Ösüşleriň belentliklerine tarap

30 Dekabr 2021
968

Durmuşyň ähli ugurlarynda uly özgerişleriň amala aşyrylmagy netijesinde, ösüşleriň belentliklerine ýetilýär. Ýurdumyzy gurşap alan tutumly işleriň milli kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylmagy öz guwandyryjy netijesini berýär. Kabul edilýän kanunlar, kanunçylyk namalaryna girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýar. Olaryň ählisi oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, demokratik esaslary berkitmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Maksatnamasy kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak Maksatnamanyň esasy wezipesi bolup durýar.

«Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň depginini üpjün etmäge gönükdirilendir. Býujetiň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, durmuş üpjünçiligi ulgamlaryna, jemagat hojalygyna gönükdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň baş maliýe resminamasynyň, asylly däbe görä, durmuş ulgamyna eýerýändiginiň we ilatyň ýokary abadançylyk derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 2022-nji ýylda Döwlet býujetiniň hasabyna durmuş ulgamyna bölünip berilýän serişdeleriň möçberi 70 göterimden gowrak bolar. Şunda ykdysadyýetiň durmuş ugurlylygyny saklamak ýörelgesi üpjün ediler. Geljek ýylda innowasiýalar esasynda önümçiligiň ýola goýulmagy, goşmaça bahanyň ýokary paýy bolan pudaklaryň ösdürilmegi üçin maýa goýumlary bölüp bermek hem göz öňünde tutulandyr. Düýpli maýa goýumlaryň belli bir möçberi ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygyna sarp ediler.

Aşyrdurdy ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar