Sportuň dabaralanýan zamanasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni has-da giň gerimde jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Taryhy jähetden alanyňda, gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň çar ýanynda gurlup, ulanylmaga berlen sport desgalary bu günki gün bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň iň bir gelim-gidimli hem-de gyzykly we çekeleşikli ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerine öwrüldi. Şol kaşaň desgalaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýän döwrebap sport mekdepleri bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem terbiýeläp, olarda maksadaokgunlylygy, tutanýerliligi, özlerine hem-de üstünliklere bolan ynamy kemala getirmekde, ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Sport — parahatçylygyň ilçisi, dost-doganlygyň köprüsi. Iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine bütin dünýäniň ünsüniň gönügýändigini, ýaryşlaryň geçýän wagtynda şol ýurduň, şäheriň adynyň Ýer ýüzünde dilden-dile geçýändigini sport bilen gyzyklanýan her bir adam bilýändir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen badalga berlen hem-de durmuşa geçirilen, täze eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän beýik işleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň dünýädäki meşhurlygynyň bar