Hususylaşdyrmak — bazar gatnaşyklarynyň möhüm şerti

5 Fewral 2022
1146

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmekde döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak işine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan boýunça 2010-njy ýyldan 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli döwlet eýeçiligindäki hususylaşdyrylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 627 bolup, munuň 95-si 2021-nji ýyla degişlidir.

Aslynda, ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy ulgamy goldamak bazar gatnaşyklary ýörelgelerine geçmekde esasy şertleriň biridir. Türkmenistanda hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn we yzygiderli esasda ösdürilýär. Ýurdumyzda hereket edýän «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Kanunda, «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013 — 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararda, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak boýunça beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ozal dünýä tejribesinde ulanylan netijeli ýörelgeler giňden özleşdirildi. Şu ýerde orta we kiçi telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigi aýratyn bellärliklidir. Hususyýetçilere dürli maksatly desgalary gurmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara bazar giňişliginde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy döredilip, işewürlere öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasynda satmaga-da hukuk berildi. Bularyň ählisi senagatçylar we telekeçiler üçin giň mümkinçilikleri açdy. Telekeçilerimiziň önümleri diňe bir özümizde däl, dürli ýurtlaryň bazarlarynda-da «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen meşhurlyk gazanýar. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek, işewür hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak maksady bilen daşary ýurtlarda türkmen telekeçileriniň wekilhanalary, söwda, modalar we hyzmatdaşlyk öýleri açyldy.

Tirkeşmyrat KÜRRÄÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar