Talyp sportunyň baýramy
Sport bilen meşgullanmak ynsanyň diňe bir bedenini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň ruhuny hem belende göterýär, köpugurly kämilleşmegine ýardam berýär. Ýaryşlardyr bäsleşikler bolsa bedenterbiýä we sporta söýgini artdyrýar. Elbetde, ýokary derejedäki halkara ýaryşlarda gazanylýan sport üstünlikleriniň ähmiýeti örän uludyr. Emma bedenterbiýäniň we sportuň giň halk köpçüliginiň ömür hemrasyna öwrülmegini gazanmak arkaly jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmek has-da wajypdyr. Şunda talyplar sportuna aýratyn orun degişlidir. Çünki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, iň esasysy-da, geljekde dürli pudaklarda zähmet çekjek hünärmenleriň, täze nesilleri terbiýeläp ýetişdirjek ata-eneleriň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin döredilen şert-mümkinçilikler, ýola goýlan asylly başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da rowaçlandyrylýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde uzak ýyllaryň dowamynda sport, ylaýta-da, onuň toparlaýyn görnüşleri talyplaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitlenipdir. Ýokary okuw mekdeplerinde ösdürilýän sport köpçülikleýin häsiýete eýe bolup,