«Ahal» ýagyna isleg ýokary

12 Ýanwar 2022
854

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki «Ahal» ösümlik ýag kärhanasy geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemledi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda agzalan kärhananyň işçi-hünärmenleriniň agzybirlikli çeken zähmeti netijesinde, 71 million 400 müň manatlyga barabar önüm öndürildi. Munuň özi, ozalky ýyl bilen deňeşdirilende, 127,8 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Başgaça aýdylanda, şanly ýylda ekologik taýdan arassa ösümlik ýagynyň 10 müň 46 tonnadan gowragy öndürilip, ilata ýetirildi. Halkyň gündelik sarp edýän azyk önümine islegiň artmagy onuň hiliniň ýokarydygy bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, geçen döwürde bu ýerde gaýtadan işlenen pagta çigidinden sarunyň, harpygyň hem ençeme tonnasy alyndy. Kärhananyň işçi-hünärmenleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýyly hem ýokary görkezijilere beslemek hyjuwy bilen şu günler iş depginlerini has-da batlandyrýarlar.

(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar