Dünýäniň öňdebaryjy «Pony.ai» awtonom tehnologiýa kompaniýasy Hytaýda sürüjisiz taksi ygtyýarnamasyny alan ilkinji we ýeke-täk kompaniýa boldy. 2022-nji ýylyň aprel aýynda kompaniýa «Robotaxi» hyzmaty üçin 700 müňden gowrak sargytlary ýerine ýetirdi. «Pony.ai» kompaniýasynyň bazar dolanyşygy ABŞ-nyň 8,5 milliard dollaryna barabar boldy. Kompaniýa 2023-nji ýylda Hytaýyň ýene-de iki uly şäherinde täjirçilik robot-taksi kärhanalaryny açmagy meýilleşdirýär. Hut şu maksat bilen, kompaniýa şol şäherlerde we Kaliforniýada öz-özüni dolandyrýan awtoulaglary synagdan geçirýär. Häzirki wagtda Hytaýda işe girizilen «Robotaxi»-leriň howpsuzlygy üçin adam sürüjileri bar.