"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sport parahatçylygyň bähbidine

Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolup, sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanmakda görkezýän ýokary ussatlygy we başarjaňlygy hemmämize nusgalyk görelde bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagynyň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyna, ömür dowamlylygynyň artdyrylmagyna gönükdirilen tagallalarynyň durandygyna has aýdyň göz ýetirmek bolýar. 2021-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda milli Liderimiziň Karary bilen «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», şeýle hem ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Ýaşlar — geljegiň eýeleri

Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi bagtly geljegiň girewidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ylym-bilimiň, sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň sazlaşýan ýerinde ynsan özüni bagtyýar duýýar. Bularyň ählisi utgaşyp, adamy ösüşlere we belent sepgitlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna, bilim ulgamyny, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ýurdumyzda köpugurly düzüm döredildi. Munuň özi halkara ölçeglere kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda bilim ulgamynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, türgenleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirilýär, onuň düzümine ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Türkmen sportunyň şöhraty

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň we Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ata Watanymyzyň halkara derejesindäki sport abraýyndan nyşandyr. Munuň özi ýurdumyzda sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendiginden habar berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatyna ähli taraplaýyn taýýarlyk görülýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň güýzünde ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň çäginde bu abraýly ýaryşyň nyşanynyň, sport lybaslarydyr welosipediň bezeginiň taýýarlanylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Türgenleriň ruhy daýanjy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dürli ugurlardaky ösüşleri bilen dünýä meşhurdyr. Ýurdumyzda parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy barha giňeldilýär. Dostlugyň we ynanyşmagyň başlangyjy bolan sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýje öwrülip, bu babatda halkara we sebitara gatnaşyklar hem barha ösdürilýär. Ýanwar aýynyň 20-sine hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, şu ýylyň altyn güýzünde ýurdumyzda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşyň saýlama tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem halkara ýaryşlaryna taýýarlygyň barşynda terbiýeçilik işlerine aýratyn ähmiýet bermelidigine ünsi çekdi. Ýaşlara döwrebap terbiýe, bilim bermek üçin ilki bilen olaryň milli buýsanjyny, ata Watana bolan söýgüsini döretmelidigini Gahryman Arkadagymyz belledi. Çünki watançylyk terbiýesi mukaddes we jogapkärli iş. Şonuň üçin türkmen türgenlerimizde ilki bilen ata Watana söýgini, milli däp-dessurlarymyza hormat-sarpany we ýaşuly neslimize sylagly bolmagy terbiýelemeli.

Halkara ýaryşa taýýarlyk

Häzirki wagtda Türkmenistan öz sport abraýyny, bu babatda ýeten mümkinçiliklerini aýdyňlygy bilen görkezjek iri sport baýramyna — Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmäge taýýarlanýar. Biz ýakynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän iri göwrümli sport desgasynda — Tennis toplumynda bolup, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň hem-de milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, sport ussatlygyna dalaşgär Miraly Gasanow bilen söhbetdeş bolduk. Ol bize ýaryşa ýokary derejede taýýarlykly barmak babatda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. — Ilki bilen, şeýle iri derejeli halkara ýaryşyň tapgyrynyň ýurdumyzda geçirilmeginiň ählimiz üçin buýsançly waka boljakdygyny bellemek isleýärin. Biz şu günler toparymyz bilen Tennis toplumynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, güýçli depginde taýýarlyk işlerini alyp barýarys. Toparymyzyň düzüminde Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleri Atlymyrat Gurbanow, Ýuriý Rogusskiý, Hajymyrat Çaryýew, Gurbanberdi Gurbanberdiýew, Meýlis Orazmuhammedow, Gurbangeldi Sähedow ýaly ezber türgenler bar. Slowakiýada okaýan, milli ýygyndymyzyň agzasy bolan Isa Mämmetgulyýewiň hem şol ýerde halkara ýaryşa ýokary depginde taýýarlyk görýändigini bellemek gerek.

