Sport
Giň gerime eýe bolýan ýaryşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky görkezmelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşoguz şäheriniň orta mekdepleriniň 2008 — 2010-njy ýyllarda doglan okuwçy oglanlarynyň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» ady bilen sportuň erkin göreş görnüşi boýunça şäher birinjiligi geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölümi welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guradylar. Aýlaw esasynda geçirilen bu ýaryşda ýaşajyk türgenler 38,41,44,48,52,57,62,68,75 kilogram agram derejelerde bäsleşdiler. Şeýlelikde, 38 kg agram derejede Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdepden Sanjar Hamidow, 41 kg agram derejede 23-nji orta mekdepden Muhammet Saryýew hem-de 44 kg agram derejede Nadirbek Mamedow, 48 kg agram derejede 16-njy orta mekdepden Arslan Toýlyýew, 52 kg agram derejede 28-nji orta mekdepden Kemran Jumaniýazow, 57 kg agram derejede 16-njy orta mekdepden Ahmet Açilow, 68 kg agram derejede 30-njy orta mekdepden Behruz Atajanow, 75 kg agram derejede 28-nji orta mekdepden Ýerlan Aliýew dagy birinji orny eýeläp, ýeňiji boldular. Şeýlelikde, iň köp utuk toplap umumy toparlaýyn birinji orny Daşo