"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sag­dyn­ly­k we ru­hu­be­lent­li­k

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy diý­lip yg­lan edi­len döw­le­ti­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­lary bi­len hal­ky­my­zyň aba­dan ýa­şaý­şy­ny, bag­ty­ýar­ly­gy­ny üp­jün et­mek, yn­san sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak ug­run­da­ky ala­da­lar döw­let sy­ýa­sa­ty­myz­da esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Şu esas­dan hem ýur­du­myz­da ýaş­la­ry sag­dyn­lyk he­re­ket­le­ri­ne çek­mek, spor­ty we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek ug­run­da giň ge­rim­li we ne­ti­je­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ata Wa­ta­ny­myz­da mil­li spor­tu­my­zy ös­dür­mek­dä­ki be­ýik öz­gert­me­ler özü­niň gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri bi­len ýü­rek­le­re eg­sil­mez joş­gun, kalp­la­ra yl­ham paý­la­ýar. Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin dö­re­dil­ýän giň şert­ler bol­sa sag­dyn jem­gy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gi­ne şert dö­red­ýär.

Ylgamak we onuň saglyga täsiri

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýä we sporta döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berlen sport desgalarynyň, stadionlaryň, seýilgähleriň köpsanlysy, Ginnesiň kitabyna giren Aşgabat şäherimizdäki «Olimpiýa» şäherjigi bedenterbiýä-sporta uly ähmiýet berilýändiginiň alamatydyr.

Hereket — sagdynlygyň girewi

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Maşk et­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak, ýö­re­mek, we­lo­si­ped sür­mek, bag­la­ra we gül­le­re ideg et­mek — iş­jeň he­re­ke­tiň gör­nüş­le­ri bo­lup, bu­la­ryň haý­sy hem bol­sa bi­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni üp­jün ed­ýär. Gü­nü­ni iş otag­la­ryn­da ge­çir­ýän adam­lar ag­şam öýü­ne ba­ran­da, köp­lenç, öz­le­ri­ni aşa ýa­daw we sus­su­pes duý­ýar­lar. Mu­nuň se­bä­bi he­re­ket­siz­lik bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Eý­sem, he­re­ket­siz­li­giň ala­ma­ty haý­sy­lar? Ýe­ter­lik de­re­je­de iş­jeň bol­maz­lyk nä­me­le­re se­bäp bo­lup biler?!

Şäherde ylgamak

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ir sä­her­ler­de ýa-da seý­rek ýag­daý­lar­da ag­şam­la­ry­na şä­her kö­çe­le­rin­de yl­gaw edip ýö­ren adam­la­ryň, esa­sa­nam, ýaş­la­ryň duş gel­me­gi ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­niň ösü­şi­niň oňyn ala­ma­ty bo­lup dur­ýar. Eý­sem-de bol­sa şä­her mer­kez­le­rin­de yl­gaw et­mek şä­her etek­le­ri­niň, üm­süm şä­her­çe­le­riň kö­çe­le­rin­de, oba­la­ryň gum-guk­luk ýo­da­la­ryn­da yl­ga­mak­dan es­li ta­pa­wut­la­nyp bi­ler. Göz­ýe­ti­miň yn­san na­za­ry­na ýa­pyk­ly­gy­nyň özi eý­ýäm yl­gaý­jy­nyň dyz­maç ru­hu­ny bi­raz sy­ka­ja sa­lyp, onuň säh­ra­da­ky ýa­ly as­man bi­len ze­mi­niň bir­leş­ýän çy­zy­gy­na ýa-da alys­da se­leň­le­ýän dag­la­ryň ete­gi­ne ta­rap «ýa­şyl şe­mal de­ýin, ga­nat­ly de­ýin» (G.Ezi­zow) üm­dü­zi­ne tut­du­ryp gi­di­ber­me­gi­ne maý be­re­nok. Esa­sy päs­gel­çi­lik bol­sa şä­her gur­şa­wy­nyň yl­gaý­jy­ny her ädim­de se­re­sap bol­ma­ga mej­bur ed­ýän şert­le­ri bo­lup dur­ýar. Ýog­sam bol­man­da be­den­ter­bi­ýe jä­he­tin­den tu­tuş­ly­gy­na al­nan­da şä­her­de yl­ga­ma­gyň ço­la ýer­ler­dä­ki yl­gaw­dan kem­ba­ha ýe­ri ýok. Eger şä­her ýe­ri­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na uý­gun­la­şyp, şo­ňa la­ýyk­lyk­da aşak­da­ky kä­bir düz­gün­le­ri ber­jaý et­mek bi­len yl­ga­sa­ňyz, siz her ýer­de-de yl­gaw spor­tu­nyň ynsan be­de­ni we ru­hy üçin taý­syz peý­d

