Ýurdumyzyň ösüşinde ileri tutulýan ugurlar

24 Oktýabr 2021
996

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiziň mejlisi açyp, söz bermegi bilen, ilki Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri, soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdiler.

«Mugallymlar gazeti».