Saglygyň sakasy — sport
Pederlerimiz: “Hereket — bu durmuş” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Ömrüňi uzaltmak üçin elmydama hereket etmeli, sport bilen yzygiderli meşgullanmaly. Sebäbi, işjeň hereketlilik adamyň bedenine, ruhuna oňaýly täsirini ýetirýär. Bedenterbiýe maşklary ýerine ýetirilende, adamyň gan aýlanyşygynyň kadalaşmagynyň netijesinde bedeniň kislorod we iýmit üpjünçiligi gowulanýar. Bu bolsa, ynsanyň özüni gowy duýmagyna, şähdiniň açyk bolmagyna getirýär. Sebäbi, sport ýaşaýşyň gözelligidir. Ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler giň gerimde alnyp barylýar. Halkyň saglygy hakynda alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzda: “Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär” diýlip kesgitlenilýär. Şu jähetden, Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi ilerledýän birnäçe kanunlar we maksatnamalar kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmegiň, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, olaryň guramaçylyk-hukuk kadalary soňky ýyllarda kabul edilen “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Professional sport hakynda”, “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda”, “Atçylyk we atly sport hakynda”, “Meýletinçilik hak