Eziz ildeşler!

Güýz paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy içmegi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmekligi, witaminlere baý gök we miwe önümlerini iýmegi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris.

Sagdyn bolmagyň kadalary

Her paslyň özüne mahsus aýratynlygynyň bolşy ýaly, saglygy berkitmek bilen bagly düzgünleri hem bar. Aýratyn-da, pasyl çalşygynda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeklik zerur bolup durýar. Tomsuň salkyn güýze gezegini geçirmegi bilen, biziň her birimiziň möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmagymyz üçin şu aşakdaky düzgünleri berjaý etmegimiz gerek: Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Ynsan başynyň täji

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Häzirki wagtda sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek üçin ata Watanymyzda ähli mümkinçilikler bar. Saglygy goraýyş we dikeldiş merkezlerinde, şypahanalarda ýylyň islendik döwründe raýatlarymyzyň döwrebap dynç almagy, saglygyny berkitmekleri ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby häzirki wagtda dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda uly seslenme döredýär. Kitapda türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýeti ylmy taýdan esaslandyrylýar hem-de bejerijilik ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär. Ýurdumyzyň şypahanalarynda kitapda agzalýan dermanlyk ösümliklerden melhem çaýlar taýýarlanyp, saglygyny berkitmäge gelýänlere hödürlenilýär. Ýurdumyzyň ähli şypahanalary geçen sanlyja ýyllaryň içinde döwrebaplaşdyryldy, täze binalar guruldy.

Sagdynlyk ýörelgeleri rowaçlanýar

Halkymyz sagdynlygy, ruhubelentligi gadymy döwürlerden bäri mizemez durmuş ýörelgelerine öwrüp, nesilden-nesle geçirip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny gorap saklamakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler has-da rowaçlanýar. Sporty ösdürmekde, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmakda, zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreşmekde, daşky gurşawy goramakda tutumly işler amala aşyrylýar. Bular babatda iri möçberli taslamalaryň, maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzy sagdynlygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde dünýä äşgär etdi. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmek adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Güneşli Diýarymyz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýan ýurdudyr. Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň giň gerime eýe bolmagy üçin ýadawsyz aladalary edýärler. Bu ugurda badalga berilýän başlangyçlar üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň, esasanam, ýaşlaryň arasynda dürli sport çäreleri giň gerime eýe bolýar. Ýaş nesliň bedenterbiýe we sport hereketine giňden çekilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleri ruhunda terbiýelenmegi ola

Saglygymyzy goramak öz elimizde

♦Güýz paslynyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň. ♦Sagdyn we kadaly iýmitleniň.

Güýz paslynda saglygy berkitmek üçin maslahatlar

— Güýz paslynda howanyň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň! — Sagdyn durmuş ýörelgesine eýeriň, zyýanly endiklerden daşda duruň!

«Saglygyň gadryny bilgil... »

*Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. *Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Sakasy — saglyk

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar: * Paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýinmeli.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak baş ugurlaryň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamy ähli ugurlar boýunça möhüm sepgitlere ýetdi. Bu ulgamy ösdürmek üçin giň gerimli çäreler durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we lukmanlaryň ähli amatlylyklary özünde jemleýän döwrebap binalarda, hassahanalarda zähmet çekmekleri, olaryň gowy durmuşda ýaşamaklary ugrunda içgin aladalanmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk öýleriniň, hassahanalardyr merkezleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkyň bagtyýar ýaşamagy ugrunda edilýän aladalardan gözbaş alýar. Olaryň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi bolsa, keselleri irki döwürde takyk anyklamaga we bejermäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de ýurdumyzda çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglyk ýagdaýyny barlamak we keselleri anyklamak hem-de degişli bejergi çärelerini kesgitlemek üçin iň täze görnüşli barlag enjamlary bilen üpjün edilen merkezler hereket edýär.

Mel­hem­ler me­ka­ny

Häzirki döwürde gözel paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saglygyny dikeltjek hem-de döwrebap dynç aljak raýatlar üçin ähli şertler döredilen şypahanalaryň birnäçesi hereket edýär. Tölegleriň elýeterliligi, bejerginiň we hyzmatlaryň ýokary derejesi şypahanalaryň hemişe köp adamly bolmagyna getirýär. Eziz Watanymyzyň ajaýyp künjeklerindäki, bejeriş-mineral suwlary bolan çeşmeleriň ýanyndaky şypahanalarda dynç almaga we saglygyny dikeltmäge isleg bildirýänler barha artýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny dikeltmekde häzirki wagtda hereket edýän şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm düzümleriniň biri bolup hyzmat edýär. Şypahanalaryň işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitlemekde we Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň, şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi hem-de onuň goralmagy ugrundaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hereket edýär.

Saglyk binýady berkeýär

Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyza 33 ýyl dolýar. Erkinligiň goýnunda ýaýnaýan bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ýokary depginde alnyp barylýandygynyň şaýady bolup, il-ýurt bähbitli işlerde päk ýürekden zähmet çekip, öz mynasyp goşandyny goşýar. Şeýle ajaýyp özgertmeleriň biri-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen we geçirilýän beýik işlerdir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu ugurda gurlan binalar «sanasaň sogaby bar» diýleni. Keselleriň öňüni almakda bu döwrebap saglyk merkezleriniň we hassahanalaryň ähmiýeti örän uludyr. Ýurdumyzyň islendik raýaty öz saglyk ýagdaýyny barlatmak bilen, kesele ýolugmanka öňünden bejergi alýar. Şonuň netijesinde bolsa halkymyzyň ömür dowamaty uzaýar.

Sag­dyn jem­gy­ýe­tiň ru­hy joş­gu­ny

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Er­kin­li­giň gym­ma­ty­nyň her bir adam üçin örän ýo­ka­ry bol­şy ýa­ly, bu jem­gy­ýet ba­bat­da ala­nyň­da-da şeý­le­dir. Ýö­ri­te ge­çi­ri­len pi­kir so­raş­ma­la­ryň ne­ti­je­sin­de yn­sana bagt­ly dur­muş üçin ze­rur bo­lan zat­la­ryň ara­syn­da er­kin­li­gi sag­lyk bi­len bir ha­tar­da, hat­da on­da­nam öň­de go­ýan­la­ryň köp­dü­gi-de mu­ny tas­syk­la­ýar. Ha­ky­kat­dan hem, er­kin­lik, azat­lyk ýok ýe­rin­de adam öm­rü­niň ma­ny­syz, onuň ru­hy hem be­den sag­ly­gy­nyň bi­tap bol­jak­dy­gy düş­nük­li. Şu nuk­daý­na­za­r­dan ala­nyň­da hem mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­ga eýe bo­lan gü­nü­miz­den bä­ri, hal­ky­my­zyň ru­hun­da çäk­siz gal­ky­ny­şyň dö­re­me­gi, ýa­şaý­şy­my­za giň­den or­nan sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ne­ti­je­sin­de berk be­den­li hem kuw­wat­ly nes­liň ke­ma­la gel­me­gi bi­ze er­kin­li­giň, ber­ka­rar­ly­gyň be­ren bag­ty di­ýip, buý­sanç bi­len aý­dyp bo­lar. Bu ha­kyn­da uly to­ýuň — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da her kim öz pi­ki­ri­ni, öz ýü­rek sö­zü­ni aýt­ma­ga ça­lyş­ýar...

