiruslardan goraýan antibedenjikleriň we interferonlaryň emele gelmegini ýokarlandyrýar. Bedeni daşky gurşawyň oňaýsyz täsirlerinden, ýagny her dürli ýokançlardan, bedeniň aşa sowamagyndan goraýar we strese garşy durnuklylygy ýokarlandyrýar. Bu witamin organizmde emele gelmeýär, şonuň üçin bu witamine baý gök önümleri kabul etmek zerurdyr. Bu witamine baý önümler: itburun, smorodina, sitrus miweleri (apelsin, limon), kiwi, zemlýanika, hurma, kelem, bolgar burçy, pomidor.

Arassaçylyk — saglygyň girewi

Elleriň arassaçylygy köp keselleriň öňüni almakda esasy usullaryň biri bolup durýar. Elleri nahardan öň, daşardan ýa-da işden geleniňizden, öý-hojalyk işlerini bitireniňizden soň hökmany ýagdaýda ýuwmalydyr. Hapa elleriň üsti bilen ýiti respirator wirus keselleri geçip bilýär. Özüňizi goramaly, agyz-burun örtüklerini dakynmaly, adamlar bilen gatnaşyklaryňyzda howpsuz 2 metr araçägi saklamaly, arassaçylygy berjaý etmeli, çygly süpürgiçleri köpräk ulanmaly. Iýmit önümleriniň saklanyşyna üns bermeli. Bedeniň immun ulgamyny berkitmeli, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaly, wagtly-wagtynda dynç almaly, dogry iýmitlenmeli we fiziki maşklar bilen yzygiderli meşgullanmaly. Bellenilişi ýaly, el ýuwujy serişdeleriniň oýlanyp tapylmazyndan ozal, adamlar dürli otlardan ýasalan melhemleri ulanypdyrlar. Bu serişdeler derini gowy tämizläp, ýakymly hoşboý yslary berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzda bitýän melhemlik ösümlikleriň arasynda köp keselleri bejermekde ulanylýan üzärlik, süýji buýan köki barada gymmatly maglumatlar bar. Bu ösümliklerden taýýarlanylýan melhemleri ulanmak maslahat berilýär. Elleri birnäçe sekuntlap ýuwujy serişde bilen ýuwup, akar suwda durlamaly. Bu ýagdaýy günüň dowamynda yzygiderli gaýtalamaly. Eger elleriňizi ýuwmaga mümkinçilik bolmasa, bu ýagdaýda

Lukman maslahat berýär

Her bir maşgalada nahar taýýarlamak işi azyklyk çig maly satyn almakdan başlanýar. Şonuň üçin hem bu önümleri diňe azyk söwdasynyň satuwy rugsat berlen söwda nokatlaryndan — bazarlardan we azyk harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan dükanlardan almaly. Azyk önümleriniň söwdasy edilende, onuň belgileniş nyşanynda görkezilýän maglumatlara, ýagny, hökmany suratda ýaramlylyk möhletine, saklanyş şertlerine, düzümine, daşky görnüşine, önümiň ysyna, reňkine we beýleki ýagdaýlaryna üns bermeli. Azyk önümleri satyn alnanda, çalt zaýalanýanlaryny, ýagny, süýt, et we şöhlat, konditer, balyk we deňiz önümlerini, ýumurtgany diňe zerur mukdarda almaga endik edinmeli, ylaýta-da, howanyň yssy wagtlary bu endigi berk berjaý etmek hökmandyr.

Buýan — melhem ösümlik

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetleri hakynda giňden durup geçmek bilen, özüniň bu işlere saglygy goraýyş ministri bolup işleýärkä başlandygyny belledi. «Şol döwürde biz buýan köküni gaýtadan işleýän zawody gurduk, oňa ýer hem berdik. Bu kärhana süýji buýany ösdürip ýetişdirýärdi. Halk dermançylygy esasynda, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, şondan bejeriş-öňüni alyş serişdesini taýýarlaýan önümçiligi hem döretdik. II arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Gahryman Arkadagymyz mundan başga-da, buýanyň ýurdumyzyň derman senagatynda dünýä halklarynyň we watandaşlarymyzyň saglygyny goramakda hem-de birnäçe derman önümlerini taýýarlamakda iň gymmatly baýlyklarymyzyň biridigini hem-de bu ugurda uly işleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Buýanyň köki himiýa senagatynda hem Lukmançylykda iç kesellerine, üsgülewige, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň we onkibarmak içege kesellerini bejermekde hem-de keselleriň öňüni almakda hem giňden peýdalanylýar.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin lukmanlaryň berýän maslahatlary, ýörite düzgünler hökman ýerine ýetirilmelidir. Şeýle edilende, sagdynlyk biziň hemişelik hemramyz bolar.  •Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly.