Bagtyň ýalkymy

28 Oktýabr 2022
949

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň milli hem-de taryhy köklerine, wajyp ähmiýetine bagyşlanyp ýazylan «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlyk diýmek asty-üsti hazyna bu toprakda abadan, parahat, gülläp ösýän durmuşymyzyň kemal tapmagydyr» diýip, jaýdar belläp geçýär. Hormatly Arkadagymyzyň pähimlerine pugta eýerýän ýaş nesillerimiz üçin Diýarymyzyň gözellikleri, owadan tebigatymyz, tebigy baýlyklarymyz, rowaç menzillerimiz Watany söýmegiň çuňňur beýanydyr.

Hakykatdan-da, Türkmenistan ýerasty we ýerüsti gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýedir. Ata Watanymyz himiýa senagatynyň mineral çig mallary boýunça dünýäde esasy orunlaryň birini eýelemek bilen, özboluşly tebigy serişdeleri doly möçberli we toplumlaýyn özleşdirmegi strategiki wezipeleriniň biri hasaplaýar.

Enejan KULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň 1-nji derejeli inženeri.
Beýleki habarlar