Sport dostluga tarap ýoldur
«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 Sport dostluga, saglyga, gözellige tarap ýoldur. Şu nukdaýnazardan, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek babatda yzygiderli aladalar edilýär. Şu günki gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we onuň garamagynda bolan edara-kärhanalaryň, okuw mekdepleriniň, şeýle-de olaryň usuly goldawlary bermekleri bilen, jemgyýetçilik guramalar, syýasy partiýalar tarapyndan edara-kärhanalarda işleýän zähmetkeş raýatlaryň arasynda guralýan köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri, ýaryşlar, bäsleşikler ýokary sportda ýurdumyzyň abraýyny belent basgançaklara çykarjak türgenleri ýüze çykarmakda hem ähmiýetlidir.