Iri kärhanada işler ileri

3 Noýabr 2021
1013

Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda gurlan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egirme kärhanasy Lebap welaýatynda oba ýerinde işleýän ýeke-täk iri senagat kärhanasy bolup durýar. Ösüş basgançaklary bilen ýokary göterilýän kärhana, her ýyl bolşy ýaly, bu ýyly hem üstünlikli jemlemegi maksat edinýär. 10 aýlyk meýilnamada görkezilen 9 million 414 müň manatlyga derek 43 million 971 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Netijede, ýüplügiň 4350 tonnasy öndürilip, ösüş depgini 149.5, göterime barabar boldy.

Önümi öz wagtynda satmak hem her bir kärhana üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ýerde öndürilýän NM-34/1, NM-20/1, NM-17/1, NM-27/1 we NM-14/1 tipli ýüplükleriň ähli talaplara doly laýyk gelýändigi üçin mydama hyrydary ýetik. Türkiýe, Polşa, Eýran, Ermenistan, Russiýa ýaly döwletleriň bu döwürde satyn alan ýüplükleri 28 million 802 müň manatlyk boldy. Bu bolsa ähli öndürilen önümiň 60 göterimden gowragynyň daşary ýurtlara satylandygyny görkezýär. Elbetde, şeýle guwandyryjy netijeleri gazanmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Pagta süýümini kabul edip alan pursadyňdan başlap, tä ol ýokary hilli ýüplüge öwrülýänçä işleriň birnäçe tapgyry ýerine ýetirilýär. Biri-biri bilen berk baglanyşykly bolan şol işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edilýär. Inžener-tehnolog Ogulsapar Jumageldiýewa, ussalar Bahtiýar Mämmedow, Akmyrat Gurbanow dagy bu babatda öz işiniň ussatlary hasaplanýar. Şular ýaly tejribeli hünärmenleriň tagallalary bilen fabrigiň içindäki ähli sehlerde ýokardan üflemek we sormak arkaly howalandyrmak, çyglylandyrmak ulgamynyň ähli kanallarynyň durky täzelenip, olar täze enjamlar bilen çalşyryldy. Munuň özi sehlerde howanyň derejesiniň üýtgewsiz bolmagyny, çyglylygyň kada görä saklanmagyny üpjün edýär. Galyberse-de, bu ýerde «Rieter-20» kysymly egriji maşynlaryň täze we has kämilleşen «Rieter-60» kysymly maşynlar bilen çalşylyp başlanmagy öndürijiligiň has-da artmagyna kömek edýär. Bu egriji maşynlary işledýän tejribeli egrijiler Mahym Mämmedowa, Parahat Döwletowa, Şeker Jumaýewa dagy özleri barada edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýdýarlar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar