Durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda

18 Dekabr 2021
925

3-nji dekabrda sanly ulgam arkaly şu ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnama» we bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi. Maksatnamanyň baş maksady eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň ykdysady işjeňliginiň durnukly ösüşini gazanmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmekden hem-de ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmakdan ybaratdyr. Dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, içerki mümkinçiliklerimizi durnukly ösüşiň çeşmesine öwürmäge ýardam berjek bu Maksatnamanyň ilatyň bagtyýar durmuşyny mundan beýläk-de üpjün etmekde uly orun eýelejekdigi gümansyzdyr.

Aslynda, ykdysadyýet köp şertleriň täsir etmegi netijesinde hemişe üýtgäp durýan ulgam bolup, birsydyrgyn ösüş oňa häsiýetli däldir. Bu kanunalaýyklyk dünýä ösüşiniň häzirki döwrüne hem mahsusdyr.

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar