"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Çyn­la­kaý tür­gen­le­şik­ler gel­jek­ki ýe­ňiş­le­riň buş­luk­çy­sy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň be­den­ter­bi­ýe we sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek, ýaş­la­ryň ara­syn­da wa­gyz et­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Şu ugur­da top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mek we spor­ty wa­gyz et­mek mil­li tag­ly­ma­ta, adam­la­ry bir­leş­dir­ýän hem-de Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi­ne ýar­dam ber­ýän kuw­wat­ly je­bis­leş­di­ri­ji güýç bo­lup dur­ýar.

«Sag­dyn maş­ga­la — sag­dyn ne­sil» at­ly sport bäs­le­şi­gi

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hal­ky­my­zyň ara­syn­da türk­men maş­ga­la­sy mu­kad­des­lik ha­sap­lan­ýar. Maş­ga­la ki­çi­jik döw­let­dir. Her bir maş­ga­la­nyň ag­zy­bir­li­gin­de, je­bis­li­gin­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän ýol-ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry, aň kä­mil­li­gi aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Maş­ga­la­nyň her bir ag­za­sy­nyň şol ýö­rel­ge­le­re jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi we my­na­syp eýer­me­gi bol­sa maş­ga­la­nyň berk­li­gi­niň bin­ýa­dy bo­lup çy­kyş ed­ýär. Me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň, sun­ga­ty­my­zyň, mil­li­li­gi­mi­ziň gal­ky­nan döw­rün­de her bir türk­men maş­ga­la­sy edep-ter­bi­ýä­niň, ag­zy­bir­li­giň, sag­dyn­ly­gyň oja­gy­dyr.

Arkadag şäheri — sport şäheri

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Gö­zel­lik — gud­ra­ta eýe bo­lan tä­sin güýç. Arkadag şä­he­ri ba­ra­da-da gö­zel­li­giň nus­ga­sy hök­mün­de gür­rüň edip bo­lar. Bu şä­he­re ga­da­my­ňy ba­syp, gör­ka­na­lyk şa­ly­gy­nyň ýe­si­ri­ne öw­rü­le­niň­de, kal­by­ňy san­syz pi­kir­ler eýe­läp al­ýar. Şon­da: «Ar­ka­dag şä­he­ri aja­ýyp za­ma­na­my­zyň was­py­ny gö­zel­li­giň üs­ti bi­len ýe­tir­ýän aja­ýyp eser» di­ýen pi­kir se­ri­ňe dol­ýar. Çün­ki ol ýö­ne bir şä­her däl, eý­sem o ba­şyn­dan bu ba­şy­na edil gy­zyk­ly ki­tap ki­min okap gi­dip otur­ma­ly aja­ýyp eser.

Mekdep okuwçylary sport meýdançasynda

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýe we sport ar­ka­ly hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek hem-de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni we ýo­ka­ry de­re­je­li spor­ty ös­dür­mek be­den­ter­bi­ýe we sport ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň esa­sy mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Şu mak­sat bi­len hem ýur­du­myz­da dür­li ýaş­ly og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça yzy­gi­der­li sport ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär. Şeý­le ýa­ryş­la­ryň bi­ri-de 2008 — 2010-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da dog­lan mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ne­sil­le­ri» ady bi­len ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da sag­dyn-dur­muş ýö­rel­ge­si­ni üp­jün et­mek, ola­ryň ara­syn­da ru­hu­be­lent­li­gi, päk­li­gi, dost-do­gan­ly­gy ber­kit­mek, güýç­li, ba­şar­jaň tür­gen­le­ri saý­lap-seç­mek we ola­ryň sport bi­len mak­sat­la­ýyn meş­gul­lan­mak­la­ry­ny ga­zan­mak ýa­ry­şyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­ni düz­ýär.

Mil­li oýun­lar we sport

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow özü­niň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da: «Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da ösen sport ul­ga­my­na eýe bo­lan, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­la­ry üs­tün­lik­li ge­çir­mek­de baý tej­ri­be top­lan, hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­na iş­jeň gat­naş­ýan ýurt hök­mün­de ta­nal­ýar» di­ýip jaý­dar bel­le­ýär.

Berk be­den­li nesil ug­run­da

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň hi­li bar­ha kä­mil­leş­ýär. Biz ça­ga­la­ra di­ňe bi­lim ber­mek bi­len çäk­len­män, ola­ryň berk be­den­li, sag­dyn ösüp ke­ma­la gel­mek­le­ri üçin spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry­na hem hö­wes dö­red­ýä­ris. Mu­ňa mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­myz­da gu­ra­ýan dür­li sport ýa­ryş­la­ry­ny mysal edip al­sak bo­lar. Ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ry ça­ga­la­ryň öz wagt­la­ry­ny şat­lyk-şow­hun­ly, gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri­ne hem öz ýar­da­my­ny ber­ýär.

Tomusky olimpiýa oýunlary

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ga­zan­ma­gy­myz, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan, hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň tä­ze tap­gyr­lar­da ama­la aşyr­ýan me­de­ni, yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri mäh­ri­ban hal­ky­my­zy, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi ab­raý­ly iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň işi­ne, dün­ýä we se­bit möç­ber­le­rin­de gu­ral­ýan iri me­de­ni, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy we sport çä­re­le­ri­ne da­hyl­ly et­di. Şol be­lent da­hyl­ly­ly­gyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra sport çä­re­le­ri­ne, gat­naş­mak, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­lent bas­gan­çak­la­ra çy­kar­mak, sport ar­ka­ly dün­ýä halk­la­ry­nyň, döw­let­le­ri­niň ara­syn­da dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek ýa­ly asyl­ly baş­lan­gyç­lar bar.

Bok­suň ta­ry­hyn­dan

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryň sa­na­wyn­da spor­tuň boks gör­nü­şi hem bar. Dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de bu sport gör­nü­şi­niň us­sat­la­ry hem, jan­kö­ýer­le­ri hem örän kän­dir.

Parahat mekanyň ygtybarly penasy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Dün­ýä bel­li şa­hyr Gen­rih Geý­ne: «Me­niň bil­ýän ýe­ke­je gö­zel­li­gim — sag­lyk» diý­ýär. Ha­ky­kat­dan hem, ada­myň be­de­ni-de, ru­hy-da sag­dyn bo­lan­da onuň daş­ky gör­nü­şi hem, ýü­zi hem gö­zel bol­ýar. Çün­ki onuň sy­pa­ty be­den sag­dyn­ly­gy­ny, gö­zi bol­sa ru­hy sag­dyn­ly­gy­ny açyp gör­kez­ýär. Göz iç­ki dün­ýä­ňi, ýü­re­gi­ňi we pi­kir­le­ri­ňi gör­kez­ýän pen­ji­re­dir.

Çempion bolmagy arzuw edýän türgen

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Sport — peý­da­ly we gy­zyk­ly güý­men­je. Spor­tuň diýseň kän gör­nüş­le­ri bolup, ola­ryň her­si­niň öz aý­ra­tyn­ly­gy bar. Özüm stol ten­ni­si bo­ýun­ça tä­lim be­rem­soň, onuň ar­tyk­maç­lyk­la­ry ha­kyn­da do­wam­ly gür­rüň edip bi­le­rin. Em­ma me­niň esa­sy mak­sa­dym, ýa­şa­jyk tür­gen­le­riň ara­syn­da ta­pa­wut­lan­ýan­la­ry ha­kyn­da gür­rüň et­me­gi ma­kul bil­dim. Şeý­le tür­gen­le­riň bi­ri hem Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki 14-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy Mu­ham­met Hy­dy­row­dyr.

Çüw atym, «çybyk atym»

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­men og­lan­jyk­la­ry­nyň ça­ga­lyk döw­rün­de deň-duş­la­ry bi­len «çy­byk ata at­la­nyp», ça­py­şyp oý­na­ma­dy­gy az-az­dyr. Bu türk­me­niň kal­byn­da be­dew ata bo­lan mi­ze­mez söý­gi­niň, dal be­dew­li ger­çek, goç ýi­git bo­lup ýe­tiş­mek ha­kyn­da ar­zu­wyň eý­ýäm ça­ga­lyk­dan şi­ne­läp dö­re­ýän­di­gi­niň aý­dyň ýü­ze çyk­ma­sydyr. Türk­me­niň be­dew ata söý­gü­si mu­kad­des ene süý­di bi­len per­zen­de geç­ýär hem-de ebe­di do­wa­mat-do­wam bol­ýar. Hut şu se­bäp­li hem her bir türk­men og­lan­jy­gy özü­niň «çy­byk aty­na at­la­nyp», dost­la­ry bi­len ça­pyş­ýar — oý­na­ýar. Mu­nuň özi onuň gel­jek­de atar­man-ça­par­man goç ýi­git bo­lup ýe­tiş­me­gi­niň bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýär. 

Sag­lyk, saz we sport

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hä­zir­ki wagt­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de be­den­ter­bi­ýä we spor­ta uly üns be­ril­ýär. Şeý­le aja­ýyp dö­wür­de ýa­şa­ýan türk­men hal­ky is­len­dik pu­dak­da zäh­met çe­kip öz sö­ýen kä­ri­niň eýe­si bo­lup bil­ýär­ler. Äh­li pu­dak­lar­da ýe­til­ýän de­re­je­ler, be­lent sep­git­ler oňaý­ly ne­ti­jä­ni gör­kez­ýär. Üs­tün­lik sport bi­len saz sun­ga­ty bol­sa is­len­dik ýaş­da her bir yn­san üçin ze­rur, hat­da mö­hüm ge­rek­li bo­lan zat­lar hök­mün­de or­ta çyk­ýar. Çün­ki bu iki sun­gat bi­ri-bi­ri­niň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär.

Meý­le­tin­çi­ler — yg­ty­bar­ly ýar­dam­çy­lar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hal­ka­ra bäs­le­şik­le­rin­de, şeý­le-de döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da ynam­ly ýar­dam­çy­la­ryň — meý­le­tin­çi­le­riň uly äh­mi­ýe­ti bar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ryň, sport bäs­le­şik­le­ri­niň esa­sy ýar­dam­çy­sy — ze­hin­li, iş ba­şar­jaň, ök­de meý­le­tin­çi­ler ha­sap­la­nyl­ýar. Ýur­du­myz­da meý­le­tin­çi­le­riň kä­mil, di­le­war, öz işi­ne ök­de us­sat bol­ma­gy ug­run­da bir­nä­çe okuw sa­pak­la­ry, du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­ýär. Meý­le­tin­çi ady­na eýe bol­mak, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­re my­na­syp höt­de gel­mek, jem­gy­ýet­çi­lik yk­rar­na­ma­sy­ny ga­zan­mak her bir meý­le­tin­çi­niň bor­ju­dyr.

300 müň adam gatnaşar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda üstümizdäki ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna giňden taýýarlyk görülýär.

Erkin göreşiň döreýiş taryhyndan

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Jan­kö­ýer­le­riň ara­syn­da uly söý­gü­den peý­da­lan­ýan sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri hem er­kin gö­reş­dir.

Sagdyn durmuş ýörelgesi — ruhubelentligiň çeşmesi

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, adam­la­ryň dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi we go­wy dynç al­ma­gy üçin şert­le­ri dö­ret­mek hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan­da sag­lyk ul­ga­my­ny, şol san­da sa­gal­dyş-şy­pa­ha­na dynç alyş we sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da hem-de Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de aja­ýyp şy­pa­ha­na­lar, be­den­ter­bi­ýe we spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin ze­rur bo­lan en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap sport top­lum­la­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

He­re­ket­li we san­ly sport

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýet­gin­jek­le­riň sag­dyn bol­ma­gy, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin hem­me­ta­rap­la­ýyn müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­niň we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ta­gal­la­sy esa­syn­da, ekst­rims­port­la­ryň (X-Sports) köp gör­nüş­le­ri dö­re­di. Kuw­wat­ly en­jam­la­ryň kö­me­gi bi­len biz fi­zi­ki ba­şar­ny­gy­my­zy has-da ös­dü­rip bil­ýä­ris.

Geljegiň oýunlary

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Yn­san şu gü­ni bi­len ýa­şa­sa-da, geç­mi­şi ýat­la­man, gel­je­giň ga­my­ny iý­män bil­me­ýär. As­ly­ýe­tin­de, şu gü­nüň bag­ty­ýar pur­sat­la­ra bes­len­me­gi üçin geç­miş­dä­ki tej­ri­bä­niň peý­da­la­ny­lyp, mi­ras ga­lan mil­li gym­mat­lyk­la­ryň kä­mil­leş­di­ri­lip gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi ze­rur. Şon­da er­tir­ki gü­nü­mi­ziň eş­ret­li, gel­je­gi­mi­ziň nu­ra­na bol­jak­dy­gy düş­nük­li­dir.

Spor­tuň top­lum­la­ýyn gör­nü­şi

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ýur­du­myz­da ösen komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na ez­ber­lik bi­len erk ed­ýän ýaş ne­sil­le­riň ara­syn­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len bag­ly sport gör­nüş­le­ri uly meş­hur­lyk ga­zan­ýar. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň we mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «He­re­ket­li we san­ly sport — sport­da in­no­wa­si­ýa­lar» at­ly spor­tuň tä­ze fi­ji­tal gör­nü­şi bo­ýun­ça ýa­ryş ge­çi­ri­ler.

Awtosport barada

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hä­zir­ki wagt­da Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da türk­men aw­tospor­ty da­ba­ra­lan­ýar. Şeý­le-de bu spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe sport des­ga­la­ry gu­rul­ýar. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de aw­tospor­ty ös­dür­mek­dä­ki aja­ýyp iş­le­riň mi­we­si­dir.