Ha­syl bo­lan ar­zuw

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýurdumyz dö­re­di­ji­lik, ösüş we aba­dan­çy­lyk ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hyn­da şan­ly se­ne — Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ni giň­den bel­le­mä­ge taý­ýar­lan­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da bu giň ge­rim­li hem-de şat­lyk­ly baý­ram­çy­lyk bi­ziň äh­li­miz üçin aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lup, ha­ky­kat­dan-da, ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ry özün­de jem­le­ýär.

Miwelerde melhem bar

Lukmanlar üljäniň ynsan saglygy üçin peýdasynyň örän uludygyny nygtaýarlar. Miwe we miwe önümlerini yzygiderli iýmek bilen ýürek, gan-damar, aşgazan, içege, kelle-beýni keselleriniň öňüni almak mümkin. Türkmen topragynyň sahawatlylyk bilen eçilýän saglyga peýdaly nygmatlarynyň arasynda ülje esasy orunda durýar. Turşumtyk, süýji tagamly bu miwe, esasan, şekere, B1, B2, P, PP, C, E witaminlerine, karotine, foliý turşusyna, pektin maddalaryna, şeýle-de mineral duzlardan marganes, kaliý, mis, demir, kalsiý we ýod ýaly mikroelementlere örän baýdyr. Ülje ganazlykda örän peýdalydyr. Bu miwäniň nerw ulgamyna, ýürek kesellerine hem haýry uludyr. Üljäniň miweleri we ondan alnan şire dowamly iç gatamada iç sürüji serişde hökmünde, üşütmede, bedeniň gyzgynlygy ýokarlananda, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda giňden peýdalanylýar. Ülje bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Onuň ýapragynda köp mukdarda askorbin turşusy bar. Şonuň üçin ysgynsyzlykda, işdäsizlikde, witamin ýetmezçiliginde, beden gowşaklygynda ülje ýapragyndan demlenen çaýy içmek maslahat berilýär. Ülje kosmetologiýada hem giňden ulanylýar. Ondan taýýarlanylan ýapgylar deriniň tiz garramagynyň öňüni alýar, reňkini durlaýar we agardýar, ownuk ýygyrtlary aýyrýar.

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Golaýda Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň guramagynda Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda geçirilýän tapgyrlaýyn çäreler» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň garamagyndaky ähli bejeriş-öňüni alyş edaralarynda zähmet çekýän lukmanlar, hünärmenler hem-de Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri gatnaşdylar.

Keseliň öňüni almak ― ilkinji çäre

Pasyl çalşyp, howanyň salkynlamagy bilen, möwsümleýin ýokanç keselleriň döremek ähtimallygy has artýar. Şeýle bolansoň, şu günlerde geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda ýiti respirator keselleriniň öňüni almak, olardan goranmak bilen bagly maslahatlar berilýär. Munuň ilkinji şerti dem alyş ýollaryny sowugyň ýiti täsirinden goramakdyr. Özünde keseliň alamatlary bardyr öýdüp güman edýän adam dessine saglyk merkezlerine ýüz tutmaly. Welaýat köpugurly hassahanamyzyň pulmonologiýa bölümi bu babatda iň döwrebap enjamlaşdyrylan we giň mümkinçiliklere eýe bolan merkezleriň biridir. Bölümimizde ildeşlerimiz ýörite lukmançylyk barlagyndan geçirilip, zerur bolanda, olara bejergiler berilýär. Möwsümleýin ýokanç keselleriniň öňüni almak olar sebäpli ýüze çykyp biljek kynçylyklardan wagtynda goranmakdyr.