Sport parahatçylygy berkidiji güýçdür

Muny Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň golaýda tassyklanan nyşanynyň, sport lybaslarynyň we welosipediň bezeg işleriniň mysalynda aýdyň görmek bolýar Ynsanperwer gatnaşyklar bilen bir hatarda, sportuň halklary dostlaşdyryjy, ýakynlaşdyryjy güýji bar. Hut şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sport diplomatiýasynyň dünýäde wagyz edilmegine, giňden dabaralandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionaty munuň nobatdaky tassyknamasydyr.

Paýtagtymyz halkara ýaryşlaryň mekany

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine pugta eýermek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmagyň meýilnamasyny tassyklamak barada milli Liderimiziň golaýda gol çeken Kararynyň mähriban halkymyzyň sagdynlygynyň üpjün edilmegindäki ähmiýeti örän ýokarydyr. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmegiň baş maksady hem berk bedenli nesilleri ýetişdirmekden, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakdan, sagdynlygy giňden wagyz etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesillerimizde sporta bolan mizemez söýgini döretmekde ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde, köp ilatly obalarda sport mekdepleriniň gurulmagy biziň bu aýdýanlarymyzyň aýdyň güwäsidir. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze, döwrebap binasynyň ulanmaga berilmegi hem geljekde ýaş olimpiýaçylaryň täze nesliniň kemala getiriljekdiginden habar berýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň döwrebap hukuk ulgamy kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasynda döwletimiziň sporta berýän goldawy barada bellenilmek bilen, onda raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini ka

Millilik hem döwrebaplyk

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň nyşanynda hem lybaslarynda şöhlelenýär Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň güýzünde paýtagtymyzda Welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bu iri sport ýaryşyny ýokary derejede geçirmek üçin uly tagalla edilýär: milli ýygyndymyzyň türgenleri ussat tälimçi Nargeldi Igdirowyň tälim bermeginde her gün iki wagtyna, ýagny irden Köpetdagyň eteginde şosse boýunça 60 — 80 kilometrlik menzili geçip, öýlän bolsa Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek sport toplumynda türgenleşik işlerini alyp barýarlar.

Türgenler barha kämilleşýärler

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmek adamyň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagyna, ukyp-başarnygyny açyp görkezmegine ýardam edýär. Bu ugurda milli Liderimiz biziň ählimiz üçin görelde mekdebidir. Sport mekdebimizde hem ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, barha kämilleşmekleri üçin oňat şert-mümkinçilikler döredilendir. Olardan ýerlikli peýdalanylyp, geçen ýylyň dowamynda türgenlerimiz şäher, welaýat we ýurt boýunça geçirilen sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşdylar.

Uly ýeňişleriň başlangyjy

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýip nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu maksada ýetildi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen saglygy goraýyş we sport desgalaryny, olarda yzygiderli geçirilýän dürli ýaryşlary, jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynda medeni-sport çäreleriniň guralmagynyň asylly däbe öwrülmegini munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar. Sport bilen meşgullanmaklygy gündelik durmuş endiklerine öwren, sporty hemişelik hemra edinýän ýaşlaryň barha köpelmegi bolsa, her birimizi aýratyn guwandyrýan ýagdaýdyr. Ine, şu ýazgymyzda hem biz şolaryň biri dogrusynda söhbet etmekçi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherindäki 1-nji sport mekdebinde tälimçi Ramil Rejepowyň halypalyk edýän gurnagynda erkin göreş boýunça türgenleşýän Didar Annaýew sportuň bu görnüşi bilen entek orta mekdebiň işigindenem ätlemänkä — ýaňy bäş ýaşyndaka meşgullanyp ugraýar. Sporta bolan çagalyk höwesi hem söýgüsi günbe--günden güýjän ýaşajyk türgen tälimçisiniň her bir tabşyrygyny ýerine ýetirmäge yhlas bilen ýapyşýar. Sport mekdebinde geçirilýän türgenleşiklerde, ýaryşlarda tapawutlanmagy netijesinde ilki şäher, soňra welaýat, ýurt derejesindäki ýaryşlarda ukyp-başarnygyny görkezmäge hukuk gazanýar.

Ýokary netijä az galdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Italiýanyň «Ýuwentus» toparynyň hüjümçisi Kriştian Ronaldunyň taryhy rekordy täzeländigine biz, belki, şu ýylyň dowamynda şaýat bolup bileris. Elbetde, ol rekord ýyldyz futbolçynyň öz dogduk Diýarynyň ýygyndysyndaky netijeleri bilen bagly. Ronaldu häzire çenli milli ýygyndyda 102 gezek tapawutlanmagy başardy we Ýewropada öz ýurdunyň esasy toparynda 100 gol geçiren ilkinji futbolçy hökmünde sportuň bu görnüşiniň taryhyna adyny ymykly

Sambonyň taryhyndan

1921-nji ýylda öňden bar bolan emellerden düzülen göreşiň täze görnüşiniň binýady tutulyp, sambo göreşinde ulanylýan emelleriň ulgamy emele getirilýär. 1927-nji ýylda Wiktor Spiridonowyň sambonyň esasy ýörelgelerini beýan edýän kitaby neşir edilýär.

Haýsysynyň janköýeri köp?

Häzirki wagtda dünýäde sportuň meşhur görnüşleriniň haýsylardygyny, ýagny haýsy görnüşleriniň janköýerleriniň has köpdügini, umuman, çaklaýan bolsaňyz gerek. Geçirilen ýörite barlaglaryň netijesinde «www.worldatlas.сom» internet saýty tarapyndan taýýarlanan özboluşly sanawa ser salsaňyz, muňa has anyk göz ýetirip bilersiňiz. Şeýlelikde, Ýer ýüzünde janköýerleriniň sany boýunça öňdäki 10 sport görnüşi aşakdakylardan ybarat:

Iň gymmat tutluşyk

2015-nji ýylyň 3-nji maýynda amerikaly Floýd Meýwezer bilen Filippinler döwletinden Menni Pakýaonyň arasynda geçirilen tutluşyk boksuň taryhyndaky iň gymmat tutluşyk bolmagynda galýar. Şonda eminleriň biragyzdan gelen netijeleri boýunça Meýwezer ýeňiş gazandy hem-de 120 million dollar baýraga mynasyp boldy. Ýeňlendigine garamazdan, şol tutluşykdan soňra Pakýaonyň baýlygy hem 80 million dollar artdy.

Abraýly ýaryşda çykyş ederler

AFK-nyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň çempionlygyny hem-de Kubogyny eýelän Aşgabadyň «Altyn Asyry» «F» toparçada Täjigistanyň çempionatynda kümüş medaly gazanan «Hojand», Gyrgyz Respublikasynyň çempionatyny ikinji orny eýelemek bilen jemlän «Alaý», Özbegistanyň çempionatynda bürünç medalyň eýesi bolan AGMK ýa-da bu ýurduň wise-çempiony «Nasaf» toparlary bilen güýç synanyşar. Sebäbi AGMK Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşar hem-de yklymyň bu abraýly ýaryşynyň toparçasyna düşen ýagdaýynda onuň AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşikdäki ornuny «Nasaf» eýelär. Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynda ikinji orna eýe bolan Ahal welaýatynyň «Ahal» topary «E» toparçada Täjigistanyň Kubogynyň eýesi «Rawşan» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoý» toparlarynyň garşydaşy bolar.

Ýeňişli ýollara badalga

Şol gün etrapdaky Dostluk bagynyň meýdançasynyň daş-töweregi toý lybasyna beslenipdi. Güneşiň çogy, howanyň hoştaplygy bu ýere üýşen adamlaryň meňzine mähir, kalbyna şatlyk çaýýardy. Meýdançanyň bir ýerinde sungat ussatlarynyň aýdymdyr sazlarynyň owazy alyslara ýaň salsa, ýene bir ýerinde wäşileriň gülküli degişme sahnalary mähelläniň göwnüni göterýärdi. Doganlar Guwançdyr Batyr hem deň-duşlary bilen bilelikde bu ýere gelipdiler. Türkmen milli oýunlarynyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilip duran ýerindäki şowhunly sesler olaryň ünsüni özüne çekdi. Daş-töweregi dürli ýaşdaky adamlar bilen gurşalan meýdançanyň ortasynda pälwanlar öz aralarynda erjellik bilen güýç synanyşýardylar. Ýeňiş gazanan pälwanlar mynasyp baýraklar bilen sylaglanylýardy. Tälimçi şol wagt ýetginjeklerden göreşe höwes bildirýänleri bar bolsa, meýdança gelmegini teklip etdi. Guwanç deň-duşlarynyň arasynda güýjüni synap görmek üçin ilkinjileriň biri bolup meýdança çykypdy. Şol gün garşydaşyny ýeňmegi başaran ýaş ýigidi tomaşaçylaryň «Berekella, pälwan ýigit, berekella!» diýip, şowhun bilen garşylamagy diýseň ruhlandyrypdy. Guwanja bu ýeňşi üçin ýadygärlik sowgady hem gowşurylypdy. Şeýdibem ol sportuň bu görnüşine imrinip gidipdi. Ol Saýat etrabyndaky 1-nji sport mekdebine gatnap, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, türkmen milli göreşi boýunça sport ussady, mekdebiň halypa tälimçisi Narmämet Gur

Welosportçynyň sport iýmiti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda sport ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi sportuň dürli görnüşleriniň hem-de sagdyn-durmuş ýörelgesiniň ilatyň, ylaýta-da ýaş nesliň gündelik durmuşyna has içgin aralaşmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen welosiped sporty türkmenistanly sport söýüjileriň uly gyzyklanmasyna mynasyp boldy. Döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Üstümizdäki ýylda paýtagtymyzda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meýilleşdirilmegi welosport söýüjiler hem-de janköýerler üçin ajaýyp sowgat bolar. Sportuň welosiped sürmek görnüşi adamyň ýaşaýşynda saglygyny dikeltmekde, ömrüni uzaltmakda we dürli keselleriň öňüni almakda wajyp orny eýeleýär. Çünki welosport adamyň ukusyny kadalaşdyrýar, ýürek-damar, dem alyş ulgamynyň keselleriniň öňüni alýar, iýmit siňdiriş ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, myşsalaryň tonusyny we gözüň görüjiligini ýokarlandyrýar, adamyň hüşgärligini artdyrýar.

Aşgabat — halkara sport ýaryşlarynyň mekany

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Mähriban halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň öňe süren başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde dünýäde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.

Sport syýasatynyň gadamlary

Ruhubelentligiň çeşmesi Täze taryhy eýýamyň başyny başlamak bilen, Arkadag Prezidentimiz ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine gönükdirilen giň göwrümli işlere badalga berdi. Ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmekde wagyz-nesihat işleri giň gerime eýe boldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we dürli sport desgalary gurlup, ulanmaga berildi. Olar ýaşlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülip, bu günki günde türkmen türgenleri dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda şowly çykyş edýärler. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň sport abraýyny belende göterýärler. Bu aýdýanlarymyza 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaram, “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli hem doly şaýatlyk edýär.

Sport äleminiň Ýyldyzy

Dünýä derejesindäki at-abraýy ýyl-ýyldan belende galýan eziz Watanymyzda mähriban Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň şeýle atalyk aladalaryna jogap edip, halkara derejesinde geçirilýän dürli ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelemek arkaly öz sagbolsunlaryny ýetirýärler. Şeýle ýaşlaryň biri hem 1998-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda doglan Ýulduz Jumabaýewadyr. Ýulduz heniz kiçijik wagty özi bilen deň gyzjagazlardan güýçlüligi we çydamlylygy bilen tapawutlanyp, önüp-ösen ýerlerinde woleýbolçy gyzlaryň arasynda top oýnap, olardan hem çeýelik, çakganlyk babatynda güýçlüräk gelýän eken. On bir ýaşyna ýeten gyzjagyň sportda üstünlik gazanyp biljekdigine göz ýetiren ene-atasy Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi hem-de Ýulduzyň daýysy Zeripbaý Kerimbaýewe ýüz tutupdyrlar. Sporta nähili başlandygy barada gürrüň bermegini haýyş edenimizde Ýulduz çagalygyny ýatlap, şeýle jogap berdi: